Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Diamante_08 : Sen! Pardon siz mi demeliydim? Siz kaç yüzlüydünüz? Ben yanlışlıkla hanginizi sevdim?

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Şygyryýet dünýäsi
Mowzuk açmak
Kerim Hally - Dünýedir by.+2
Ýagşylygy ümsüm etseň, Bilinmeýän dünýedir by, Agaç ata münüp gitseň, Gelinmeýân dünýedir by. Gadym bende bozsa kada, Gülkü bolar mähellâde, Asyl gülünmeli zada, Gülünmeýân dünýedir by. Ýalan söze ýapyp aýyp, Hakykaty belent goýup, Seň deregiňe öljek diýip, Ölünmeýän dünýedir by. Sadaka doka beriler, Şonuň üçin el seriler, Dile mätäç dilegçiler, Görünmeýän dünýedir by....dowamy...
-Gurbannazar Ezizow.+3
Ine, barýaň umydyňa büdüräp, Egniň horlugyna utanyp çala. Uzakda orkestr joşup-titiräp, Tans edýär owadan gyzlary bile. Hor ellerňi çykaraňok ýeňiňden, Olar birden ýere ýetäýjek ýaly. Geçip barýaň ýigitleriň deňinden, Gulaga ýakymsyz bir saz mysaly. Undup bilmän görmeksizje doglanyň, Ýüregiňde hoş arzuwlar besleýäň. Geçip barýan bir syratly oglanyň Mylakatly söz aýdaryn isleýäň. Emma ýigitleriň öz gaýgysy b...dowamy...
AÇMASY AGYR DÜŞEN SURAT.(Degisme gosgysy)+6
Bütin agza garaşyp dur, Lenta bakÿar hemmeler. Adminler pyşyrdaÿar, Açar,Açar,Açar. Agzalar pyşyrdaÿar, Açarmyka? Kim biler. Adminler göwünlik berÿä, Açarla, hökman açar. Tmcell, MTS saÿasynda, Ÿüzläp agza dymyp dur. Açmaÿan suratlarada, Like-lañ bary ÿagyp dur. Ÿygnanyşdy babadaşlar, Adminler hem agzalar. Ne "podelitsÿa" bar, ne-de "like", Dymyşyp dur agzalar. Goÿuldy dürli suratlar, Gyzyl, sary, ÿaşyl, ak. Açdy...dowamy...
Akjemal Omarowa / Sôÿgi ÿok diÿme.+3
Bir akylsyz diwana, ,,Sôÿgi asyl ÿok" diÿÿàr. Men bolsa sòÿgi ûçin, Ynan ôlmàge taÿÿar. Eger sôÿgi bolmasa, Nirden dôresin gûller. Sôÿgi ápet derÿadyr, Suw içÿándir gôwûnler. Sôÿgi diÿilen ápet Gûn, Biz daśynda janserek. Nádip ôser sôÿgûsiz, Gûne dyzaÿan derek. Eger sôÿgi ÿok bolsa, Neneñ ÿaśar teśneler. Daśy ÿaryp çykmasa, Gûne aśyk çeśmeler. Ôwśûn atjak bolmaryn, Sáher çagy lowurdap. Eger sôÿgi...dowamy...
Yurekdes+2
[b]Ýürekdeş Ýykylsaň, büdreseň, ýoluň ýitirseň, Duçar bolsaň minnete ýa salgyma. Gursagyň çişirip dünýä sygmasaň, Sygarsyň sen ýürekdeşiň kalbyna. Gelibergin, parasy ýok, muzdy ýok, Müň dert bilen dolmaz onuň otagy. Wagtdan daşardadyr onuň pursady, Hoş sözüňdir iň bir gymmat petegi. Ol ýer giňiş welin köplük gerek däl, Dereksiz saýsalar galanyňda gel. Abraýyň, ýüregiň, isle mal-dünýäň, Özüňe ýetmedik talaňy...dowamy...
Görüşmek ýokmy+1

[b]Bir-biregiň zaryn çekip ýörmeden Çykyp gitdi biziň bizar-peteňmiz. Bizi duşurardan ejiz bu ýyllar, Diýmek, biderek-dä arzuw edenmiz?! Indi ikimize görüşmek ýokmy, Kesişýän ýerinde öwrümli ýoluň? Hemem mundan beýläk deň bolmalymy, Seniň bu dünýede barlygyň-ýoguň? Hoşlaşyk zoguny çalan otly dek, Gidibermelimi tebsirän günler? Ot düşensoň oňa gyzgyn demimden, Sen
...dowamy...
Ylham Gurbanlyýew.+2
Dommarlyp gez ýigitleri görseňem, Kän alçagam bolma, daýzalar bolsa Sen deý şadyýana gabat gelseler, Gelnim etjek diýip başlarlar, ýogsam ? Başarsam berjek däl saçyň ýellere, Düşün, läläm, gabanjaňlyk beterdä! "Gülüm" - iň owadan, diýdim güllere (Öýkeleseler nä, öýke ederdä) ? Beýnim urşar, mydam "akylym" diýsem "Samsyjagmam" diýip, oňuşyberýän. Bilýänsiňem welin, eger bilmeseň Bilip goý, ýeke-täk bir seni...dowamy...
Men ölemsoň..+0

[b]MEN ÖLEMSOŇ... Men ölemsoň Dikiň ýiti galamym. Tümmek duran Mazarymyň üstüne... Ol gögerer pyntyk salyp başyma, Maňa zyýarata gelenlere-de, Çynar bolup saýa salsyn üstüne. Şonda şol dürtülen, agaç galama, Bir serçejik uçup gelip gonaýsa... Aýtsyn maňa zyýarata gelene... Doga-dileg aýat, töwür gerek däl... Maňa onuň başy dik bolsa bolýar. Käte derdiň bol
...dowamy...
Ykbalymyň halasgärine+2
YKBALYMYŇ HALASGÄRINE "Günüň iň garaňky sagatlary Güneş dogmagyndan öňünçädir" diýilýär. Ruhumyň özüni ýitiren, göwnümiň çöken , ykbalymyň nähilidir gudrata garaşýan günlerinde sataşdym saňa. Senden owal kän ýalňyşlyklar goýberdim, ynanmasyz adamlara göwün mülkimden meýdançalar bölüp berdim, ökündim. Barybir, batgalykdan çykmaga çabalanýan kişiniň çabalandygyça has-da çümüp gidişi ýaly ýalňyşlarymdan dolanyp...dowamy...
Diñe söýgi hakynda..)+2
Oglan gyzy ýüreginden arzuwlap söýýärdi, gyzyñam her minudynyñ manysyny diñe şol oglan tutýardy! Olar bir-birini ýüreginden söýýärdiler. Durmuşynyñ ýekeje gününi birek-bireksiz geçirip bilenokdylar. Bir gün bolsa oglan gyzyñ garyndaşlaryndan öz mähreminiñ agyr derde uçranyny bilýär! Gyzyñ ýüreginde kemçilik bar eken, oña ýaşamaga üç aýa golaý wagt galandygyny aýdýarlar. Gyzy diñe bir usul bilen bejerip bolýardy. Ol hem ba...dowamy...
Jumaýewa.O - Çagalyk.+3
Çağa wagtym, eşidemde erteki, Şagyzy bolardym, oýnap ertesi, Saçyma dakardym, ýabany güller, Göýä bolan ýaly, ýetişen dilber, Köýnegim ýalpyldap, atardy öwşün, Geýemde ejemiň, ökjeli köwşün. Ejemjan gygyrar, ýyklýaň guzym, Zordan ýöresemde, bolardym uzyn, Habarsyz bolsamda, söýgü babatda, Şazada garaşdym, geljek ak atda. Aýdymlar aýdardym,bolmazdy sazy, Köpdür öýdüp gezdim, pasyllaň ýazy, İndi düşinýárin, çagalyk ge...dowamy...
Garaz... biraz...+4
"Arzan düşen" aýralygyň hözürin, Görübergin gizlemezden, çekinmän. Seň bolşuň deý bolup bilmän ezizlim, Ruhsuz tende gezip ýörün ýykylman. Baryda hiç unudaryn ölýänçäm, Her günümi bagş edip boş hyýala. Seň-ä gözleň bakar özge adama, Menem ýar diýerin özge aýala. *** Iñ bolmanda ýatlap durgun kä zaman: Ýüregiñ gussadan tebil tapynyp... Gursagyñ dar gelse hyýallaryña... ...arzuwlañ yas tutsa gara atynyp...dowamy...
Mährijemal Nowruzowa - İçgepletme.+3
Sary güýzüň peýzažyna syn edip, Çapylan töňňäniň üstünde çökdüm. Ýatlamalaň salgymyna imrinip, Ýüzümde-ýylgyryş, göwnümem-çökgün. Gulaklygyň bir gulagyn dakynyp, Bethoweniň "Elizasyn" diňledim. Uçup barýan durnalara syn edip, Mark Bernesiň "Durnalarna" hiňlendim. Ýodalara pida edip ýapragyn, Süňňi gagşan agaçlar hem aglaýar. Tebigatyň tukat, gussaly keşbi, Göwnüm bilen garmonýasyn sazlaýar. Insizje ýodalar, bu seýil ba...dowamy...
Indi üýtgeşik söýerin+3
Indi üýtgeşik söýerin Bäşim Ödegiň äheňinde Aý-Günüm soňuz aýralyk, Ýyllar gözümi baglaýar. Ýeller älemi aýlanyp, Ikimiz üçin aglaýar Söýerin sowulmaz ýazy Söýşi deýin ak guşlaryň. Yşkyňdan doýulmaz ýaly, Adyň kalba nagyşlaryn. Söýerin men gül kamatyň, Dideleňden doýup bilmän. Eger uçsam, sen ganatym, Sensiz ganat ýaýyp bilmen. Aşyklary haýran edip, Janymdan geçip söýerin. Ömrüm saňa gurban edip, Köňlümi açyp söýerin....dowamy...
Gerek borun+2

[b]Itme eliň tersi bilen, Ganat borun, ýelek borun. Berme sen meni nebsiňe, Belki, bir gün gerek borun. Seçip dünýäniň harpygyn, Ezilse ýaşa kirpigiň, Çykyp çygryndan erkimiň, Köräp duran ýürek borun. Neýlärin men aňlamasaň, Gülüp bolmaz, aglamasaň, Iň beýik zady harlasaň, Men munda ot-elek borun. Düşmüşem ýoluňa bijäm, Aglatma, azaşar serçäň, Herhal jennete gid
...dowamy...
Söhbet Döwletow "Ömür"+4
Geçmiş köpeldikçe, geljek azalýar, Boş-boşuna geçip barýar bu ömür. Sarp edilip manysy ýok zatlara, Gymmatyndan gaçyp barýar bu ömür. Göwün göterilse dünýä sygmajak ýaly bolýar ynsan, durman ylgajak, Bir gitse yzyna hijem gelmejek Guşlar kimin uçup barýar bu ömür. Garyp bendäň artdyrman hiç nanyndan, Adamzady doýuryp öz janyndan, Gam-gussasy bilen ynsan ganyndan, Edil suw deý, içip barýar bu ömür. Kemeli...dowamy...
Döwletgeldi Penamyradow - Kakama arzym.+3
Kakama arzym. Kaka! Maňa ynanmazlar, Içimde köp dert bar diýsem. Dertlerimi aýtsam saňa, Içim ýeňlemezmi eýsem? Kaka! Maňa dolanmazlar, Ýekelikde galsamda men. Giden gitdi, galanlar az, Näçe sada bolsamda men. Kaka! Dertlerim içimde, Ýöne, saňa aýdyp bilmen. Seniň mert duran ýüregňi, Gamda daglap gaýdyp bilmen. Ýene saňa ýazýan kaka! Diňlärsiňmi derdim diýsem. Dertlerimi saňa aýtsam, Içim ýeňlemezmi eýsem?...dowamy...
BILMEDIM+1

[b]Bilmedim beýle boljagym Ýürek zar-zar aglayarka Ýüzümiñ gülüp durjagyn... Bilmedim! Ýol berermidim heý... Söweşerdim, ah çekerdim! Içimi iyyär pikirler... Ezỳetdenem ezỳetli bu bir ömür çydap çekerden! Arzuwlarmy ỳaşatjakdym Jellady boldum tersine. Söỳgim, duỳgym, umytlarmyñ gözüm ỳumman synlap durdym diri-diri jan berşine, gussamy alyp gerşime! Bulañ baryn buk
...dowamy...
Bu dünýäniň gözüne gan öýlüpdir...+2

[b]Bu dünýäniň gözüne gan öýlüpdir, Men gaýdamsoň asman zaryn aglady. Bir akmag-a oňa ýagyş diýipdir, Bir ýalançam göz ýaş diýip , aldady . Ol adamzat hesretiniň belendi, Şabyrdaýyp giden, sygman kagyza. Gözýaş bolsa- ol ejizlik bolardy, Ýagyş bolsa- ýönekeý bir hadysa. Ol asmanyň ýer tapmadyk yhlasy, Syrdaş gözläp , penjiräni kakdy ol. Nirelerden ol delalat is
...dowamy...
EJE…+2
Gar reňkli göwünli, süýt deý çal saçly, Gözümden ýaşymy sylma sen, eje. Şu hal haýrym bilen şerim garjaşdy, Ýöne bu ahwaly bilme sen, eje. Aýdyp bolmaz syrlarym kän berç bolan, Maýyp arzuwlam kän öňler sarç bolan, Bu göwün ozalam owlan, kerçelen, Ony söýgiň bilen dilme sen, eje. Göz-gülban halyma bilmän imrige, Sabyr suwum direnip dur seňrige, Ömrüm juda çalymdaşka iňrige, Haýyş, oňa meňzäp solma sen, eje. Müň gowga...dowamy...
Jemi: 1349
<< 1 ... 37 38 39 40 41 ... 68 >>

Soňky teswirler

SESSIZLIK


Gowy goshgy eken....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | SESSIZLIK
rexha (Şugün, 06:27)

SESSIZLIK


Dide name...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | SESSIZLIK
rexha (Şugün, 06:24)

Şu gün bagra bas ejeňi


Ejelermiziň jany sag bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Şu gün bagra bas ejeňi
rexha (Şugün, 06:21)

Şu gün bagra bas ejeňi


💥💖🎯❤️...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Şu gün bagra bas ejeňi
Fantom (Şugün, 05:41)

Gülkünç wakajyklar


Gowy. 👍 Отлично 😄✨...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gülkünç wakajyklar
Fantom (Şugün, 05:29)

GOŞGULY KAGYZ 📃


Bah uytgesik eken sul yeri "Ýüregmi ýakdylar, Men seni ýakdym"...dowamy...
Erkin mowzuklar | GOŞGULY KAGYZ 📃
Sebap (Düýn, 23:57)

“Aglap bilerdim owal...”


Yetirip durun gowy eken...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | “Aglap bilerdim owal...”
Sebap (Düýn, 23:55)

“Aglap bilerdim owal...”


Durmusdaky bir waka bilen baglap yazylan oytyan icdenlik bilen yazypdyr...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | “Aglap bilerdim owal...”
Sebap (Düýn, 23:55)

SESSIZLIK


Gosgy gowy eken yetirip durun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | SESSIZLIK
Sebap (Düýn, 23:53)

Şu gün bagra bas ejeňi


Goşgy ýürege degdi, berekella!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Şu gün bagra bas ejeňi
State (Düýn, 23:41)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика