Ýürekdeş sözler!
BAYOGUL : näme üçin 1000000 gyz dälde 1 gyz sebäbi ol 1 galany 000000 ??
Erkin mowzuklar
Ykbal+2
Meń bagtymy maňa dôzmediń ykbal,
Şonda-da õýkelemãge hakym ýok senden.
Dúnýãde iń zerurym diýdile "hoş gal",
Meńki bolmasańam ýitme gõzúmden.
Razy etjek bolup enem atamy,
Óýùm terk etmãge ýetmedi dogmym.
Gõrkezmekçi boldum perzent wepamy,
Sen hakda pikirsiz geçenok gúnùm.
Seń ýeriń tutjak dogmaz eneden,
Gara gôzùń ùçin berjek janymy.
Ak pata aljakdym kãbãm ejemden,
Armanym...ol duýanok meniñ zarymy.
Gerek dã...
dowamy...Yekejelai (17.05.2024 / 00:53) okaldy (134) teswirler (1)
Gutarmaz oytdum+2
Gutarmaz oydupdim bagtymyn yoly, Meger wagt gechip gutaryan eken. Senin bu gun meni tashlap gidenine, Yuregim agyryar tiken dek chumup. Belki gaydyp dushushmarys ikimiz, Belkide dushusharys yene bir yolda. Yone ol wagtlar sena ozgede, Menem (soyulmeyan) ozge bir golda....
dowamy...Yekejelai (16.05.2024 / 20:46) okaldy (176) teswirler (4)
Ok(hekaya)+6
Gijäň ýary «Lenin bagyň» gündogar burçunda bir serhoş harby işgär tarapyndan
atylan Baýrow milisgäň iň soňky gygyran sözi şü. Onuň iki gezejik ilki bogazyna
sydygyndan gygyryp, soň çala pyşyrdap «ok» diýmesinden kim many alsyn? O
manyny, bir böwründen girip, arka tarapyndan çykan okdanam eýmenç manyny
Baýrowyň bir özi bilýär. Gowsy, baryny başdan, yzygiderli düşündirmäge
çalşaýyn, eger başarsam, başarmasamam başarşym...
dowamy...BAYOGUL (16.05.2024 / 11:40) okaldy (151) teswirler (2)
Bowurslen (hekay)+6
Daň agaryp gelýär. Her kim ýatyr – dünýe ilki bolup oýanýan ýaly. Adam ata Ýere
iberilende-de gijelik eken. Ol indi garaňkylykda ýaşamaly bolaryn öýdüpdir.
Birdenem daňyň agaryp, töwereginiň ýagtylyp başlanyny görende ol Allaha şükür
bilen sežde edipdir. Belki, jahan Adam ata üçin ýagtylandyr?!
* * *
Onuň doly ady Nurmuhammedem bolsa, hemme kişi oňa Nurum diýýärdi. Ýaňy
10-12 ýaşdaryndaky Nurumyňam bir endigi bardy –...
dowamy...BAYOGUL (16.05.2024 / 11:33) okaldy (175) teswirler (3)
Kakamjan!!!+5
Sizden hayyst hic wagt "Soyga dine eje mynasyp( lyubwi dostoyna tolka mama)"diyip yazman!! ____________________________ KAKA. Cagasyna adim atlap owretdi, Ogly yykylanda ata soyendi. Emma name ucindir ,ol garry ata, Ogluna soyenman ,hasa soyendi.......... --- Eje hakda kan yazyldy gosgular Yazylyp yor, yene-de kan yazylar, Yone kaka hakda yazylanok kan. Nadip beyle pese gacdy kakalar? --- Yok diyjekdal...
dowamy...Aixcam_nx (15.05.2024 / 23:37) okaldy (180) teswirler (7)
Hemmä sorag!!!+3
Salam gyzlar we oglanlar size soragym bardy.
Siziň pikiriňizçe oglanlar,gyzlara nähili sowgat alyp berseň bolar isle doglan gününe isle haýsam bolsa bir baýramçylygyna?!
Siziň pikiriňizçe gyzlar,oglanlara nähili sowgat alyp berseň göwnejaý bolarka isle doglan gününe isle ýöne tak?!
Ählijäňizden kommentariýa garaşýan
...
dowamy...rexha (15.05.2024 / 23:09) okaldy (261) teswirler (13)
GAR ÝAGDY...+3
Gar ýagdy...
Kiçidim. Güýziň ahyrlarydy, öýe ok-deý uçup girdim:
– Gar! Birinji gar!
Ejemiň hemişeki ýaly begenip gidişine, bir ýakymly söz aýdyşyna garaşypdym. Ol bolsa:
“Hä?” diýdi-de, penjireden seredeniçe bir az oýa batdy.
– Gar ýagýar, eje! – gaýtaladym ýene bir gezek. – Indi hezil ederis!
– Hawa - a... Dogurdanam ýagýar. Munça ir...
Birden ýerinden turdy-da, çaşyryp oturan geýimlerini ýygnamaga başlady.
–...
dowamy...Annadurdy (15.05.2024 / 10:58) okaldy (148) teswirler (3)
It yylynda doglanlar hakda+1It ýyly müçe ýyl hasabyna görä on iki ýylyň on birinjisi. It ýylynda dogulan adamlara iñ oñat häsiýetler mahsusdyr. Bular wepaly, ak ýürekli, syr saklamagy başarýan ynamdar adamlardyr. Galyberse-de wäşiligem bar, maýdaçyllyk edenoklar. Ýöne şeýle bir kesir welin aýdyp diýer ýaly däl. Kesgin hem-de ýakymsyz bir sözi morta aýdyp goýbermegi hiç zatça görenoklar. Ýerli-ýerliksiz iññirdemäge, ýok ýerden kemçilik agtarmaga ýykg...
dowamy...Yegen (15.05.2024 / 10:42) okaldy (219) teswirler (4)
Arym alan durmuş 2+2
Begenjem ýüzüme gaharly seredip dur, gepem goşanak. Menem gyz halyma ilki habar atmana utandym. Sekiniň galdyrylan ýeriniň bir tarapyna geçip, süpürip başladym. Gitdigiçe Begenç tarapa ilerleýärdim. Süýşmese üstüne süpürip tozan etjekdim. Olam "Sen meni akmak saýýaňmy" diýen şekilde gaharly seredip durdy. Ony görüp aljyraýadym, gorkyp başladym. Ýeri bahanalap ahyryn men:
-Eýleräk süýşäýde, tozan bolar diýdim.
+ Läle sen m...
dowamy...Tm99 (15.05.2024 / 09:29) okaldy (156) teswirler (3)
ATGULAKSYZ TABYT (hekaýa)+5
Oraz nämä oýananyny bilmedi. Gözüni açdy. Gara öýüň ortasynda ýanýan ot söneňkirläpdir. Hersi bir dulda, başly-barat ýatan on-on iki ýigidiň hemmesem Köpetdagyň etgindäki obalardan ýygnan, tanalýan mergenler, awçylardy. Oraz olaryň ikisinden galanyny öňden tanaýardy, ol ikisem «Bäherden gapdalyndandyrys» diýdiler. Gökdepe galasynyň gabaw ýaňy başlanan günleri olaryň sany ýigrimä golaýdy. Bir öýe sygarmykak diýişenem bolup...
dowamy...BAYOGUL (14.05.2024 / 22:04) okaldy (154) teswirler (1)
DAŞ ASYRYŇ GYZY(hekaya)+1
Asmandaky ýyldyzlaryň sanyny Öwezguly mugallym biler ýaly, ony ýörite guralda asmana seredip, saç düşürenler bir bilýärmikä?
Ýöne Öwezguly mugallym ýyldyzlaryň sanyny bilmese-de, bir zady bilýär. Ana şony hem onuň ömründäki iň uly işi, asyl açyş hasaplaýarlar. Ýyldyzlar ýaly sanýetmez ýyllaryň aňyrsyndaky: «Daş asyry» diýilýän döwürde erkek adamlar hakda-da gürrüňem ýok, hat-da aýal-gyzlar hem tutanerli, wagşydan gelen ga...
dowamy...BAYOGUL (14.05.2024 / 21:58) okaldy (137) teswirler (1)
Hoşowaz /ariýa/+5
Tün. Köze gorsalan demir şar mysaly ot-gyzyl Aýyň öňünde çal bulutlar at salýar. Deräň içi bilen owunjak çaglyň arasyndan süzülip, obany ikä bölýän derýajyga sepleşýän çeşmäni ortalap, ala-pagşyldy bolup ýokary dyrmaşyp gelýän ýaş ýigdiň gözi yzynda. Demi-demine ýetenok. Çeşmäň buz ýaly suwudyr gijäň çigregi ýülügiňi doňduraýjakdan. Gaçgagyň yzyny kowup gelýän zad-a ýok. Öz aýaklaryndan gaçyp barýan dek iki ädip, bir ýyky...
dowamy...BAYOGUL (14.05.2024 / 12:23) okaldy (210) teswirler (1)
ANNEMIN AĞLADIĞI GÜN / hikaye+5
Babamın bir karısı daha varmış. Köyde. Yine bir gün her zamankisi gibi kavga ettiklerinde annem babama: - Senin o domuz gibi zıkkımlanan karından bir şey mi artıyor ki? - dedi. Ben resim yaparak yattığım yerden usulca babama baktım. Babam rahat bir ses tonu ile - Öbür karımdan bir şey artmıyor'sa, sizi geçindiremezdim ki. Geçindiriyorum ya işte - dedi. - Minnetin ne be? Neyin lafını yapıyorsun? Geçindiyormuş. Geçin...
dowamy...BAYOGUL (14.05.2024 / 12:18) okaldy (149) teswirler (1)
Kakam meni halanok...+4
Kakam meni halanok...
Huşuny bileni bäri, kakasy ony juda gaty gutýardy. Ýönekeýje zad üçin hem oňa temmi berer, onuň her bir hereketini ünsden düşürmezdi. Gyz öz kakasyny, joralarynyň kakasy bilen deňeşdirer, bir gün hatda ejesine aglap arz edipdi:
– Kakam meni ýaman görýär, gowy görse beýle gaty tutmazdy…
– Ýok, gyzym, beýle däl! –diýip, köşeşdirdi ejesi, – tersine, kakaň seni juda gowy görýär, ýöne özüňe bildirmeý...
dowamy...Annadurdy (13.05.2024 / 22:21) okaldy (154) teswirler (4)
Söýgi ve Aýralyk!+5
[color=#f82e00] Beýik binanyň üçeginden Söýgi bilen Aýralyk iki ýaş juwanlary synlap
durdylar.
Aýralyk Söýgä seredip: “ Jedel edelimi, men olary aýra düşürýän?!”
Söýgi bolsa: “Garaş, öňürti men olaryň ýanyna bir baryp gaýdaýyn, soňra sen
olaryň ýanyna näçe barsaň baryber, ana şonda göräýeris, sen olary aýra düşürip
bilýämiň ýa-da ýok”
Aýralyk...
dowamy...Dreamfull (13.05.2024 / 22:19) okaldy (170) teswirler (3)
Sensiz+0
Men sensiz dünýäme juda öwrenşdim. Emma sen yene-de dolanjak bolýañ. Saña golum uzadan-da seretman, Indi mätäç wagtyñ gol aljak bolýañ. "Ilki-hä gitmeklik soñam gelmeklik" Nirde barmyş durmuşyñ bu düzgüni?! Men ala ýaz wagtym gitdiñ dünýämden, Indi gelme, dünýäm misli güyz güni. Señ beren güllerin soldy bir eýýam, Agaçlarmyz dökdi sary ýapragyn. Dillerimde seniñ adyñ ýok indi. Tüm asmandan indi se...
dowamy...Yekejelai (13.05.2024 / 21:23) okaldy (130) teswirler (2)
Aýuw - kinopowest - 3+2
23:48Aýuw - kinopowest - 3
Atamgyzy süýrenjiräp gowagyň agzyna bardy. Daşy süýşürjek boldy. Emma gozgabam bilmedi. Azajyk demini dürsänsoň ýene-de synanyşyp gördi. Bu gezegem bolmady. Eli bilen daşyň düýbüni köwjek boldy, ol-a hijem başa barmady. Daşa arkasyny berip, aýaklarynam kerte berk diräp iküç ýola dyzady. Ondanam netije bolmady. Şondan soň Atamgyzy gowagyň başga bir ahmalyrak ýerlerini gözledi.
Gowak – öz boluşly,...
dowamy...BAYOGUL (13.05.2024 / 11:48) okaldy (141) teswirler (2)
Aýuw - kinopowest - 2+2
22:19Aýuw - kinopowest - 2
Onsoňam Aýuw geplemäni nireden öwrendikä? Onda-da hut, türkmençe geplemäni. Ýa her halkyň öz Aýuwy barmyka? Ol äteňenälet ine, birden, köwüň o gyrasynda ýaşaýan Jelil aga ýa-da onuň aýaly Patma daýza duşaýsa dagy haýsy dilde gygyrjakka? Parsyça gygyrjakmyka ýa türkmençe? Atamgyzy enesine ine, şu hili soraglaram berip görýär. Ýöne, belli jogap alyp bilenok.
Görüp otursa asyl enesem öz gezeginde e...
dowamy...BAYOGUL (13.05.2024 / 11:44) okaldy (134) teswirler (2)
Aýuw - kinopowest - 1+0
Aýuw hakyndaky kä gorkunç, kä diýseň gülkünç gürrüňleriň döremegine sebäp bolýanlar esasan “Köwli” obasynyň adamlarydy. “Arada Köwli oba Aýuw gelipdir”, “Hol gün Köwli obadan birini Aýuw alyp gitjek bolupdyr”, “Köwli obadan pylany Mergene awdaka Aýuw duşupdyr” diýen ýaly gürrüňleriň arasy kesilenokdy. Esasanam şol obadan ir döwür Aýuw tarapyndan alnyp gidilen adamlar hakdaky gürrüňler ýörgünlidi. Aýdyjylar hatda şol adaml...
dowamy...BAYOGUL (13.05.2024 / 11:26) okaldy (124) teswirler (1)
Gorky..+3
Gezip ýörsem, bolup ýörsem,
Bady alnan çaga ýaly.
Geçmişiňde söýen gyzlaň,
Näme, elin galgaýamy?
Başarmasam unutdyryp,
Kalbyň öňki eýesini.
Eýeli jaýda ýaşan dek,
Ýetip dursa teýenesi.
Ýetibem arzuwlaryma,
Günler gussamy kemmese.
Geçmiş bilen werziş bolup,
Söýmäge eliň degmese.
Haraý isläp töwerekden,
Dört diwara bolsam bakna…
Hawa, senli hemem sensiz,
Takdyrymdan juda gorkýan.
Altyngözel AMANMÄMMEDOWA,
Türkmen döwlet...
dowamy...Miss_minnosh (13.05.2024 / 09:58) okaldy (133) teswirler (4)
Jemi: 2070
Soňky teswirler
Ýokaryk