Şygryýet
Ýolda+9
Barýan obamyzyň giň köçesinden,
Duşýar ýaşulular, ýaşy kiçiler.
Deň-duş oglanlarym — meniň dostlarym,
Olar üçin gujagym giň açylar.
Gün ýylgyryp bakýar meniň ýüzüme,
Menem şatlanýaryn ondan öwrenip.
Bar zat täsin bolup ilýär gözüme,
Gaýta-gaýta seredýärin, öwrülip.
Bu ýerler joşgunly göwnümi açýar,
Ýaşamak hezildir pespäl il bilen.
Biriniň derdini beýleki syzýar,
Ajap ahwal ýüregime bildirer.
Ynamly, hyruçly ýöräp barý...dowamy...

medet_mededi (14.07.2025 / 09:40) okaldy (99) teswirler (0)
Meniň öýüm Daşoguzda...+20
Meniň öýüm Daşoguzda ýerleşýär,
A sen ony uzak görme merkezden.
Öýüňdäkilerden sora:man entek,
Diýiberme: «Meni oba bermezler...».
Bilýän, saňa ýatdyr oba durmuşy,
Uýgunlaşyp gidersiň-le, kem-kemden.
Çörek ýapmaklygy, sygyr sagmagy,
Gülüm, gelseň öwrenersiň ejemden.
Irden jaň sagadyn ulanamzok biz,
Daň säherde oýaransoň horazlar.
Her kim öz işine bolýandyr gümra,
Süýtli çaýdan lezzet alyp bolansoň.
Meniň öýüm miras gal...dowamy...

medet_mededi (12.07.2025 / 23:49) okaldy (260) teswirler (3)
Rubagy+6
Kalbym, giň dünýäde darykma asla,
Derman täsir eder kem-kemden hassa.
Menzile ýetmäge alňasak bolma,
Pyşbaga şoň üçin ýöreýär assa.
Medet MEDEDOW...dowamy...

medet_mededi (08.07.2025 / 23:43) okaldy (149) teswirler (0)
Kakamyrat Rejepow+5
Şeýlemikä munda owaldan gurluş,
Keýigiň kölgesi ýaly-la durmuş.
«Ynha, tutdum» diýen şatlygyň, bagtyň
Häki bir gyryndy, ülşüdir wagtyň.
Begenersiň, okap dostuň hatlaryn,
Emma wagtlaýyn.
Ýar jemalyn görüp, gürsüldär gursak,
Bakydyr öýdersiň,
Pursatdyr, pursat.
Ýeňip bilseň dünýäň ýeke päsgelin,
Monça borsuň, emma bu-da az salym.
Saýalaýyn diýseň — Gün geler birden,
Güneşläýin diýseň — tüm geler birden.
Geler käbir p...dowamy...

Maleficent (08.07.2025 / 09:48) okaldy (156) teswirler (0)
Jogapsyz sowal...+13
«1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan atam Medet Weljan oglunyň ýagty ýadygärligine»
Tomus hakda az-kem oýlanjak bolsaň,
Göz öňüňe geler gyzgyn epgegi.
Uruş hakda çyndan sözlejek bolsaň,
Ilki ýatlamaly gerçek esgeri.
Ýaşlaryň ýaşlygyn aldy elinden,
Uruş ynsanlary ne hala salmyş?!
Ýar alyndy gyzdan, serwi gelinden,
Guran agaçlar deý gurady durmuş.
Dogany dogandan aýryp şol bada,
Urşuň zarbalary agyr...dowamy...

medet_mededi (07.07.2025 / 23:24) okaldy (129) teswirler (0)
Göwni tapjak bolalyň (goşgy)+6
Bu durmuş bir kölege- geçýär, gidýär,
Kä güldürýär, kä ýürekden sarsdyrýar,
Köp zatlara dymyp, sabyr tapaly,
Göwni ýykman,göwni tapjak bolalyň.
Sözüň güýji bar - ýa ýara, ýa melhem,
Düşünmek hökman däl,ýeter bir salam.
Kyn günde-de ýürek bilen bakaly,
Degmän-de däl, duýup ýaşajak bolalyň.
Günler geçýär - hiç biri gaýdyp gelmez,
Köp zat bar bu ömürde, ýürekden gitmez,
Bir gülümi, bir sözü üýtgedip biler,
Adamy adam etýän...dowamy...

Bravee (07.07.2025 / 21:44) okaldy (98) teswirler (0)
Öwüt...+11
Seret,
ýaprak saralsa-da,
Gör, keýpi kök asmanyň.
Özüň üçin örän uly,
Zyýany bardyr gussanyň.
Gurama,
solma hiç haçan.
Gaçarsyň ýaprak mysaly,
Her gün şol ýodadan geçen,
Basyp öter, duýmaz haly.
Şemal öwser ikiýandan,
Hersi öz ugruna çekjek.
Pikirlenip ýaňadandan,
Diňe bagta sary gitjek.
Hoşwagtlyk bir pursat däl,
Dowam edip gaýta-gaýta,
Şatlygyňy saklap pespäl,
Gitjek bolsa, yza gaýtar.
Galarsyň öz-özüň bolup,
Tüken...dowamy...

medet_mededi (06.07.2025 / 18:52) okaldy (117) teswirler (0)
"Yurekdesh.ru:kalplaryň köprüsü" (gosgy)+4
Yurekdesh.ru - ýürekleriň ýoly ,
Söz,saz,söýgü - bir-birine goly,
Dostluk başlaýar bu ýerde hemişe,
Kalbyňy aç, geliň Ýürekdeşlige!💌
Sözleriň arasynda ýürek gürleýär,
Dürli duygular kalby süýşürýär,
Bir "Salamdan" başlanýar ähli zat,
Ýürekdeşlik bu ýerde tapýar dost-tokat.
Belki, bir gün sen-de taparsyň ony,
Bir söhbet,bir aýdym - ýüregiň tonuny.
Yurekdesh.ru - diňe web sahypa däl,
Ol duýgy,ol bag, ol söýgü bilen doly...dowamy...

Bravee (05.07.2025 / 23:32) okaldy (121) teswirler (0)
Ajy ýylgyryş+16
On bir ýyl ozaldy.
Golumdan tutup,
Buýsanç bilen getiripdi mekdebe.
Alan bahalarmyň muzduny berip,
Gündeligme gol çekerdi hepdede.
Ýöne olam uzak wagta çekmedi...
(Nätjek, kanuny ol goja dünýäniň).
Meniň bar gaýgymy zym-zyýat etdi,
Birje ýylgyryşy mährem käbämiň.
Mekdebe gatnardym, geçýärdi günler,
Kalbym torba deýin çekýärdi derdi.
Kä deň-duş oglanlar dädesi hakda
Gürrüň etse, ýürek jigläp giderdi.
Onsoň olar duýdular...dowamy...

medet_mededi (04.07.2025 / 09:43) okaldy (161) teswirler (0)
Ynam bolsa+11
Kä suwdan çykaryp oda salýandyr,
Seriňde arzuwlar aşa kän bolsa.
Arzuwlary wysal edip bolýandyr,
Ýüregiňde ynam ýaşaýan bolsa.
Ynançly bendäni gorar Biribar,
Çünki onuň nur imany – dini bar.
Gury agaç pyntyk ýaryp şinelär,
Ýüregiňde ynam ýaşaýan bolsa.
Kynçylygy dişiň gysyp çekersiň,
Ýetilmejek menzillere ýetersiň,
Üstünligiň çür başyna çykarsyň,
Ýüregiňde ynam ýaşaýan bolsa.
Gülki – görübilmeýänden ar alyş,
On sany gu...dowamy...

medet_mededi (03.07.2025 / 02:35) okaldy (172) teswirler (1)
Eje (goşgy).+3
Ýyly mähriň Günüň çogly kuýaşy,
Men seniň nuruňdan güýç alýan, eje!
Gamly günüm ýürek urar bikarar,
Mährem ýüzüň görsem ynjalýan, eje!
Ýakyn bolsak ýa bolsagam alysda,
Mydam saňa söýgi-hormat bar, eje!
Beren terbiýäňe, beren edebňe,
Perzentleriň senden minnetdar, eje!
Her pursadym seniň bilen gözeldir,
Päklik jemlenipdir keşbiňde, eje!
Nirde bolup, näme hakda ýazsam-da,
Mydam waspyň bolar kesbimde, eje!
Ýerdäki perişdä...dowamy...

Bravee (02.07.2025 / 20:43) okaldy (118) teswirler (0)
Bolan waka+7
Bolan waka🙂
Oğlan bilen gyz söýşip ýörler,oğlan bir gün gyza diyya men gyz jigimi dyrmuşa cykarjak bolýas.Men bir sellem Jan edip bilmerin, gurleşip bilmeris Gayrat ed gaty görme diya.Yitya.Gyz garaşyar garaşyar bir gün Jan edenok iki gün Jan edenok hiç hili oglandan havar ýok.Onnoň gyza bir gün gül gelya ovadan buket gelya.Gülde şeyle sözler yazgyly:
"Gyz jigim durmuşa cykmandy özim oylendim bagyşla meni aldanym üçin b...dowamy...

Pandajyk (30.06.2025 / 15:25) okaldy (172) teswirler (4)
Kuryer gyz+4
Bu hekayany maňa dossum gürrüň berdi Uly uyasy Arina barada.Şol wagtlar Arina nahar eltiji bolup işleyadi ozi 19 yaşyndady okuva pul jemleyadi we şaherin gyrasynda bir otagda kreyine yaşayady. O yer arzan bolup, Emma howpsuz daldı.Kabir zatlar kopler ýaly onun hem başyndan gecyadi.Bir gün agşam ayratyn bir dymyşlyk bardy,sargyt diyen ýaly yokdy.Takmynan yary gije gen bir sargyt gelli,Bir sany pitsa adres şaheriň çetindaki...dowamy...

Pandajyk (27.06.2025 / 22:18) okaldy (118) teswirler (0)
Ejeme hayyş+5
Ejeme haÿyş
Sypala başymy,süpür ÿaşymy,
Haÿyş sebäbini sorama Eje.
Meni ähli güyjüñ bilen gujakla,
Meniñ bu bolşumy yatlama soñam.
Bir sözüñe payrap gider gözÿaşym,
Sojap-sojap demim yetmez demime.
Kösäp soñam çykyp gitmese janym,
Eziz enem,eliñ yetmez emime.
Ynan-da sözlermi gülkä sapanma,
Sen bilme,täleyi çöwre geyenmi.
Men neneñ aÿdaÿyn,nädip aÿdaÿyn,
Men ony mensizem bagtly görenmi.
Bilme sen,binesip elimden taÿyp...dowamy...

Pandajyk (25.06.2025 / 23:02) okaldy (110) teswirler (0)
Goşgular.+4
[color=#6a60ec]G. BAÝRON “ Ol günleri ýatdan çykaryp bilmen” Ol günleri ýatdan çykaryp bilmen, Tutuşlygna eýeläpdiň kalbymy. Aýralyk, dag-hijran uzakda bizden, Bitewidi ýüregmiziň ýangyny. Şelaýyn dost, sen öz yşkyňy maňa, bildiren şol bagtly günüňden başlap, Çeken jebri-jepam aýan däl saňa, Ýanyp ýaşadym men hem doňup,gagşap. Ýöne şeýle çuňňur ejir ýok indi, Öten söýgi hakda ýatlap ýörmeden, Ýala...dowamy...

Pearl (24.06.2025 / 06:13) okaldy (127) teswirler (3)
Gyzgynjak goşgudyr. Eliňiz ýansa menden däl)+9
SÖÝ MENI! "Söýüň meni, ýürek söýgi küýseýär..." G. Ezizow. Söý meni zer-ýüpek lybaslar geýen Öňli-soňly arzuwlaryň baryça! Daňdanlar ornuny Güneşe beren Asmandaky ýyldyzlaryň sanyça. Söý gahar bedewiň badyn tijeden Jygba-jygly gurýan jeňlerim bilen. Begendir säherler, ýarygijeler Garaşmankam geljek jaňlaryň bilen. Duýup kalbyň kämil eden zynatyn Çeksin dursun...dowamy...

Belki (23.06.2025 / 18:27) okaldy (143) teswirler (2)
Söýgi hakda soñky goşgy+2
Diýdiler: — Sen ýigit, elenip, nalap,
Urnup ýörsüň, söýgi sözüň gaýtalap.
Ol gopbam gyz söýýän diýip agzanok,
Haýran men, söýdüň şoň nämesin halap?!
Diýdi: — Söýýänligin agzamaýar, ýar,
Ony mähir, eda bilen duýdurýar.
Öz gymmatyn bilip, agras gözleýşi,
Aklym alýar, elendirýär, söýdürýär.
…Tebygy kanun bi, haýran galmaly,
Bilbil maýyl, gül hem kaýyl bolmaly.
Geldimyrat SEÝIDOW....dowamy...

Zohre (10.06.2025 / 11:54) okaldy (120) teswirler (0)
Käbäme+8
Mähribanym, maňa aýdýan sözleriň,
Hüwdüleriň deýin girýär gursaga.
Gözlerimi açyp ilki görenim,
Biz bile ýeteli her bir pursada.
Ak-garany saýgarmagy öwredip,
Goradyň dünýäniň erbetliginden.
Eliň aýasynda saklap balaňy,
Zähmetiň manysyn öwretdigiňdir.
Derdim saňa aýtsam,
jebrin paýlaşman,
Ählisini ýükleýärsiň üstüňe.
Ýüregiň arassa, päkdigi üçin,
Ýylgyraňda gyş günleri ýaz diňe.
Bu dünýäniň görki — mährem ejem jan,
Goş...dowamy...

medet_mededi (09.06.2025 / 01:46) okaldy (152) teswirler (3)
Gyzykly bäsleşik geçirdik.+7
Salam, gadyrdan ýürekdeşler! Düýn "Poeziýanyň aşyklary" imo grupbamyzda gyzykly bäsleşik gurnadyk. Bäsleşigiň şerti içinde "Gam-gussa orun ýok meniň dünýämde" setiri bolan goşgy ýazmakdy. Bäsleşige jemi 10 goşgy hödürlenildi. Gizlin ses berlişik esasynda ýeňijilerem saýlandy. Bu gün şol goşgulary siz bilen paýlaşasym geldi. Belki, sizem baha bermek islärsiňiz...
1-nji goşgy:
"Polýanna hanym" (76 bal)
Gam-gussa orun ýok...dowamy...

Belki (25.05.2025 / 15:48) okaldy (121) teswirler (0)
Yşk sungaty+4
YŞK SUNGATY Utan! Uýal! Ýazyklysyň göwnüm, sen! Elmydama bat berilmez galama. Heýem, "Şygyr ýazdym" diýip, boljakmy?! Şygyrdan has jadylaýjy nazara. Müň setiri gaýra duruzjak keşbe Şygyr sowgat edip bolmaz hiç mahal. Heýkel gur şanyna Ýunan taňry deý Bina galdyr mysalynda Täçmahal. Şol mynasyp eger jadyly sungat Irde-giçde bagyş etseň birine, Hytaý diwaryny gaýra duruzsyn, Rakyp bolsun Eýfel ataň diňi...dowamy...

Belki (19.05.2025 / 21:05) okaldy (87) teswirler (0)
Jemi: 281
Soňky teswirler
Dynç güni / hekaýa
Onsonam, oyun icinin syr-supurini kim edyaka? Poluny kim yuwyaka? Apisgelerini kim yuwup beryaka? Oy goslarynyn, ownuk -usaklarynyn tozanyny kim...dowamy...
Dynç güni / hekaýa
Dync guni ir turulyandygy ylmy hakykat yone 😁 Yone wagt altyda hunurdap turyandyryn welin su gun turan wagtyma seredin....dowamy...
Dynç güni / hekaýa
Üç sagat äri güýmäp bilýän bolsa menä berekella diýjek!!! Gowy ýazlypdyr. Enelermiziň jany sag bolsun. Şu ýerde bir degişme ýadyma düşdi: Äri a...dowamy...
Hormatly ulanyjylar !
Beyleki programmalaram islanok dasary yurda biderek yuk edip alyp gaydayman hijisam islanok ekeni turkmen saytlarynyn biram dine sul isleyar bire...dowamy...
Hormatly ulanyjylar !
Maskuwada men sumat dine su sayt isleyar dasary yurtda name ucinkanay millet bilyan bamay...dowamy...
Hormatly ulanyjylar !
Hakerler bilen oyun etman hakerlik ansat islay gotun basarsa bolmasa olam yok...dowamy...
Ertir.comdan arhiw mowzuk. Gyzykly söýgi sözleri.




