“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.Ru/ çatsöýerler üçin - biz bärde:)
Ýürekdeş sözler!
Diamante_08 : Hesabını veremeyeceğin işlere kalkışma! Öbür tarafta bulaşık yıkatmıyorlar.#Diamante

© 2026 Ýürekdeş.ru · Ähli hukuklar goralan.
🎂 Şugün doglanlar
🎉
Narpyz(119 ýaş) · Garakchy(21 ýaş) · Tarhan(24 ýaş)
📸 Soňky suratlar
suratsuratsuratsuratsuratsuratsurat
📋 Mowzuklar
✨ Täze⚡ Jedelli👁️ Okalan
Gadyr gijesi haçan?!+10
Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistanda 18-nji fewralda mübarek Remezan aýy başlandy. Kalplarymyza aram, saçaklarymyza bereket getirýän bu 11 aýyň soltanynyň iň garaşylýan pursady bolsa, hiç şüphesiz, Gadyr gijesidir. Dini çeşmelere we ýurdumyzyň 2026-njy ýyl üçin yglan edilen deslapky senenamasyna görä, Gadyr gijesi Remezan aýynyň 26-syndan 27-sine geçilýän gije hasaplanýar. Bu bolsa geljek ýyl 15-nji martdan 16-nj... dowamy →
👤 rexha📅 21.02.2026 / 05:57👁️ 97💬 2
Eýleme+4
Eÿleme. Ak unlary eläp dursun elegim, Arzuwlardan bolsun ganat-ÿelegim. Beÿik Tañrym senden köñül dilegim, Özüñden özgä hiç mätäç eÿleme. Gargyş edilmesin merdiñ ÿaşyna, Nadan haÿpy gelmez gözde ÿaşyña. Namart göz dikmesin iÿÿän aşyña, Garny dokuñ gözüni aç eÿleme. Ÿamanlyk ederler gòrip adamlar, Bile iÿip,içip,duzuñ dadanlar. Ÿagşylyk bilmezler asly nadanlar, Gadyrsyzy başyña tãç eÿleme.... dowamy →
👤 Aixcam_nx📅 20.02.2026 / 23:30👁️ 86💬 2
Ýa Remezan!+6
On bir aýyñ şasy bolup, Şeýtanlaryñ ýasy bolup, Möminiñ telwasy bolup, Uçup geldiñ, ýa Remezan! Ybadat sen Haka guldan, Zyýatsyñ 83 ýyldan. Barýanlary dogry ýoldan, Guçup geldiñ, ýa Remezan! Eçil Köwser sakasyny, Päkle kalbyñ hapasyny. Jennet Reýýan gapysyny, Açyp geldiñ, ýa Remezan! Alyp köñlüñ päk netini Ýeñlet ruhy mähnetini. Allañ Nury-Rehmetini, Saçyp geldiñ, ýa Remezan! Iýmäni tutdyk dam... dowamy →
👤 Minigim📅 20.02.2026 / 22:00👁️ 88💬 2
Remezan aýyňyz kabul bolsun+3
"Aylaryñ soltany" Mübärek Remezan ayy Köñül tagtlarymyzyñ taysyz Soltany Hz. Muhammed S.A.W. ymmatyna we Siziñ döwletli masgalanyza bereket, rysgal, agzybirlik getirsin! Remezan ayynda berjek agzacar sadakalaryñyz, okajak tarawa namazlaryñyz, tutjak orazalaryñyz Hakyñ dergähinde kabul bolsun!... dowamy →
👤 Aixcam_nx📅 20.02.2026 / 19:42👁️ 82💬 2
menin uçin gosgy ugradypdyrlar+4
Meniň Aýperim Üçin Gijeler asmana bakamda diňe, Seniň şöhleň görýän, söýgilim, ine. Gözleriň ýyldyzdyr, ýüzüň bolsa nury, Sen meniň kalbymyň iň gymmatly dury. Söýýän seni, Aýperim, janym-jananym, Seniň mähriň bilen urýar bu ýanym. Balam diýip guçsam seniň mähriňi, Unudaryn bu dünýäniň ähli gamy-zehrini. Ýürejigim, sen meniň iň uly bagtym, Seniň mähirli kalbyň — meniň iň uly tagtym. Çagam diýip gorary... dowamy →
👤 Prinsessa📅 20.02.2026 / 18:18👁️ 98💬 4
Windows operasion ulgamynyň taryhy+5
[i]Windows operasion ulgamy häzirki wagtda dünýäde iň giňden ulanylýan kompýuter ulgamlarynyň biridir. Onuň taryhy kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi bilen berk baglanyşykly bolup, millionlarça ulanyjynyň gündelik durmuşyna täsir eden uly tapgyrdyr. Windows ilkinji gezek 1985-nji ýylda Microsoft kompaniýasy tarapyndan döredildi we şondan bäri yzygiderli ösüş ýolundan geçdi. Ilkinji Windows wersiýalary grafiki interfeýs... dowamy →
👤 erkin1997📅 17.02.2026 / 20:32👁️ 99💬 2
Wakansiýa ýok ekeni+3
Iki dost bolan. Bu iki dost mal goýyn-geçi bakyp gününi görýän eken. Goýyn-geçiler ümsüm otlap ýören wagty bu ikisi gürrüňe gyzygyp gidýän eken. Olaryň esasy gürrüňi bolsa ýurdyň patyşasy bolmak arzuwy baradaky süýji hyýal etmeler bolan. Olar biri-birine: -Eger men patyşa bolsam seni ýanyma wezir edip alaryn. Onsoň ikimiz ýurdy adalatly dolandyrarys diýip wada hem berenler. Emma durmuşda garaşylmadyk wakalaryň hem b... dowamy →
👤 Mishel📅 17.02.2026 / 15:05👁️ 119💬 4
Когда в Лос-Анджелесе идет дождь film barada+5
[i]Когда в Лос-Анджелесе идет дождь (2025) — bu film diňe bir romantik ýa-da dramatik hekaýa däl, eýsem adam ruhunyň içindäki ýalňyzlygy, umytsyzlygy we täze umyt tapmak islegini çuňňur psihologik taýdan açyp görkezýän täsirli eser bolup durýar. Los-Anjeles ýaly hemişe günli, şowhunly şäherde ýagýan seýrek ýagyş filmiň simwoliki esasy özenine öwrülýär — bu ýagyş adamlaryň içki dünýäsindäki arassalanmagy, duýgularyň o... dowamy →
👤 erkin1997📅 16.02.2026 / 20:43👁️ 102💬 2
Äleme belgilidir+6
Dostlar-a, dostum meniň şirin jandan söýgülidir, Jan kibi pynhan jahanda äleme belgilidir. Baş bile barsam aňa, handan olursa güzeri, Tutsam ol ýerde watan, ol ýer ki anyň ýoludyr. Diýrdi ýar: Men aşygym öz elim le katl edem, Andan owwal gam meni paýmal edip almalydyr. Özge aşyklaryň olsa paýy bent zülp-taryna, Men garyby-bendäniň hem eli, hem aýagydyr. Gaýry le bezm eýleýip, eýlese hoş köňlüni ýar, Mejlis iç... dowamy →
👤 Prinsessa📅 16.02.2026 / 19:14👁️ 100💬 3
Remezan diýerler aýyň ýagşysyn!+15
Ýagşy dilegler üçin açylan mowzuk diýsegem boljak.. Magtymguly atamyzyň: "Ýigrimi dört sagat, on iki aýda, Remezan diýerler aýyň ýagşysyn." - diýişi ýaly, mübärek aýlaryň naýbaşysy bolan Remezan aýy hem saglyk bilen gelip ýetdi. Külli Musulmanlaryň, aýratynam Türkmen halkynyň şu aýda etjek iň kiçijik bir gowlygymyzy hem Allatagala Uhud dagy ýaly ulaldyp, amal depderimize ýazsyn!.. Remezanyňyz Kabul bo... dowamy →
👤 Basmacy📅 16.02.2026 / 09:47👁️ 114💬 8
Kompýuteriñ operasion ulgamlary barada+6
Operasion ulgam (Operating System – OS) kompýuteriň iň möhüm bölekleriniň biridir. Ol kompýuter enjamlary bilen ulanyjynyň arasynda arabaglanyşyk döredýän esasy programma üpjünçiligi bolup, ähli beýleki programmalaryň işlemegini üpjün edýär. Operasion ulgam prosessor, operatiw ýat (RAM), gaty disk, wideo karta, klawiatura, syçanjyk ýaly ähli enjam serişdelerini dolandyrýar we olaryň arasynda sazlaşykly iş prosesini ü... dowamy →
👤 erkin1997📅 16.02.2026 / 06:52👁️ 103💬 3
Buhgalter kim? Näçe aýlyk alýarlar? Iş kynmy?+8
Bilýän, siz durmuşda Buhgalter diýen kär barada 1 gezek bolsada eşiden bolmagyňyz ahmal. Buhgalter bolmak kynmy? Buhgalterler ortaça näçe aýlyk hak alýar? Mana indi bugün buhgalterleriň nähili jogapkärçilikleri barlgy barada we ýokarda gysga berilen soraglara iň ýönekeý we sada dilde size düşündirmäne çalyşaryn. Geliň ilki obadan başlalyň(özüm myžžyk obaly bolam soň, diňe obamdan tutdurup durn), mana meselem, Planyd... dowamy →
👤 hickim📅 16.02.2026 / 01:30👁️ 155💬 7
HDD gowymy ýada SSD??? HDD vs SSD+5
Kompýuter ýa-da noutbuk alanyňyzda SSD-limi ýa-da HDD-li? diýen ilkinji sorag ýüze çykmaly. Mana geliň bugün, bular näme we haýsysy gowylygyny, sada, ýönekeý dilde size düşündirmäne synanşaýyn. 1. HDD (Hard Disk Drive) – Gadymy ammar, arhiw HDD-ni bir uly bugdaý ammaryna meňzedip bileris. * Nähili işleýär: Içinde togalajyk, iňňe ýaly aýlanýan disk bar(tipa öň gören bolsaňyz DVD disk ýalyrak, emma ondan kiçijek). Ma... dowamy →
👤 hickim📅 16.02.2026 / 00:07👁️ 109💬 2
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar EZIZOW (1940 - 1975)+6
Gurbannazar Ezizow 1940-njy ýylyň 1-nji martynda Gökdepe etrabynyň Söwütli obasynda Azyz (Abdylazyz) Hümmedowyň maşgalasynda dünýä inýär. Ol 1964-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetini tamamlaýar. Soňra «Mydam taýýar» gazetiniň, «Pioner» žurnalynyň edebi işgäri, «Edebiýat we sungat» gazetiniň poeziýa bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň ýazyjylar birleşiginde ýaş şah... dowamy →
👤 rexha📅 15.02.2026 / 22:44👁️ 95💬 1
Kompýuteriñ materinka platasy barada+5
Materinka plata (ene plata) — kompýuteriň ähli esasy böleklerini birleşdirýän we olaryň arasynda maglumat alyş-çalşygyny üpjün edýän esasy plata bolup durýar. Hut şu plata arkaly prosesor, operatiw ýat (RAM), wideo karta, gaty disk (HDD/SSD), blok pitaniýa we beýleki gurluşlar biri-biri bilen sazlaşykly işleýär. Materinka plata kompýuteriň “nerw ulgamy” ýaly bolup, ähli komponentleriň dogry işlemegini dolandyrýar. Ma... dowamy →
👤 erkin1997📅 15.02.2026 / 22:33👁️ 94💬 1
Zeleliň ýarysy / Söýgi, okuw, jogapkärçilik barada hekaýa+4
…Sapak gyzgalaňly gidip durdy. Mugallym öz kärine aşyk hünärmenleriň ählisine mahsuslykda, öz gürrüň berýän wakalary ýüzlerçe ýyl mundan ozal bolup geçenem bolsa, özi şol hadysalary gözi bilen görmeg-ä beýle-de dursun, hatda, şol zatlaryň içinde bolup, dartgynly taryhy çaknyşmalaryň ählisini hut öz başyndan geçiren ýaly, joşup-joşup gepleýärdi. Bu bolsa onuň berýän dersini hasam gyzykly edýärdi. Emma, yzky orunlaryň... dowamy →
👤 rexha📅 15.02.2026 / 22:09👁️ 85💬 1
Sorag?.+3
Durmuşyňyz kino bolsa adyna nâme goýardyňyz? We nâme üçin nâme sebâpden goýýaňyz?... dowamy →
👤 Aixcam_nx📅 15.02.2026 / 21:52👁️ 107💬 3
Dostum!+4
Kyndyr müñden ýekä ýüregiñi bermek, Köp isläp, birinden galaýma dostum. Bilseñ, däldir söýgi wagt geçirmek, Utulyp söýgiden nalaýma dostum. Ýaşamak isleseñ,saýla baýyny. Dindarmyñ? Molladan algyn paýyyñy. Özüñden betinden saýlap taýyñy Puşman edip,toba geläýme dostum. Pitikläp al kiseleñde pul bolsa, Suwun ýetir ol solmajak gül bolsa. Söýgi bolmaz ýigit gyza gul bolsa, Birden heleý guly bolaýma dostum.... dowamy →
👤 rexha📅 15.02.2026 / 21:52👁️ 82💬 1
Kompýuteriñ RAM diski hem HD diski barada+3
Kompýuteriň operatiw ýady (RAM) we HD ýady (gaty disk) kompýuteriň tizligi we umumy öndürijiligi üçin iň möhüm bölekleriň biridir. Operatiw ýat (RAM) — häzirki wagtda işleýän programmalary, açyk faýllary we ulgam proseslerini wagtlaýyn saklaýan ýokary tizlikli ýatdyr, ýagny kompýuter näçe köp RAM-a eýe bolsa, şonça-da birnäçe programmany bir wagtda haýal bolman ulanyp bolýar. HD ýady bolsa (Hard Disk) — maglumatlaryň... dowamy →
👤 erkin1997📅 15.02.2026 / 13:26👁️ 94💬 1
Şahsy ideg näme?+3
Şahsy idegimiz jemgyýetdäki ornumyza, sosial gurşawymyz bilen gatnaşyklarymyza we saglygymyza ep-esli derejede täsir edýän hadysadyr. Käwagt, gündelik durmuşyň kynçylyklarynda, özümiz üçin wagt sarp edip bilmeýäris. Şeýle-de bolsa, käbir bahana bilen şahsy ideg uzak wagtlap kesilmeli däldir. Şeýlelik bilen, öz-özüne ideg etmek gaty möhüm bolsa, nädip dogry edýändigimize nädip ynanyp bileris? Ine, her kimiň özüne ideg... dowamy →
👤 Minigim📅 15.02.2026 / 11:48👁️ 95💬 1
<< 1 ... 13 14 15 16 17 ... 81 >>
Jemi: 1620 mowzuk
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->