“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
👉 Tanyşlyk Chat (üstüne bas)👈
💥New chat..🗨 - üstünden basyp çata girip bilersiňiz:)
Söýgüli chat
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Her hakykat gozmizi acsada yuregmizin gormezligne getiryar..(KD)

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Hakyky soygi barada
 Gerekli
 Adminka [off]
 09.03.2024 / 11:25
 Жизнь шутит а мне не смешно

Günlerde bir gün danalaryň birinden «Söýgi diýlen zady, hakykatdanam, kalbynda duýup ýaşaýan adam bilen ony kiçi dilinden aňryk geçirip bilmeýäniň arasynda nähili tapawut bar?» diýip sorapdyrlar.

Dana: «Şony häzir size görkezeýin» diýipdir-de, söýgini kalbynda duýup bilmeýänleri nahara çagyrypdyr. Myhmanlar saçagyň başyna geçip oturanlaryndan soňra, nahar çekilipdir. Yzyndanam her kime bir gulaçdan uzyn bolmasa, kelte bolmadyk çemçe uzadylypdyr. Dana myhmanlara nahary diňe çemçäniň ujundan tutup iýmelidigini aýdypdyr.

Myhmanlar öňlerine goýlan nahary uzyn çemçeleriň ujyndan tutup iýmäge synanyşypdyrlar. Emma çemçe juda uzyn bolansoň, olar tabakdan alýan naharlaryny agyzlaryna ýetirip bilmän, dökän-saçan edipdirler. Şeýdibem, hemmesi aç turup gaýtmaly bolupdyrlar.

Onsoň, dana: «Indi bolsa, söýginiň nämedigine düşünýän adamlary çagyralyň» diýipdir. Şeýlelikde, ýüzleri nurana, gözleri mähirden bulduraýan birnäçe adam içerik giripdir. Olara-da edil ýaňkylara bolşy ýaly nahar çekilipdir, uzyn çemçeleriň ujundan tutup nahar iýmeklik buýrulypdyr. «Noş bolsun» diýlensoň, her kim çemçesi bilen nahary susup alypdyr-da, gabadyndaky oturana uzadypdyr. Olar şeýdip, biri-biriniň gabadynda oturana nahar iýdirip, garnyny doýrupdyrlar. Soňunda-da töwir galdyryp, saçakdan turupdyrlar.

Şonda dana ýanyndakylara şeýle diýipdir: «Ine, kimde-kim bu dünýäde özünden başga adam görmän, diňe özüni alada edip ýaşasa, ol hökman aç galar. Eger kimde-kim özgäniň garnyny doýurmalydygyny bilip ýaşasa, ony hem hökman biri gelip doýrar. Dünýä bazarynda elmydama alan däl-de, berýän utýandyr»


144

14

2

7

0

0

0
Teswirler:
 Täzeje
 Firuza [off]
 09.03.2024 / 23:30

+0

Dünýä bazarynda elmydama alan däl-de, berýän utýandyr» 
:kul2:

 Gytyndan
 rexha [off]
  Всё, что хочешь от жизни бери и беги
 10.03.2024 / 10:14

+1

Hakyky,öňem okapdym şuny

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Siz


psihbolnisa ýerleşdireýin...dowamy...
Erkin mowzuklar | Siz
Mugallyma (Düýn, 06:54)

Sessiz söýgi


Özüň düzdüňmi ýa bir ýerden aldyňmy?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sessiz söýgi
Minigim (20.05.2026 / 15:29)

Sessiz söýgi


manysyz zatlar ýazylan...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sessiz söýgi
masterdollar (20.05.2026 / 14:50)

JESET OGRUSY. 2-nji bölüm


Dowamynam gaýrat edeweri...dowamy...
Erkin mowzuklar | JESET OGRUSY. 2-nji bölüm
Orazjan (19.05.2026 / 08:27)

Ýadadym diýme..


Durmuşdan ýadadym diýýänem ýadaýan däldir, ýadanlar dälirär ýada öler...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýadadym diýme..
Orazjan (19.05.2026 / 07:46)

JESET OGRUSY. 2-nji bölüm


Okar ýaly däl....dowamy...
Erkin mowzuklar | JESET OGRUSY. 2-nji bölüm
masterdollar (19.05.2026 / 06:56)

Ýadadym diýme..


Yza galak...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýadadym diýme..
masterdollar (19.05.2026 / 06:54)

Gysgajyk gorkunç hekaýalar


Birden özüň ujas bolaýma...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gysgajyk gorkunç hekaýalar
masterdollar (18.05.2026 / 17:23)


Dowamynam goyay...dowamy...
Erkin mowzuklar |
афганка (17.05.2026 / 23:48)

Gyýanlydaky elektrik stansiýasynda ilkinji gezek gaz turbinaly desgalar işe girizildi


Gaz turbinaly desga dusnukli dilde aytsan name bole?...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->