Ýürekdeş
🔑 Gir ✨ Agza bol
📢 Reklama
🎂 Şugün doglanlar
📸 Soňky suratlar
photophotophotophotophotophotophoto
📋 Mowzuklar
✨ Täze⚡ Jedelli👁️ Okalan
Dostum!+4
avatar
Kyndyr müñden ýekä ýüregiñi bermek, Köp isläp, birinden galaýma dostum. Bilseñ, däldir söýgi wagt geçirmek, Utulyp söýgiden nalaýma dostum. Ýaşamak isleseñ,saýla baýyny. Dindarmyñ? Molladan algyn paýyyñy. Özüñden betinden saýlap taýyñy Puşman edip,toba geläýme dostum. Pitikläp al kiseleñde pul bolsa, Suwun ýetir ol solmajak gül bolsa. Söýgi bolmaz ýigit gyza gul bolsa, Birden heleý guly bolaýma dostum. Köp... dowamy →
👤 rexha📅 15.02.2026 / 21:52👁️ 82💬 1
Kompýuteriñ RAM diski hem HD diski barada+3
avatar
Kompýuteriň operatiw ýady (RAM) we HD ýady (gaty disk) kompýuteriň tizligi we umumy öndürijiligi üçin iň möhüm bölekleriň biridir. Operatiw ýat (RAM) — häzirki wagtda işleýän programmalary, açyk faýllary we ulgam proseslerini wagtlaýyn saklaýan ýokary tizlikli ýatdyr, ýagny kompýuter näçe köp RAM-a eýe bolsa, şonça-da birnäçe programmany bir wagtda haýal bolman ulanyp bolýar. HD ýady bolsa (Hard Disk) — maglumatlaryň hemi... dowamy →
👤 erkin1997📅 15.02.2026 / 13:26👁️ 94💬 1
Şahsy ideg näme?+3
avatar
Şahsy idegimiz jemgyýetdäki ornumyza, sosial gurşawymyz bilen gatnaşyklarymyza we saglygymyza ep-esli derejede täsir edýän hadysadyr. Käwagt, gündelik durmuşyň kynçylyklarynda, özümiz üçin wagt sarp edip bilmeýäris. Şeýle-de bolsa, käbir bahana bilen şahsy ideg uzak wagtlap kesilmeli däldir. Şeýlelik bilen, öz-özüne ideg etmek gaty möhüm bolsa, nädip dogry edýändigimize nädip ynanyp bileris? Ine, her kimiň özüne ideg etme... dowamy →
👤 Minigim📅 15.02.2026 / 11:48👁️ 95💬 1
Flutter näme?!+5
avatar
Flutter näme? Köpimiz bilmeýän bolmagymyz ahmal, emma men bugün size Flutteriň nämeligini maksimal derejede ýönekeý dilde düşündirmekçi (özüm obaly bolamsoň, obalylar hem düşüner derejede ýönekeý). Flutter – bu multiplatforma (köp enjamlar üçin) uýgunlaşdyrylan, özünüň komplýatory (çöwürijilik, geçirijilik) bilen tanalan iň meşhur frameworkdyr (has takyk aýdylanda SDK - programma üpjünçiligini işläp düzmekde guralla... dowamy →
👤 hickim📅 15.02.2026 / 10:31👁️ 97💬 3
Kompýuteriñ prosesory barada+4
avatar
Prosesor (CPU) – kompýuteriň iň esasy we iň möhüm bölekleriniň biridir, ol “kompýuteriň beýnisi” hökmünde kabul edilýär. Ähli hasaplamalar, buýruklaryň ýerine ýetirilmegi, programmalaryň işlemegi we ulgam boýunça maglumatlaryň dolandyrylmagy hut prosesoryň üsti bilen amala aşyrylýar. Ulanyjy tarapyndan berlen her bir buýruk – programma açmak, faýl göçürmek, internetde gezmek ýa-da oýun oýnamak ýaly ähli amallar ilki bilen... dowamy →
👤 erkin1997📅 15.02.2026 / 09:32👁️ 86💬 0
Bu-da bir zatlar öz-ä...+4
avatar

Gyzyl kürtäniň aşagyndaky howa kem-kemden kislorodyny ýitirip, ýerine parfýumeriýa we geçmişdäki mekdep ýyllarynyň heseriniň garyndysyna meňzeş bir zada öwrülipdi. Gelin aýnanyň öňünde oturyp, özüne däl-de, özüniň "gelinlik" diýen wagtlaýyn roluna seredýärdi. 30 minut galdy. Şol 30 minutdan soň dünýäniň fizika kanunlarynyň üýtgejekdigine ol... dowamy →
👤 Outlier📅 15.02.2026 / 05:44👁️ 116💬 2
14-nji fewralyň taryhy+5
avatar
Men söýgüliler gününiň taryhyny näme edeýin, maňa söýgülim bolsa bolýar diýýänleriňiz bar bolup biler, emma taryhyny öwrenmek isleýän adamlar hem bar. Bu baýramçylygyň başy Rim imperiýasyna çenli direýär. Biz söýgüliler güni diýip alan hem bolsak, aslynda ady “Mukaddes Walentina günidir”. Adyndan hem belli bolşy bu 14-nji fewraldaky diňe söýgüliler bilen baglanyşykly däl; eýsem dini wakalar bilen baglanyşyklydyr. Mukadd... dowamy →
👤 Minigim📅 14.02.2026 / 19:29👁️ 125💬 6
Kompýuteriñ wideo kartasy barada+5
avatar
Kompýuteriñ wideo kartasy (grafiki karta ýa-da GPU) — kompýuterde ähli görnüşli surat, wideo, animasiýa we grafiki maglumatlary ekrana çykarmaga jogap berýän esasy enjamlaryň biridir. Ol diňe bir oýunlar üçin däl, eýsem wideo montaž, dizayn, 3D modelleme, inženerçilik programmalary we emeli aň bilen bagly işler üçin hem örän möhüm rol oýnaýar. Wideo karta prosessor (GPU), wideo ýady (VRAM) we sowadyş ulgamyndan ybarat bol... dowamy →
👤 erkin1997📅 14.02.2026 / 16:39👁️ 113💬 3
Mеniň sadalygym şundan ybarat:+5
avatar
Hеr bir diýlеn zada ynanyp ýörün. Bir halalhon salanynda ymarat Özümiňki ýaly bеgеnip ýörün. Ýüzümе sylýaryn doganynda Aý, Uzyn dilimdе däl, kalbymda Hudaý. Büdrämdе golumdan tutsa bir gеdaý Monça bolup şoňa söýenip ýörün. Gaýtargy tamam ýok öwеnim üçin, Dеňdirin ýat üçin, doganym üçin. Bir bеndäň göwnünе dеgеnim üçin Sonra ýyllar boýy uýalyp ýörün. Baý däldigim üçin çеkеmok arman, Eý eziz Allajan, adyňa gurban! “Yenе!”,... dowamy →
👤 Prinsessa📅 14.02.2026 / 11:50👁️ 125💬 2
Bäbekli (hekaýa)+4
avatar
Dünýäniň gowgaly syrlarynyň darbazy deý garaňkynyň sapak ýaly işilen ýüreginden nämälimliklere sary ýol alan göç kowgynyň aňtawyndan sypmak üçin usurgan ruhuny süýräp barýardy. Ýollar uzyn, töwerek garaňky, geljek bolsa düýbi görünmeýän boşluga öwrülen umytsyzlykdy. Emma şonda-da umytsyzlykdan-da umyt agtaran göç ýoly külterläp barşyna sag-aman ertir atjak daňy diriligiň deminde garşylamagyň yhlasy bilen haýdaýardy. Kysm... dowamy →
👤 Prinsessa📅 14.02.2026 / 11:38👁️ 83💬 1
Algy Bergi - Şahsy hasapçyň+5
avatar
Salam dostlar! Ine size gündelik, ýada umumy hasap kesibiňizi offlaýn ýöretmek üçin Algy Bergi programmasy! Bu programma doly offlaýn ulanyp bilýäňiz! Isleseňiz birnäçe telefon arkaly hasabatlary görmek isleseňiz, premium funksiýany açyp hem ulanyp bilýäňiz. UI tarapdan üýtgeşmeler ýönekeýleşdirmek üçin hereket edilýär, ýükläp 5 ýyldyz goýup goldap bilersiňiz! Aşakda programma linkini paýlaşýan: PlayStore: https://pla... dowamy →
👤 hickim📅 14.02.2026 / 11:37👁️ 105💬 1
Bazarda+4
avatar
Oba ýerinden gül ýüzli, owadan gyz bazara gelipdir. Onuň saçlary agşam şapagy dek bolup, leblerinde daň şapagy ýylgyrýardy. Göze ýakymly nätanyş gyz derrew jahyl ýigitleriň gözüne ilipdir. Kimdir biri onuň bilen tans etmek isläpdir, beýleki biri bolsa, onuň hormatyna içlekli kesip, mürähet edipdir. Hemmeler oňa görünmek isläpdir, ýöne ýaşlaryň özüni alyp barşy gyza ýaraman, aljyrap ugrapdyr. Gyz olary ýazgaryp, bir-iki sa... dowamy →
👤 Prinsessa📅 14.02.2026 / 11:34👁️ 75💬 1
Jahankeşde+2
avatar
Men oňa ýoluň çatrygynda gabat geldim. Bu adamyň egninde ýapynjasy, elinde bolsa, hasasy bardy. Onuň köp horluk çekendigi ýüzünden bildirýärdi. Hoşamaý salamlaşanymyzdan soň, men oňa: – Öýe baraly, biziň myhmanymyz bol! – diýip, teklip etdim. Ol ylalaşdy. Aýalym we çagalarym bizi bosagada garşyladylar, ol mähirli ýylgyryp, öýdäkilere salam berdi, olar hem öýe myhman gelenine begendiler. Soňra biziň barymyz birlikde saça... dowamy →
👤 Prinsessa📅 14.02.2026 / 11:31👁️ 85💬 1
Hiç zat tötänlikden däl (Hekaýa)+2
avatar
Şol gün Nazar işine hemişekisinden gijräk galyp barýany üçin çalt ýöräp, duralga geleninde awtobus hem garaşdyrman geläýdi. Awtobus saklanandan Nazar howlugyp, dogrusyndaky öňki gapa tarap okdurylanynda ondan düşüp gelýän gyzyl paltoly gyz bilen çaknyşanyny duýman galdy. Gyz gaşlaryny çytyp: — Awtobusa yzky gapydan münülýändir-ä — diýip gatyrgananda: — Bagyşlaň, akylly gyz! — diýip, Nazar ötünç soran boldy. Gyz ýigidiň... dowamy →
👤 Prinsessa📅 14.02.2026 / 11:29👁️ 102💬 3
Galyň.+6
avatar
Maşynym bardy awalon. Satdyrdy gymmat galyñ. Hasap ýok näçe sowulan... Sowdyrdy gymmat galyñ. Sany ýokdyr algydaryñ. Berenok bergidarym.. Görme ýok señ didaryñ Ýetdirmez gymmat galyñ.. Kakam satdy daçany.. Ejem satdy keçäni.. Ýekeje öküzçäni .. Soýdurdy gymmat galyñ Ejesi diýdi bäş gyzyl.. Goýunlar ondan düzül.. Wah bergini kim üzer.. Ütdürdi gymmat galyņ.. Mebel bolsun Istikbal.. Ne düşek ne ýassyk bar. Gelseñ... dowamy →
👤 rexha📅 14.02.2026 / 10:45👁️ 86💬 2
Seni öýüme gelin ederin.(Durmuşda bolan waka)+4
avatar
Bir gyz bile oglan bir-birini çyn ýürekden söýýärdiler we tiz - tiz görüşerdiler. Günlerde bir gün oglan gyza diýýär: -Biz aýrylşmaly...! -Sebap näme...? Biz bir-birimizi söýýäsä.. -Çünki, men başgasyna öýlenýärin... Gyz ilki başda ynanmak islemedi, emma oglan ony Ynandyrmana çalyşýady; Eger bilseň, meniň ýakynlarym hiç wagt sen bile öýlenmäne rugsat bermezler. Gyz göz ýaşlaryny saklap bilmeýärdi we ol ýerden aglap uzakla... dowamy →
👤 rexha📅 14.02.2026 / 10:34👁️ 88💬 2
Ýadyňdamy gül ekipdik bileje?!+6
avatar
Ýadyňdamy gül ekipdik bileje?! Oturdyp, düýbüne suwam guýupdyk. Ýaşadykça söýgi, güllesin diýip, “Söýgümiziň şaýadyny” söýüpdik. Ýol ugrumda ýene-de şol seýilgäh, Gülleriň müň hili açylyp otyr. Seretsem söýgümiz nyşany munda, Sansyz ýatlamalar eçilip otyr. Bir bada, paşmadyk arzuwlar hakda, Men oňa aýtmaga edipdim meýil. Emma syrly umyt gaplady durkum, “Ýene sansyz bolar, söýgü-li seýil.” Ýadyňdamy gül ekipdik bileje?! Şo... dowamy →
👤 rexha📅 14.02.2026 / 10:15👁️ 85💬 3
Kompýuteriñ blok pitanýasy barada+7
avatar
Kompýuteriň blok pitaniýasy kompýuteriň iň möhüm bölekleriniň biridir, sebäbi ähli ulgamyň işlemegi hut şoňa baglydyr. Blok pitaniýanyň esasy wezipesi — rozetkadan gelýän ýokary naprýaženiýaly üýtgeýän tok (AC) toguny kompýuteriň içerki bölekleri üçin howpsuz bolan pes naprýaženiýaly hemişelik toka (DC) öwürmekdir. Ol anakarta (motherboard), prosessora (CPU), wideokarta (GPU), gaty diske (HDD/SSD), sowadyjylara (kuler) we... dowamy →
👤 erkin1997📅 14.02.2026 / 09:31👁️ 113💬 3
Ne goşgy, ne aýdym+8
avatar
Bir ýaş oglan, arzuwlary asmanda, Gije gündiz işleýärdi bu ýolda. Pul gazanyp abraý tapdy ahyry, Emma ýalňyz galdy, gijäň ýarynda. Daş töwrek ýalan doslar köpeldi, Gardaş diýip, eli gysýar her biri. Jübi doly, ýürek welin boşady, Kim hakyky, kim ýalançy bilmedi. Ejem diýdi, pul däl bagt oglum, Men diňlemedim, ýolumy dowam etdim. Indi bildim, millionlar bagt getirmez, Ýekeje jan, ýok ýanyňda seniň... Düşünjesi pes adaml... dowamy →
👤 hickim📅 14.02.2026 / 03:59👁️ 105💬 4
Söygüliler güni+5
avatar
14-nji fewral — söýginiň, mähiriň, we ýürekden ýürege geçýän iň arassa duýgularyň baýramy. Bu gün diňe bir söýýänleriň däl, eýsem adam ýüreginde mähir, hormat we ynsanperwerlik göterýän her bir adamyň günüdür. Söýgi — dünýäni gözelleşdirýän iň uly güýçdir, ol ynsany güýçlendirýär, ruhy taýdan baýlaşdyrýar we ýaşaýşa many berýär. Söýgi diňe sözlerde däl, eýsem gündelik durmuşda edilýän kiçijik ýagşylyklarda, sabyrlylykda,... dowamy →
👤 erkin1997📅 14.02.2026 / 00:29👁️ 125💬 3
<< 1 ... 14 15 16 17 18 ... 82 >>
Jemi: 1623 mowzuk
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->