Ýürekdeş
🔑 Gir ✨ Agza bol
📢 Reklama
🎂 Şugün doglanlar
birthday
Kredo (22), ***** (17)
📸 Soňky suratlar
photophotophotophotophotophotophoto
📋 Mowzuklar
Nahili gowy dileg😊+4
avatar
Nähili gowy dileg😊❤👍👌 Kalbymy-iki ýüzlilerden. Gulagymy-gep gybatdan. Dilimi-ýakymsyz sözlerden. Öýümi-ýaman niýetlilerden. Saçagymy-haram iýenlerden. Elimi-salama degmeýänlerden. Ýolumy-senden aýyranlardan. Hormatymy-mynasyp bolmaýanlardan. Ýagşylygymy yamanlyk jogap berýänlerden. Senden gorkmaýanlardan. GORA MENI ALLAHYM!!!... dowamy →
👤 imissyou📅 25.01.2024 / 16:25👁️ 263💬 3
Yurekdesh.Ru - v9.2.24+5
avatar
Salam hormatly agzalar.Bugünki saýtymyzda bolan üýtgeşmeler. 1.Şu günüň taryhy - Bu bölüm mundan birnäçe ýyl ýada birnäçe ýüz ýyl müň ýyl öň adamzat durmuşynda ýatda galan maglumatlar özgertmeler ýazylýar.Bu bölüme islendik agza öz bilýän maglumatyny goşup bilýär.maglumat adminstrasiýa tarapyndan tassyklanýar. 2.Foto duel - bölümi. Bu bölümde islendik 2 agza 24 sagadyn dowamynda öziniň saýlan suraty bilen like toplamaly b... dowamy →
👤 Admin📅 09.02.2024 / 23:51👁️ 240💬 2
Premýera aýdymlar+1
avatar
Salam hormatly agzalar! Gurbangeldi Satybaldyýewiñ täze aýdymlaryny diñlemek isleýänler barmy?!... dowamy →
👤 GuGaPRO📅 11.02.2024 / 12:29👁️ 206💬 4
Söýgi görk islemez (mi?)+6
avatar
Salam, saýtdaşlar. Sizde azda-kände pikir alşyljak agzalaryñ barlygyny göz öñünde tutup, şeýleräk temanam gozgaýyn diýdim. Rusçada şu mazmunda nakyl bar: "Daşky görnüşine seredip garşy alarsyñ, içki dünýäsi bilen ugradarsyñ". Eýsem, söýgi gatnaşyklarynda bu näderejede rol oýnaýar? Häzirki döwürde ýaşlarymyz daşky görnüşleriniñ sazlaşygyna seredip, söýgi gatnaşyklaryna başlaýarlar. Ýuwaş-ýuwaş içki dünýäni, dünýagaraýyşla... dowamy →
👤 Belki📅 10.02.2024 / 20:59👁️ 217💬 12
Masagalañ bozulmagyna getiryan sebapler!+6
avatar
Salam gadyrdan saytdashlam!Men size realny su gunimizdaki durmushy mesele bolan'Masgalanyn bozulmagyna getiryan sebapler'hakda aydyp gecmekci we ozimin akyl yetirmedik sowallarmyn jogabyny sizen almakcy. Bilshimiz yaly shaherlerde hem(obalarda)100/72%masgalalar bozulyar munyn sebabi namede?.(Menin pikirimce)Hazirki wagtda in kan gunakari gelinler" diyip bilyan,muny diymegimin sebabi'À'ri ,à'r edyanem gara yer edyanem ayal... dowamy →
👤 Dreamfull📅 10.02.2024 / 00:56👁️ 235💬 11
Kasting!+3
avatar
Salam hormatly agzalar! Agzalarymyzyñ arasynda özini klip düşmäge ukyply hasaplaýan gyzlar bolsa biziñ bilen habarlaşyñ! Biz täze klip düşürjek bolýas we şo klip arkaly ýaş zehinli aktrisalarymyzy ýüze çykarjak bolýas. Habarlaşmak üçin: Tel/Imo/Sms: +993 61 11 69 05... dowamy →
👤 GuGaPRO📅 09.02.2024 / 10:01👁️ 224💬 8
Agzalara ýüzlenme!+13
avatar
Salam Yureksh.ru saýtynyň ýürege ýakyn ýürekdeş agzalary! Şu gün saýtymyzyň admini Wepaň gurnan ýaryşynyň soňkyja güni, özüne sagbolsun aýtmak isleýän şu ýaryşa meni we beýleki dostlaryma ynam bildirip bizi mynasyp göreni üçin. Saýty näçe aktiw etjek bolup ýaryş gurnasada diňe ýaryş bilen çäklenmän başgada birnäçe täzelikler goşdy saýdymyza onnada gynansakda mesele saýtda däl, mesele agzalarda. Käbir agzalar bar welin göw... dowamy →
👤 Gost📅 09.02.2024 / 09:16👁️ 349💬 15
Soragym+3
avatar
Salam hormatly poeziýa muşdagy! Seniñ bilen poeziýa barada tegelek stoluñ başynda bolmasa-da,tegelek saýtyñ başynda pikir alyşaly :) Bu gün poeziýany seniñ nazaryñdan synlamakçy.Munuñ üçin aşakdaky sowallara jogap bermegiñi haýyş edýärin: 1.Seniñ üçin poeziýa näme? 2.18-nji asyr türkmen şygryýetinden kimleri okaýarsyñ? 3.20-nji asyr türkmen şygryýetinden kimleri okaýarsyñ? 4.Döwürdeş şahyrlardan kimleri okaýarsyñ? 5.Şu... dowamy →
👤 Belki📅 09.02.2024 / 20:18👁️ 192💬 4
Maslahat0
avatar
Salam hormatly agzalar aktivligi galdyrmak ucin kimde nahili maslahatlar,teklipler bar. Kommentda berllap gechayin... dowamy →
👤 Admin📅 19.01.2024 / 15:31👁️ 444💬 7
Kaka, ejem nirede? / hekaýa+4
avatar
Ýer ýaly ýuwaş diýilýän ortanjy gyzynyň howsalaly sesi irden işe ugran Atdany duşaklanan ýaly etdi. Sakga saklandy-da, hyrra yzyna öwrüldi. Öwrülişi ýaly-da haýdaşlap ugrady. — Kaka, ejem gelenog-a. Gyzynyň bu gezek gyryljygrak çykan sesi häzir höre-köşäniň ýeri däldigini aňdyrdy. Onuň sesindäki howsala Atdanyň çep gursagyna-da geçdi. Işe göterýän gaýyş bukjasyny gyzynyň eline tutduryp, başartdygyndan sep bildirmejek bold... dowamy →
👤 yurekdes📅 07.02.2024 / 21:50👁️ 130💬 2
☆Öpeýin☆+5
avatar
Opusmek diyseler Türkmende ayyp onda seni gizlin halda opeyin tum garanky gija sayat bol diyip adam gecmez gizlin yolda opeyin Opusilse gow bor saklansa serhet yone ka erkekler bolyarda erkek gyzykly yerime yetmankam entek basyn sypap manlayyndan opeyin Opusmegin diysen lezzeti basga yone kan lezzedin ezyeti basda keypi yakyn goyup,hayany dasda balyn sorup dodagyndan opeyin Meznun kibi soyip men seni opsem armanym ne... dowamy →
👤 Babaniyazow📅 08.02.2024 / 15:05👁️ 178💬 2
Ýürek namasy+5
avatar
Eje … seniň durmuşdaky ornuňy, perzentleriň kalbyndaky saňa söýgini dünýäde hiç zat bilen deňär ýaly däl. Sen biziň öýümizi gyşda bahar edip bilýän, gussalansak göwnümize şatlyk getirýän gudrat. Biz saňa söýgimizi kän dile almasak-da seni biçak söýýäris. Durmuşyň çarkandak ýollarynda başagaýsyrap ýörşümize daşymyzdan bakyp belki käteler bizden närazy bolýan bolmagyňam ahmal. Garşyňda oturyp bu sözleri aýdyp bilmedigim üçi... dowamy →
👤 xuliganka📅 07.02.2024 / 04:46👁️ 127💬 2
Sere gelen setirler+6
avatar
Ýazyşyňdaky ýaly ýaşamasaň ýa-da ýaşaýşyň ýaly ýazmasaň, ýazýanyň çöl üstünden ösýän gury ýel ýaly gurak bolar. * * * Günüň kuýaş-nury bilen jümle-jahany ýagtylandyryşy ýaly, ýürekden çykýan, mylakatly aýdylan hoş söz we güler ýüz hem ähli köňülleri ýagtylandyrýar. * * * Diňlemekde öňde bol, geplemekde — soňda. Ine, şonda sen gowy adam bolup ýetişersiň. * * * Doň suwy gyzyl köz eredýär, doň ýüregi — gyzyla ga... dowamy →
👤 xuliganka📅 07.02.2024 / 04:54👁️ 128💬 2
Pähim-Paýhas ummany Magtymguly Pyragy!+7
avatar
Ähli şygyr äleminiň wepaly hyzmatkäri, Pähim-Paýhas ummany Magtymguly Pyragy! Mizemez binalaryň peýman-ygtymary, Pähim-Paýhas ummany Magtymguly Pyragy! Uly-kiçi her işde kaýyldyr ol gutlugyna, Külli türkmen halky üçin janly tilligine, Alynmyşdyr asmanlaryň keramatly belligine, Pähim-Paýhas ummany Magtymguly Pyragy! Müň ýyllykdyr asyrlaryň nurana rowaýaty, Kömegine-mätäçlere Taňrynyň hemaýaty, Ähli mekan zamanlaryň çyn-h... dowamy →
👤 King-official📅 02.02.2024 / 19:18👁️ 140💬 5
Ýylgyralyñ)+5
avatar
Bir ýaşuly mal bazarda öküzini satjak bolýar: - Gel hany öküz alyň, mal arzan boldy, ugurlaşarys adamlar! Oba arçyny öküzi görüp ýaşulydan soraýar: - Malyňa tüweleme eken, ýogsada, muňa näme berip iýmitlendirýäň? - Şuňa diňe terje ýorunja berip iýmitlendirýän, ugurlaşarys inim. Başlyk, ýanyndaky orubasaryna buýrýar: - Gördüňmi, obaň ýorunjasyny kimiň ogurlaýanyny? Jerimesini tölediň muňa... Bu görgülä esli manat jerime sa... dowamy →
👤 Dreamfull📅 06.01.2024 / 19:20👁️ 203💬 2
Geliñ gúlişeliñ)+1
avatar
Magtymguly köçesiniň ugrunda it ölüp ýatan eken. Munam bir sakawrak adam görüpdirde, sanstansiýa jaň edýär: - Alýo, alýo, s-s-s-santsansiýamy? - Hawa, diňleýäs aýdyberiň? - It ölüpdir. - Haýsy köçede? - M-m-m-m-m-m-m... - Mollanepes-mi? - Ýokhow, m-m-m-m-m-m... Görgüli, Magtymguly diýjek bolýar welin hiç dili aýlananokmyş. “Içgilirägiň biri öýdýän” diýip sanstansiýa gaharly trubkany öçürýär. Ýaňky, on bäş minut geçensoň ý... dowamy →
👤 Dreamfull📅 06.01.2024 / 19:21👁️ 183💬 0
:)+4
avatar
Ar-ayal ikisi mashynly baryarlar. Yolda bulary GAI saklayarda: -Name ucin sag cyragyz dowuk? -Wahey, hacan bolduka bu, yany gordum. Yolda dowlaydimika.. Ayaly: -Goysana, men sana iki hepdeden bari aydyp-aydyp gelyan, shuny onar diyip. -Boldy et samsyk.. GAI yene sorayar: -Name ucin howpsuzlyk remenizi dakynmansynyz? -Ine bu yatdan cykypdyr, guna mende. Ayaly: -Aldamasana, sen mydamada remen dakynanoga yola cykanda! -Agzyn... dowamy →
👤 Dreamfull📅 06.01.2024 / 19:22👁️ 150💬 2
Smile)+1
avatar
Bir türkmen rus bazaryna barýamyş. Bende juda sadamyş özem. Üstesine-de rusça bilenokmyş. Kim nämäniň adyny tutsa, ýüzünden geçip bilmän : “Bolýar, bir kile çekäý” diýäýýämiş. Hiç satyjy ony deňinden geçirmän, hökman bir zadyny satyp galýamyş. Ahyry zat satyn alyp ýadan türkmen bazardan çykyberjek bolanda, onyň gidip barýanyny gören hem-de ep-esli zadyny aldap satan rus satyjylary üýşüp “Uraaa” diýip gygyrypdyrlar. Muňa-d... dowamy →
👤 Dreamfull📅 06.01.2024 / 19:23👁️ 173💬 0
Saña gúlmek gelişýà)+1
avatar
Türkmen obalarynyň mekdepleriniň birinde: -Yazmyradow? -Näme? -Dо уоu sреаk Еnglish? -Näme? -Otur, ikilik. Hojamyradow? -Näme? -Dо уоu sреаk Еnglish? -Näme? -Otur, saňa-da ikilik. Myradow? -Näme? -Dо уоu sреаk Еnglish? -Yes, i do! You wanted to tell me something? -Näme?... dowamy →
👤 Dreamfull📅 06.01.2024 / 19:23👁️ 187💬 0
😅Degishme+1
avatar
Bir gun iki sany dali bir tokayda agac kesyar ekenler. Onson dalilen biri beylekisine men gaty suwsadym suw icmane gitjek diyipdir. Beyleki dalem bolya git yone kyn gorman men yerimede ic men gidip bilemok ayaklarym agyrya diyipdir.4-5 minutdan son suw icmane giden dali gulup gelyamish, beyleki dalem name un gulyan diyip soranda: Ozum ucin arassa suw icdim, sen ucin hapa suw icdim shon un gulyan diyipdir... dowamy →
👤 Dreamfull📅 06.01.2024 / 19:24👁️ 170💬 0
<< 1 ... 48 49 50 51 52 ... 82 >>
Jemi: 1638 mowzuk
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->