Ýürekdeş sözler!
SeVgiLiM : Men hiç wagt ýalňyz galmadym,biz diňe bäş kişidik, men we dört diwar#Sewgilim
Şygyryýet dünýäsi
"OL MENI ÝÜREKDEN SÖÝÝÄRDI" DIÝGIN+5
Gynanma, aglama gözleriň ýaşlap, Maňa bir zat bolsa, ertir ýa birgün. Ýatlagyn gowlukda, gürrüň ber hemmä "Ol meni ýürekden söýýärdi" diýgin. Ýumulsa gözlerim, jan tenden çyksa, Unut meni, bolup galaýyn düýnüň. Käwagt ýadyňa düşen mahalym, Içiňden "Ol meni söýýärdi" diýgin. Ünssizligiň bilen boldum keselli, Bu maňa diýdigiň "Indi sen ölgün". Sagat dörtde saňa ýazýanym ýatlap, Käte "Nüçin beýle söýýärdi?" di...
dowamy...Sohbet_Dowletow (11.12.2024 / 23:13) okaldy (184) teswirler (2)
Utanç+3
Halal gazanç edýän bolsaň gardaşym,
Aýby ýokdur, utanmagyn kesbiňden.
Utansyn, maşgala haram gazanjy
Iýdirýänler, gowy adam keşbinde.
Söhbet Döwletow....
dowamy...Sohbet_Dowletow (11.12.2024 / 23:12) okaldy (110) teswirler (1)
Surat+4
SURAT
Sowulypdyr gyzgyn başyň dumany,
Bolan-geçen açyk-aýdyň bolupdyr.
...Adam ýüzi ýaly,gam çeken ýaly,
Albomyň mahmaly biraz solupdyr.
Ýene-de duşuşyk,sessiz duşuşyk,
Aşak bakyp otur stol çyrasy.
Ýüzümi ýagtyldyp bilmeýär yşyk,
Hem gozgaýar ýüregimiň ýarasy.
Bu zatlar nireden düşdi ýadyňa,
Ýa bilmen baryny öňden duýupsyň.
Özgelere gülüp duran,şadyýan,
Maňa gamgyn suratyňy goýupsyň.
Mämmetnazar BABANAZAROW...
dowamy...yurekdes (11.12.2024 / 21:33) okaldy (109) teswirler (3)
Gözelligiñ gözleginde (kitap)+1
SÖZBAŞY.
Gör nähili gowy kalba sygmadyk
duýgularmy seniñ bilen paýlaşýan.
Salam hormatly okyjym ! Eger siz täsirli goşgy setirlerden täsirlenip, şirin şygyrlardan ruhy lezzet alyp, jaýdar jümlelerden gana-gana ganatlanmak isleýän bolsañyz ,onda "Gözelligiñ gözelligine" atly poeziýa dünýäsine hoş geldiñiz ! Bu ýerde siz Gerçeknazar Amannazarowyñ döredijilik dünýäsine syýahat edersiñiz. Ilki bilen özüm bilen tanyşdyrsam ,...
dowamy...Gerceknazar (11.12.2024 / 17:39) okaldy (150) teswirler (3)
MYRAT BILEN GÜLÄLEK+8
Ýoluň öwrüminde dur äpet gaýa,
Göýä dünýämize bergili ýalak.
Iri harplar bilen ýylçyr göwsüne
Ýazylypdyr “Myrat bilen Gülälek”.
Adatdaky ýaly gündi ol günem,
Dünýe parahatdy, durudy asman.
Göýä gözellige gark bolan ýaly,
Durdy bu gaýada iki ýaş juwan.
Ah, olaň arzuwy niçiksi giňdi...
Ýigit başarmandy pikirin jemläp.
Diňe şeý diýipdi gysgajyk sözde,
Gyzyň ýogyn saçlaryny gysymlap:
— Sen meňki bolarsyň...
Toýumyz bolar,...
dowamy...Baron (11.12.2024 / 09:29) okaldy (155) teswirler (1)
Alsana gyz trupkañy+3
Jogap beräy dymmasana. Alsana gyz trupkañy. Cykmadyk janym alsana. Alsana gyz trupkañy. Ya menden gatygördüñmi Ya bashga birin söydüñmi Ya telefonyñ köydümi Alsana gyz trupkañy Gecen agsham düyshe girdiñ Jañ etdim jogap bermediñ Salam diymä yer goymadyñ Alsana gyz trupkañy Köcäñizden gecip baryan Nätanysha salam beryän A sen bolsa yüzüñ sowyañ Alsana gyz trupkañy Maña yene bakmadyñ sen Ya dash...
dowamy...BAYOGUL (08.12.2024 / 12:34) okaldy (113) teswirler (4)
Gel ikimiz orta bir şert goýaly+4
Gel ikimiz orta bir şert goýaly,
Öz agzyňa bir ýum, menkäde bakma.
Menä diýjegmi diýip içim sowatjak,
Senem gaýrat etde arkama kakma
*****
Her kim öz ykbalynyň režsýory,
Ýürekden oýnaýar kelle göçensoň.
Týatyr ýalydyr durmuş diýilýäni,
Oýyn başlanýandyr “çyra öçensoň”
*****
Gorkaga ýata suw akandan güýçli,
Enäniň haýyşdy hökümden güýçli.
Bolsada wagtynda akyl ýetirdim,
Bu dünýäde borjym hakymdan güýçli.
*****
Mähellä...
dowamy...Hyyalbent (08.12.2024 / 12:32) okaldy (105) teswirler (1)
Ýazgyt ýüki+3
Barlygyñ içinde ýok saýdylarmy?!
Ýa-da özüñ ýok saýdyñmy barlykdan.
Duýgulañ zibile okladylarmy?!
Ýagşy ýazgyt çykmanda dört barmakdan.
Mum kibi yşygyñ yzyndan kowup,
Tümlükde gezmäge endik etdiñmi?!
Müñ ýola umydyñ ganatyn döwüp,
Soraglaryñ arasynda ýitdiñmi?!
Ýere agram salýanyñdan utanyp,
Ajalyñdan owal ýere girdiñmi?!
Durmuş erteki däl bizem şazada,
Düşündiñmi dünýäñ niçk ýerdigne?!
Hany, şowly günler bagta ýetirýä...
dowamy...Hyyalbent (08.12.2024 / 11:58) okaldy (79) teswirler (0)
"BAGT name?"+3
"BAGT name?"-diyip soradym PULDAN,
PUL: "baylyk"-diyip, altynlary gorkezdi.
PULA tarap gadam basjakdym welin,
Baylykdan son "MESLIK" meni urkuzdi.
Sonra bardym "UZAK OMRUN" yanyna,
"BAGT senmi?"-diyip, soradym ondan.
Diydi:"Jigim, el-ayagyn ysmaz bor,
Son ucin cyn bagty gozleme menden."
Gaytdym jogap tapman "UZAK OMURDEN",
Sonra yolda gabat geldim "ABRAYA".
Diydim:"ABRAY aga, sendemi BAGT?"
Gorsem, "ABRAY", zaryn-zaryn...
dowamy...BAYOGUL (08.12.2024 / 11:32) okaldy (95) teswirler (0)
Berkarar döwlete Täze Ýyl Geldi.+1
Ülkämi şatlyga-şowhuna besläp.
Kalplary arzuwlaň gowusyna besläp.
Garaşylan baýram ýyl boýy höwesläp.
Berkarar döwlete täze ýyl geldi.
Arçanyň daşynda çagalaň bary.
Asmanam eçilýär bu gün ak gary.
Diýaryma çaýyp
ajaýyp nury.
Berkarar döwlete täze ýyl geldi.
Unudyldy ähli gussalar-gamlar.
Desterhanda näz-nygmatlar, tagamlar.
Begeniň, şatlanyň eziz adamlar.
Berkarar döwlete täze ýyl geldi.
Toý lybasa besläp şäher, obany....
dowamy...BAYOGUL (08.12.2024 / 11:23) okaldy (84) teswirler (0)
Yigitlen sonuna galaymañ gyzlar !+2
Birine ak diýip birine gara,
Oglanlaň soňuna galaýmaň gyzlar.
Garada-agada tapylar çäre,
Ýigitleň soňuna galaýmaňgyzlar.
Birine uzyn diýyp birine kelte,
Öwünjeň diýip siz hem diýip ýalta.
Gözläp-gözläp birden ýetende46-a,
Ýigitleň soňuna galaýmaňgyzlar.
Gaharjaňam bardyr, utanjaňam bar,
Ýalançysam bardyr, ynanjaňam bar.
Ýigitler içinde has alçagam bar,
Saýlap bilmän soňa galaýmaň gyzlar.
Egerde bir oglan görmekçi bolsa...
dowamy...BAYOGUL (08.12.2024 / 11:19) okaldy (84) teswirler (0)
Elegiýa+4
Ýagşysy, ýamany ýetik bu dünýäň,
Bu gün toý, erte ýas, birgün toý munda.
Kyrk ýaşda ýetilen bäbek deý söýgim
Doga bolup hallan atdy boýnumda.
Begenji, gynanjy ýetik bu dünýäň,
Gassaba ýag gaýgy, jan gaýgy geçä.
Han gyzyn aparan bir ýetim deýin.
Ne donuma sygdym, ne sygdym keçä.
Agysy, gülküsi ýetik bu dünýäň,
Deň paýlaýa şatlyk bilen gaýgyny.,,
Dostum alyp barýan gonamçylyga
Hemem göbek deýin elhenç söýgimi.
Gopgun...
dowamy...Hyyalbent (06.12.2024 / 16:53) okaldy (112) teswirler (1)
Garynjalaram ajygypdyr...+6Bu dünýe -
kindiwan.
Salladym merdiwan -
bulutdan.
Bulut men.
Unutsam.
Damjamy içime ýuwutsam.
Aýdyň haýsy gurjaklaň,
Içinde merdi bar?
Ýüzünde jak-jaklaň
Içinde derdi bar
Şerti bar
hemmezadyň.
Gürleseňiz hemme adam.
Ýadaýaňyz gurluşdan.
Nalaýaňyz durmuşdan.
Ýapyşaňzok kanagatdan.
Kalba iman daragtdan -
ekeňizok
Çekeňizok sogap ýükün.
Ondan, gowsy owarram boluň!
Gidiňde künji ekiň!
Ýok wagty dilegňiz,
Şumudy bar bilenňiz:...
dowamy...Agzamen (06.12.2024 / 06:30) okaldy (99) teswirler (1)
Gutardy bary...+7Kastyňda däl,
Kastymda sen
Aslynda
Waspyňda
Gijede
Güýjedip
Duýgulary
Duý şulary
Diýip ýazdym
Diýip pozdum
Ençe sany
Mençe barmy
Söýen seni
Köýen teni
Bejerjek sen
Getirjek sen
Arzuwlary
Al suwlary
Didelemden
Dideleň seň
Ummandan çuň
Sözlerim gum
Gözlerňi ýum
Bumm.
Aýylganç seda.
Ählisi pida.
Gözýaşsyz agy.
Gutardy bary...
Ylham GURBANALYÝEW
...
dowamy...Agzamen (06.12.2024 / 06:26) okaldy (102) teswirler (1)
Goşgydeýt+4[i]Bu dünýäde aýdylmadyk sözem ýok, Men saňa ýekeje söz diýjek, gülüm. Täleýimiň baharynda açylsaň, Gyş aňzagyna-da döz diýjek, gülüm. Bu dünýäde aýdylmadyk sözem ýok, Şoň üçin ýok saňa üýtgeşik sözüm. Ýüregim maňzyna bolmandy ýeten, Ýöne sen-ä... Mümkin deşendir gözüň. Bu dünýäde aýdylmadyk sözem ýok, Bar söýgi sözlerniň möwrüti geçen. Hany, toýam edip göreýli, belkem Gelnini del sözde öwgülär ejem....
dowamy...Agzamen (06.12.2024 / 06:18) okaldy (116) teswirler (2)
Ejeñe okap ber+5
Ejeñe okap ber goşgularymy,
Içinde ýüregim görünip duran.
Diý "Ýüregni yşgym bilen otlansoñ,
Käbir ýeri ýanyp garalypdyram."
Ejeñe okap ber goşgularymy,
Ol saña yşgymyñ ýazmaçasydyr.
Şygrymda gyzynyñ halyn syzmasa,
Garşysyndakynam syzmajagydyr.
Ejeñe okap ber goşgularymy,
Şygyr bolan arzym oña ýetir sen.
Müñlerçe okyjy gerek däl maña,
Ejeñ tarapyndan ykrar edilsem.
Ejeñe okap ber goşgularymy,
Öz gyzyna düzen şygrym diñ...
dowamy...@menin_dunyam (06.12.2024 / 00:04) okaldy (122) teswirler (1)
Okaňeý okaň söýgişynaslar okaň.+7[i]Senden soň ekilen umutlarymyň,
Ynan, hiç birinden derek tapmadym.
Ýalňyzlygyň aýazynda galsam-da,
Men şonda-da senli arzuwlaryma
Palta urup, odun edip ýakmadym.
Kaýyl boldum yzda galan ýatlama,
Şonuň bilen gijelermi güýmedim.
Söýgimiziň "ýasy" güni geýilen,
Täze köwşem şat toýlara ýörmedi.
Ynha ýene awgust bilen hoşlaşýan,
Salkyn howa, çygjarypdyr ýapraklar.
Ah, şu güýzem tizden gelip geçsedi,
Dar kalbym bir gyşda...
dowamy...Agzamen (05.12.2024 / 07:50) okaldy (129) teswirler (1)
Sen maňa ýalan ber.+3Sen maña ýalan ber!
Ýyljajyk ýalan,
Mähirden püre-pür ýalan,
Mylaýym ýalan.
Söýgiden ýanan,
Yşga çoýunan.
Bir galandar
Ýalan ber maña.
Sen maña ýalan ber!
Uçgunly ýalan,
Ýüregi o:t alan ýalan,
Bekeşen ýalan.
Galplygy synan,
Kalbyña ynam
Bir ýekeje
Ýalan ber maña.
Men seniñ ýalanyñ gujagma basyp,
Uklaýyn ynamyñ düýşümden asyp.
Ⓒ Edepli Gödek...
dowamy...Agzamen (05.12.2024 / 07:08) okaldy (95) teswirler (2)
"Ýagşyzada".+2[i]Bu durmuşda "oýun oýnap",
Hiç wagt haram gazanmadym.
Çagalykda "söweş" etsem
"Ur" gepine gaz almadym.
Pursat berdim garşydaşa
"Ilki nobat señki" diýdim.
"Güýçli bolsañ görkez zoruñ,
Basylaryn belki" diýdim.
Owaldanam ýumruk düwüp,
Höwäs edip urşmadym men!
Ýöne dünýä jeñi söýýär,
Özüm ýala duşmadym men.
Ahyr bir gün sabyr dolup,
Çynym bilen söweş etdim...
"Dostlarym-a" "şef" diýdiler
Durmuş! Men-ä "Ýagşyzada"
Bolm...
dowamy...Agzamen (05.12.2024 / 07:03) okaldy (95) teswirler (1)
Őtinç+7
Ham hyýallañ söbügini sydyrdyp,
Däde, sizi taşlap gidýän ençe gün.
Mellekdäki ownuk-uşak hysyrdyñ,
Bilýän, bir özüñe ýokuş degjegin.
Goýbermeli däldik diýip igener,
Ejem çaý başynda, her gün azanda.
Wah, nätjek, Ene-dä göresi geler,
Hem bildirmän aglar çörek gazanda.
Käşgä, dogulsadyñ diýip zehinsiz,
Gidenime gatyrganar Atam-da.
Ýöne bilýän, buysanjagyn ses-üýnsiz,
Goşgulam çap bolsa seýrek-setanda.
Belki, başarmaryn ş...
dowamy...@menin_dunyam (04.12.2024 / 20:20) okaldy (117) teswirler (2)
Jemi: 1533
Soňky teswirler
Ýokaryk