Ýürekdeş
🔑 Gir ✨ Agza bol
📢 Reklama
📸 Soňky suratlar
photophotophotophotophotophotophoto
📋 Mowzuklar
Aýralyk pursady+4
avatar
Sen gitdiň. Şo pursat boşady ruhum, Hemme zat manysyn ýitirdi birden. Şatlygym galmady, bagtym galmady, Şo pursat bar zady uçurdy serden. Daglarym peseldi baglarym bile, Şemalym sowulyp duşumdan ötdi. Boşap galdym misli gaşsyz diwala, Okan kitaplarmyň manysy ýitdi. Hatda öz ruhuňam aldyň-da gitdiň; Göz, gaşyň, egniňi gözden salamok, Ýöne olaň baryn öňki bolşy deý, Seniň syratyňda jemläp bilemok. Çasly çeşmelerim akýa... dowamy →
👤 Prinsessa📅 13.02.2026 / 20:11👁️ 92💬 4
Alymlar şokoladyň maşk etmäge peýdalaryny subut etdiler+6
avatar
Angliýaly gözlegçiler şokoladyň orta ýaşly adamlara has netijeli maşk etmegine kömek edýändigini anykladylar. Görnüşi ýaly, önüme girýän flawonoidler gan aýlanyşyny gowulaşdyrýar we türgenleşigi aňsatlaşdyrýar. Iňlis alymlary flawonoidleriň 40 ýaşdan 60 ýaş aralygyndaky sagdyn adamlardaky täsirini barladylar. Gözleg 5 hepdäniň dowamynda geçirildi. Gatnaşanlar ilki bilen hünärmenlere iň ýokary potensialyny we kislorod... dowamy →
👤 Prinsessa📅 12.02.2026 / 22:31👁️ 106💬 4
Näme üçin adamlara gartaşan diýýärler+9
avatar
Öýlenmän ýören oglanlar köpelip barýar. Mundan bir-iki ýyl geçen döwürde toýlar köp bolardy. Indi bolsa öýlenmän 30 ýaşdan geçen oglanlar üýşüp galypdyr. Şonuň ýalyda durmuşa çykman galan uly ýaşly gyzlar hem köpelip gitdi. Näme üçin öýlenmeýäň diýip soranymda olar birmeňzeş jogap berýärler. Gowy gyz ýok diýýärler. Olaryň bu hili jogabyny eşidip men haýran bolup galýan. Bu ýerde meniň bu ogalnlara düşünmeýän ýerim bar.... dowamy →
👤 Mishel📅 12.02.2026 / 08:30👁️ 158💬 9
Hiç özüňden gidäýme+1
avatar
A gyz sen bar-a hiç özüňden gidäýme Meň ýanymda burnuň towlap sakgyç dagy çeýnäýme Gyz köp hudaýa şükür enelerimiz dogryp dur Köçämizde gyz bary gyzyl çyzyl bolup dur Bilýäňmi sen men gugla gyz gerek diýip ýazaryn Ol ýerden bar-a özüme başga gyzy gözlärin Maňa hökmän däl seniň ýaly uzun köýnek bolmagy Kelte köýnek ýa köýneksiz gyzlarda bolýaar maňa Не обязательно туркменка başga gyzlar dolup dur Birine ýör d... dowamy →
👤 Mishel📅 10.02.2026 / 10:10👁️ 86💬 1
Köpri+4
avatar
*Bellik - Diňe makala degişli garaýyşlaryňyzy ýada pikirleriňizi ýazmagyňyzy haýyş edýärin. Gowy eken, +++, Ýetirip dur, Haladym ýaly teswir ýazmazlygyňyzy soraýaryn. Giçlik sagat 5 töweregi bir zatlar boldy, erbet gök gümürdedi we ähli çyralar söndü. Diňe bir adamzadyň döreden çyralary dälde, eýsem Asman güýçleriniň çyralary hem şol bir bada söndi, hamala hiç haçan zeminde ýagtylyk bolmadyk ýaly? Eger gün duýdansyz ýaşa... dowamy →
👤 Perhatsabirovv📅 08.01.2026 / 23:14👁️ 164💬 1
Doganjygym Nabat+8
avatar
Joram hem doganym bu gün seniň dünýä inen güniň saňa uzak aş arzuw etýãn. Bagtly gyzlaryñ biri bol! Dünýädäki ähli gowluklar saña ýar bolsun! Ýüzüñ hiç haçan gaýgylanmasyn elmydama ýylgyrypjyk gez. Ýakynlaryň bilen bagtly, agzybir we asuda durmuşda ýaşamagy arzuw etýärin...🎂🎂🎂😘 Sebap... dowamy →
👤 Minigim📅 10.02.2026 / 00:00👁️ 98💬 4
С днем рождения дорогая+14
avatar
Mähriban jigimjan Aýperi doglan günüň gutly bolsun. Janyň sag başyň dik ömrüň uzak bolsun. Dünýädäki ähli gowulyklary saňa arzuw etýän. Durmuşyňam özüň,ýüregiň ýaly owadan bolsun. Ýüzüň elmydama gülüp dursun,gam-gussa saňa ýat bolsun. Ýanyňda elmydama seni gorap,seniň gülmegiňe,begenmegiňe sebäp bolýan adamlaryň bolmagny Allajanymdan dileg edýärin. Ýürejigiňde beslän ähli arzuwlaryňa ýetmegiňi arzuw edýärin. :roza::ah:... dowamy →
👤 rexha📅 08.02.2026 / 08:27👁️ 128💬 6
Meniň ilkinji söýgüm+5
avatar
Agşam gögüň ýüzünde Aý öçügsäp batanda, Zöhre ýyldyz ýyldyrap, Parlak öwşün atanda, Ruhuma bir gussaly Ümsümligi gatanda, Men seni ýada saldym, Meniň birinji söýgim. Ýatlap ser oýa doldy, Meniň birinji söýgim. Geçdi ýaşlyk keýpiçag Käte galmagal bilen. Käýarym ýagşy bilen, Kämahal ýaman bilen. Aýra hem düşdüm gähi Kalp bilen iman bilen Ýöne seni ýitirdim Meniň birinji söýgim. Baky gaflata girdim, Meniň birinji söýgim. D... dowamy →
👤 Minigim📅 05.02.2026 / 08:23👁️ 107💬 2
Öwez ogul / hekaýa+6
avatar
Pyragy dünýä düýşdür, Düýş görseň, düýbi hiçdir, Jahanda ýaman işdir, Gury gelip, boş gitmek. Magtymguly “Diş gitmek” Ejem pahyr aram-aram, gaýtalap gürrüň bererdi. Menden öňki oglanjyk iki ýaşap-ýaşaman, bir ýarym ýyla çeken ýarawsyzlykdan soň ýogalypdyr. Kakam pahyr özi ýetim ulalansoň, meniň şu wagtky bolşumdan müň esse beter çagaň ölemeni. Ejem görgüli bolsa, öňä-hä heniz bir ýaşamadyk ekiz gyzyny, soňam ýaňy... dowamy →
👤 dabir📅 29.01.2026 / 12:33👁️ 143💬 5
Mekdep Ýyllaryma Minnetdarlyk+6
avatar
On bir ýyllap mähir beren ak mekdep, Bu gün seniñ bilen hoşlaşmaly wagtymyz. Ylym berdiň, bilim berdiň ýürekden, Sen biziň iň belent, uly bagtymyz. Galam tutup, ak kagyza hat ýazdyk, Mugallymyň pendin kalba bekledik. Altyn ýaly ýaşlyk ýyllar her pursat, Şu mukaddes bosagada sakladyk. Iň soňky jaň — şadyýan däl, gamly ses, Gözlerimizde galdy köne ýatlamalar. Ýüreklerde indi täze bir höwes, Öňde bizi uly du... dowamy →
👤 Vector_Pro📅 29.01.2026 / 11:56👁️ 149💬 10
Tymsallar.+5
avatar
Tymsallar. 1. √√JEDEL -Adamlar meni gowy görýärler. Men olara hoşboý ys bilen bezeg berýärin. - diýip, Gül söze başlady. Bilbil hem ondan kem galman: -Ýok, meni gowy görýärler. Men olara şirin owazym bilen ylham berýärin. - diýdi. - Gel, biziñ haýsymyzy gowy görýändiklerini adamlaryñ özlerinden soraly. -Gel soraly. . . . Adamlar olaryñ ikisini hem gowy görýändikleri üçin birinä tutup kapasa saldylar, birinem ýoluş... dowamy →
👤 IDEALLIDER2📅 29.01.2026 / 09:50👁️ 136💬 1
Soňunda jogabynama bermelisiň!+8
avatar
Bir baý adam bar eken. Ol ölümden we gabyr yalňyzlygyndan şeýle bir gorkýan eken. Ol baý adam ölmänkä: "Kimde kim meniň ölen günümiň gijesi gabyra girip maňa ýoldaş bolup ýatsa, şoňa baýlygymyň ýarysyny bagyş etjek!" diýip wesýet edipdir. Baý ölenden soň: "Kim daňa çenli gabyrda ýatyp baý bolmak isleýär?" diýip adam gözläpdirler. Hiç kim çykmandyr. Ahyry bir garyp hammal: "Meniň ählije baýlygym bir ýüpim bar. Ýitirjek zad... dowamy →
👤 IDEALLIDER2📅 29.01.2026 / 09:48👁️ 155💬 3
Köçämizden bir sary gyz geçýär+3
avatar
Köçämizden bir sary gyz geçýär Köçeden däl ýüregimden ýöreýär Meni görse syrly garaýar Menem oňa syrly seredýän Ikimiziň gözlerimiz çaknyşýar Gysgaja wagt söýgi döredýär Onuň gözlerine daňylyp galýan Bu gözler meniňki bolsady diýýän Ol näme oýlanýar muny bilmeýän Ýöne görse meni ýüzi üýütgeýär Meger ol meniň söýenim bilýar Ýa bolmasa ol meni söýýär Näme etmeli anyk bilmeýän Ähli oýlarym ikiuçly bolýar Bir görsem söýýän... dowamy →
👤 Mishel📅 29.01.2026 / 08:29👁️ 146💬 3
Saňa söýgüm hiç tükenmez ejemjan+5
avatar
Ýyly måhriň bilen ösdik ulaldyk Her beren öwütdir-ündewňi aldyk Sen kömegiň bilen köp zady bildik Saňa söýgüm hiç tükenmez ejemjan Bäş balaña göreldesiň her işde Terbiýäň ýüregmize çekilen keşde Maslahatçymsyn sen mydam durmuşda Saňa söýgim hiç tükenmez ejemjan Hemişe belentdir seniň hormatyň Janyň sag mydama dik bolsun başyň Saňa sowgat bolsun şu yazan hatym Saña söýgim hiç tükenmez ejemjan Awtor:Hojokulyýewa Hallygöz... dowamy →
👤 Minigim📅 29.01.2026 / 00:16👁️ 96💬 1
Eje meñem çaga yuzum düşermi?+11
avatar
[b] Eje, meñem çaga ýüzüm düşermi? Bir ýaşaýyş dogarmyka içimden? Yatsadym ýanynda ýazyp düşegmi, Ysgap çygjaranja mymyk saçyndan. Eje, meñem çaga ýüzüm düşermi? Nirä gitsem ol añymdan çykmaýar. Hakdan dileg etdim, umut üzmedim, Lukmanlaram belki diýip çaklaýar. Eje, meñem çaga ýüzüm düşermi? Pikir edip baryşyma hol güni, Undupdyryn uly ýoldan geçenmi, Allam görkezmesin beýle horlugy. Eje, meñem çaga ýüzü... dowamy →
👤 yalansoz📅 28.01.2026 / 22:55👁️ 143💬 6
Dostuň Gadyry+5
avatar
Mydam ýanyňdadyr, kyn güne galsaň, Sen aglasaň — aglar, gülseň — gülendir. Ýykylanyň görüp, elinden tutan, Dostuň gadyryny bilen bilendir. Dost diýmek — ýürekde açylan gapy, Syryňy saklaýan polatdan gapy. Mawy asman bolsaň, ol saňa saby, Kynçylykda sarsmaz gala bolandyr. Ýollar aýra düşse, ara uzasa, Unutmaz ol seni, ýyllar tozasa. Dünýäniň mähiri bir sende bolsa, Şol mähriň ýarysy wepaly dostdur. Al... dowamy →
👤 Vector_Pro📅 28.01.2026 / 19:26👁️ 102💬 4
Heý, oglan gel tanyşaly-3
avatar
Birden bir gyzy söýesim geldi Şol barýan gyza söz diýesim geldi Yzyna düşüp biraz ýöredim Eý, gyz salam bile ýöräli diýdim Gyz gülüp maňa seretdi Ýüzüme, egnime, telefonyma esetdi Hiç zat diýmän öňe ýöredi Ýa ýör ýada ýöreme diýmedi Bu wagt men onuň tahýasyna seretdim Boýyna, boluşyna ünsümi berdim Bir zat diýmeli ýöne sözi tapmadym Ýalanmy sözüm ýa çynmy şuny bilmedim Biraz bile ýöräp yza galyp ugradym Ýöreýşimi assa... dowamy →
👤 Mishel📅 28.01.2026 / 19:03👁️ 106💬 1
Ava Maks. Diňe özümi söýýän+2
avatar
Lovin Myself (оригинал Ava Max) [Chorus:] Gaýtalama [Припев:] I don't need nobody, I'm lovin' myself Men başga birin söýmen sebäp özümi söýýän Мне никто не нужен, я люблю себя сама! Tonight it's all about me, yeah, it's good for my health bu agşamy özüm bilen geçirin sebäp meniň saglygyma gerek Этот вечер только мой, да, это полезно для моего здоровья! And I know how to please me, I don't need no help Özüm özümi begendiri... dowamy →
👤 Mugallyma📅 04.02.2026 / 09:48👁️ 110💬 2
komik sowuk espiriler+2
avatar
1. Ben mafya babasıyım çünkü oğlumun adı Mafya. 2. Kim vurduya gittim birazdan geleceğim. 3. Zenginler et, fakirler hayalet yer. 4. Hava korsanı uçağı kaçıracaktı ama yapamadı çünkü uçağı kaçırdı. 5. GİT'Arı' getir de biraz şarkı söyleyelim. -Abi arı sokmasın! 6. Canın sıkıldıysa gevşet. 7. Almanya'da Almanlar, Sakarya'da sakarlar yaşar. 8. Sana bir kıllık yapayım, kıllarını koyarsın. 9. Seven unutmaz oğlum, eight... dowamy →
👤 Prinsessa📅 03.02.2026 / 19:27👁️ 141💬 6
Uzak yasha Ayperi+11
avatar
Ayperi doglan gunin gutly bolsun☺ömrūñ uzak janyñ sag bolsun. Gorjegin govulyk iyjegin suyjilik bolsun☺Bagt saglyk rysgal dowlet uzak yash arzuw etyan sana hc vagt gamlanma bu durmushda. Gozunden dine begenjin goz yashlary damsyn...Ene atana wepaly gyzlan biri bol. Yokary okuw jaylarynda okap talyp bolmagyny dileyan. Goy bu doglan gununde hemme arzuwlaryn hasyl bolsun. Durmushynam yuregin ve ozun yaly owadan bolsun. Butin... dowamy →
👤 xuliganka📅 08.02.2024 / 00:00👁️ 226💬 10
<< 1 ... 15 16 17 18 19 ... 82 >>
Jemi: 1634 mowzuk
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->