Ýürekdeş
🔑 Gir ✨ Agza bol
📢 Reklama
🎂 Şugün doglanlar
birthday
Mekan02 (24)
📸 Soňky suratlar
photophotophotophotophotophotophoto
📋 Mowzuklar
"Tetris"-den rûstem gelen oglanjyk+5
avatar
Amerikaly 13 ýaşly bir oglanjyk dünýäde ilkinji gezek “Tetris” oýnunyň ahyryna çenli ýetmegiň hötdesinden geldi. Dekabr aýynyň ahyrynda Oklahoma ştatyndan bolan Willis Gibson “ýykylan gurluşyk bloklaryny hatara düzmegi” öz içine alýan tapmaçanyň 157-nji derejesine çykmagy başardy. Munuň üçin oňa 38 minut gerek boldy. Ondan soň ulgam doňup, ýalňyşlyk berdi. Şol pursatda oglanjygyň reaksiýasy wideo ýazgy edildi. Ozal beýle... dowamy →
👤 xuliganka📅 10.01.2024 / 05:07👁️ 202💬 1
Ozon gatlagy dikelýär+4
avatar
Ýeriň ozon gatlagy kem-kemden dikelýär diýip, Bütindünýä meteorologiýa guramasy habar berdi. Ozon gatlagy 1970-nji ýyllarda ýukalyp başlady we 15 ýyl geçensoň, onda uly deşik emele geldi. Çaklamalara görä, planetamyzyň uly böleginde ozon gatlagy ilkibaşky derejesine 2040-njy ýylda gaýdyp geler.... dowamy →
👤 xuliganka📅 10.01.2024 / 04:39👁️ 166💬 1
227 kilogramlyk balyk 800 müñ dollara satyldy+6
avatar
Ýaponiýada ilkinji hasyly alnan gawunyň, garpyzyň ýa-da haýsydyr bir miwäniň auksion arkaly satylmak däbi bar. Auksiona hödürlenen harydy köplenç restoranlar satyn alýar. Şeýlelikde, restoran diňe iýmit satyn alman, öz mahabatyny hem edýär. Şol sebäpli, näçä durýan hem bolsa, satylan harydy almagyň aladasyny edýär. Tokýonyň iň uly balyk bazarynda ýylyň ilkinji auksiony geçirildi. Dürli deňiz önümleriniň satylýan bazarynda... dowamy →
👤 xuliganka📅 10.01.2024 / 04:30👁️ 160💬 1
100 sagatlap surat çekdi+6
avatar
Ýaş suratkeş 100 sagatlyk surat bäsleşigini gurnap, 10 ýyl mundan öňki iň dowamly surat çekiş boýunça dünýä rekordy täzeledi. Nigeriýadan ABŞ-a okamaga gelen suratkeş Çensellor Ahagotu 2013-nji ýylda 60 sagatlap surat çeken Roland Palmaýerts tarapyndan goýlan öňki rekorddan üstün geldi.... dowamy →
👤 xuliganka📅 10.01.2024 / 04:26👁️ 178💬 2
Iň baý kompaniýalara kimler eýeçilik etýär?+5
avatar
Häzirki wagtda “Apple” amerikan kompaniýasy dünýäniň iň gymmat kompaniýasy hasaplanýar. “iPhone” smartfonlaryny öndürmegi bilen tanalýan tehnologiýa ägirdiniň birnäçe paýdary bar. Bu kompaniýa birnäçe fiziki şahs we şereket eýeçilik edýär. Kompaniýanyň 7,96 göterimlik bölegi “Vanguard Group Inc.” toparyna degişli. Bu paý 1,2 milliard dollardan gowrak möçbere gabat gelýär. “BlackRock Inc.” kompaniýasy “Apple”-iň paýnamalar... dowamy →
👤 xuliganka📅 10.01.2024 / 04:16👁️ 142💬 2
Ýylyň ilkinji sergisi başlayar+3
avatar
Elektron enjamlaryna bagyşlanan dünýäniň ilkinji sergisi 9-njy ýanwarda başlaýar. ABŞ-nyň Newada ştatyndaky Las-Wegas şäherinde geçiriljek «CES 2024» (Consumer Electronic Show) sergisi 12-nji ýanwara çenli dowam eder. Iri gözden geçirilişe dünýäniň 150-den gowrak ýurdundan 1200-den gowrak tehnologiýa kompaniýasynyň gatnaşjakdygy mälim edildi. Sergide diňe elektron enjamlar we programmalar däl, eýsem, «ýaşyl» önümçilige de... dowamy →
👤 xuliganka📅 10.01.2024 / 03:51👁️ 158💬 0
Ýewropanyñ iñ gowysy saýlandy+3
avatar
Hytaýyň BYD kompaniýasynyň dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän heçbek modeli “BYD Dolphin” ulagy Ýewropada satyn alnyp bilinjek iň gowy ulag saýlandy. “Autobest” guramasy “Best Buy Car of Europe 2024” baýragyna “BYD Dolphin” modelini mynasyp gördi. Ulagy Ýewropanyň 31 ýurduna wekilçilik edýän 31 sany žurnalistden emele gelen emin agzalary saýlady. Eminler “Dolphin”-iň güýjüne, hiline, rahatlygyna we tehnologiýasy... dowamy →
👤 xuliganka📅 10.01.2024 / 03:34👁️ 239💬 0
Täze "Apple Pencil'islendik zadyň reňkini göçürip alar+2
avatar
Her ýylda enjamlarynyň täzelenen görnüşini müşderilerine ýetirýän “Apple” kompaniýasy “Apple Pencil” galamyny gaýtadan çykarmagy meýilleşdirýär. Tehnologiýa ägirdi bu galam üçin täze patent aldy. Patente görä, “Apple Pencil” bir elementiň üstündäki dokumany we reňkini göçürip alyp biler. “Apple Pencil”, galamy ilkinji gezek ilkinji gezek 2015-nji ýylda “iPad Pro”-nyň ýany bilen hödürlenipdi. Bu enjama, esasan hem, dizaýne... dowamy →
👤 xuliganka📅 10.01.2024 / 03:29👁️ 201💬 1
Täzelik+2
avatar
“Apple” kompaniýasy garyşyk hyýaly hakykat äýnegi “Vision Pro”-nyň 2-nji fewralda satuwa çykaryljakdygyny mälim etdi. Harydy 19-njy ýanwardan başlap sargyt edip bolar. Tehnologiýa ägirdi geçen ýyl “WWDC 2023” sergisinde bu enjamy tanyşdyrypdy. Äýnek ilki ABŞ-daky “Apple Store”-larda we internet dükanlarynda satuwa çykarylar. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Tim Kuk “Vision Pro”-nyň adamlaryň işlemek, hyzmatdaşlyk etmek, habarlaşma... dowamy →
👤 xuliganka📅 10.01.2024 / 03:26👁️ 150💬 1
Google'iñ taryhy+3
avatar
Häzirki wagtda gözleg saýty diýlende ilki bilen «Google» ýadyňa düşýär. Şeýle-de bolsa, «Yandex», «Bing», «Info», «Alhea», «Goodsearch» ýaly 20-den gowrak gözleg saýty bar. «Google» ilki döredilen wagty bolsa, «Ask Jeeves», «AltaVista», «Yahoo Search» we «Archive» ýaly bäsdeşleri bar eken. «Google» kompaniýasy Stenford uniwersitetinde bilim alýan Lerri Peýj we Sergeý Brin tarapyndan doktorantura işi hökmünde taýýarlanan y... dowamy →
👤 xuliganka📅 10.01.2024 / 03:24👁️ 173💬 0
Öwünjeň däl men)+2
avatar
Munkyň çeken suratyndan elhenç men, Niliň joşan akymy deý bulanyk, Bir ýagşynyň dünýesinde ýigrenç men Ýigrenc gözler synlar meni guwanyp. Açyş men- ýigrimi ikinji asyrdan Pazyrygyň halysyndan köne men Gözlemeli bor- bäşinji pasyldan Ker eşider görünerin köre men Çaplini-de hereketsiz güldirip Wang:a palçy boljakdygyny aýdan-men "Öli" deňzi bir ýumrukda öldirip "Ortaýeriň" ortasyndan gaýdan men Syrlydyryn. (Piramidaň n... dowamy →
👤 yurekdes📅 10.01.2024 / 00:48👁️ 121💬 2
Azajyk psihologiýa+3
avatar
Ähli zatdan ýadadyñyz? Durmuşuñyzy üýtgetmek isleýärsiñizmi? Adam beýnisiniñ dünýä garaýyşa we pikirlenişe jogap berýän iki bölegi tapawutlandyrylýar. - Añ - Añ asty Añ- bu siziñ erkiñize bagly bolan hereketlere jogap berýär! Añ asty siziñ erkiñize bagly bolmazdan emma sizi goramak üçin niýetlenen hereketlere jogap berýär. Adam pikirlenýän wagty energiýa bölûnip çykýar. Energiýa- bu barlyk. Sizden bölünìp çykýan... dowamy →
👤 yurekdes📅 10.01.2024 / 00:16👁️ 145💬 2
Mañzyma batan pikirler...+1
avatar
A.Eýnşteýn Ç.Çapliniň bir filmini görenden soň: “Filmiňiz ula-kiçä düşnükli bolany üçin siz beýik adam” diýip,oňa hat ýazypdyr.Çaplin hem: “Siziň açan teoriýaňyz ula-da— kiçä-de asla düşnüksiz. Hut şol sebäbe görä-de,siz beýik adam” diýip jogap gaýtarypdyr. * Döwlet diýilýän zat ýurdy jennete öwürmek üçin däl-de,ýurtda dowzahyň döremegine ýolbermezlik üçin döredilýär. N. Berdýaýew. Öz duşmanyňy iýenine begenip,krokodil... dowamy →
👤 EjegyzS📅 10.01.2024 / 00:09👁️ 135💬 1
😥😥😥😥😥😥+2
avatar
Sen gitdiñ. Şo pursat boşady ruhum. Hemme zat manysyn ýitirdi birden. Şatlygym galmady, bagtym galmady, Şo pursat bar zady uçurdy serden. Daglarym peseldi baglarym bile, Şemalym sowulyp duşumdan ötdi. Boşap galdym misli gaşsyz diwala, Okan kitaplarmyñ manysy ýitdi. Hatda öz ruhuñam aldyñ-da gitdiñ; Gol, gaşyñ, egniñi gözden salamok, Ýöne olañ baryn öñki bolşy deý, Seniñ syratyñda jemläp bilemok. Çasly çeshmelerim akýar... dowamy →
👤 yurekdes📅 09.01.2024 / 23:48👁️ 126💬 3
Men kimdir birini unudan ýaly+2
avatar
Men kimdir birini unudan ýaly, Kimdir biri çykan ýaly ýadymdan... Ýüregim käteler tisginip gidýär, Nätanyşyň has nätanyş adyndan. Ýerden çykan ýaly bolup bir şemal, Birdenkä sypalap geçse başymy, Men oňa şol diýip, edýän-de güman, Synlamaga gorkýan degre-daşymy. Durmuş tapmaçamy, Gurluş tapmaça?! Soraglar ummany heläk etjekden. Adam öz-özüni gözläp tapmasa, Oňa kimdir birin sebäp etjekden. Her kim göräýmäge hoşgylaw ýa... dowamy →
👤 yurekdes📅 09.01.2024 / 23:37👁️ 129💬 3
GÖZÝAŞLARYM SÜMSÜLEDIR ÖMRÜŇE+1
avatar
Seniň sümsüläňe seredip siňe, Irkilen bagtymyz pikire batdy. ...Geýen zatlaň görkdi görküň üstüne, Ýaglyk daňyşyňam duran sungatdy. Keýik owlagy deý gyz gopuşyňdan Düldürän mejnundym, ýanýardym çeper. Syrly gülümsiräp, göz gypyşyňdan Dogumly aklyma ýetipdi zeper. Gyz başyňa ýaraşardy gök ýaglyk, Aýna bakyp düzedişiň eserdi. Toýlarda säw tapyp, gyzlardan galyp, Golaý gelip pyşyrdardyň heserli. "Saňa gerek dälmi ýaşajyk... dowamy →
👤 yurekdes📅 09.01.2024 / 23:33👁️ 124💬 1
Pursatlar duşumdan geçip gitdiler...+1
avatar
Pursatlar duşumdan geçip gitdiler, Baharyň ýagşy deý kalby öl ede. Içgysgynç ümsümlik gurşapdyr daşym, Ahmyrym ýok muňa dyrnak ýaly-da. Joşguny gaýdyşdy köňül deňzimiň, Söndi içimdäki “ot alan” wulkan. Ýyllar ýaşlygymy ýaşap gutardy, Bildim muny soňky menzilde durkam. Meger, şu bolmaly wysalyň solup, Ömür bilen ölmüň deňleşýän ýeri. Ne-hä şatlyk galdy, Ne-de gam galdy, Günler kalendar deý tüketdi meni. Içimdäki badyhow... dowamy →
👤 yurekdes📅 09.01.2024 / 23:31👁️ 123💬 2
Sensiz oňmaryn+2
avatar
Gyş geldi, Yşk diýen bir derde uçrap,. Badymyñ gowşanyn biläýen ýaly Uzak aýralygy depeläp, syçrap, Köne dostum gaýdyp geläýen ýaly. Hatalarmy ýuwmak üçin gar bilen, Öz öñümde aklamaga özümi. Döwüş gurap köräp duran nar bilen, Sowatmaga ýüregimiñ közüni. Aklyk bolup ýagyp dur ol alnyma, Täzeden direlip dörärim ýaly. Ýagyp dur ol, ak bolsun diýp ýoluma, Doñup dur seresap ýörärim ýaly! Ýüzümden däl, ýüzüme gar ýagyp dur... dowamy →
👤 yurekdes📅 09.01.2024 / 23:30👁️ 120💬 2
Gyzykly faktlar 2+4
avatar
Bäbeklerde 270-den gowrak süňk bar. Adam ulaldygyça, käbir süňkler birleşýär. Uly adamlaryň süňküniň sany 206-dyr. *** Wagtyndan öň dogulan çagalaryň 54 göterimi adatça, çepbekeý bolýar. *** Adamyň ömründe barmaklary takmynan 25 million gezek açylyp-ýumulýar. *** Ynsan bedeninde 5 sm uzynlykdaky çüý ýasamaga ýeterlik demir bar. *** Adamyň nerwleri muskullara garanyňda, 20 esse artyk ýük göterip bilýär. *** Ynsan... dowamy →
👤 ainurka_mmm📅 09.01.2024 / 20:34👁️ 170💬 2
Nomofobiýa näme?+5
avatar
Nomofobiýa – bu «no mobile phone phobia» (ykjam telefonyň ýoklugyndan gorkmak) sözlerinden emele gelen täze sözleriň biri bolup, ilkinji gezek 2008-nji ýylda ulanylyp başlanýar. Ol adamlaryň telefonyndan aýrylanda alada edip ugramagyny, täze hat ýa-da bildiriş barmyka diýip sxol telefonyny barlap durmagyny, telefonyny hemişe ýanynda götermäge çalyşmagyny aňladýar. Edil resmi ýagdaýda akyl taýdan näsaglyk hasaplanmasa-da,... dowamy →
👤 ainurka_mmm📅 09.01.2024 / 20:11👁️ 150💬 3
<< 1 ... 74 75 76 77 78 ... 82 >>
Jemi: 1633 mowzuk
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->