Ýürekdeş sözler!
Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi
Şygyryýet dünýäsi
Gûÿz maňa pyşyrdap:"Men geldim!" diýdi+3
Kän bor güýzde süýji oýlara çümen,
Onda hyýal atym bolmasyn çaman,
Elinde sap-sary güllerden çemen,
Pyşyrdap güýz maňa: "Men geldim!" diýdi.
Şowsuzlyk duş gelse, görýän özümden,
Hiç ýalan tapylmaz ýöne sözümden,
Sypalap ýüzümden, öpüp gözümden,
Güýz maňa pyşyrdap: "Men geldim!" diýdi.
Eýäm alyp gitdi geňeşýänimi,
Men gizläp nädeýin göreşýänimi,
Göýä duýýan ýaly garaşýanymy,
Pyşyrdap güýz maňa:"Men geldim!" diýdi.
Ösmes...dowamy...
yurekdes (09.01.2024 / 01:28) okaldy (96) teswirler (3)
Näme bolsa, ýene bolsun şonçarak...+2
Dünýäm gurşap aldy gamly dumanlyk,
Gelermikä indi giden şatlygam?
Kime gerek beýle nepsiz juwanlyk
Kime gerek beýle düňle ýaşlygam
Unudulyp galdym duman düýbünde
Tozan basdym,
emma kalbym kireňsiz
Geljek diýe ýaşap ýörün düýnümde
Girewli ömri hasaplap men girewsiz
Asla haraý islamogam hiç kimden
Her kimiňem öz gaýgysy ýetikdir
Myhmanyňky diýilýädi üç günden,
Aýralykdan ençe hepde ötüpdir
Münejjimler ýylylygy söz berdi,...dowamy...
yurekdes (09.01.2024 / 01:27) okaldy (100) teswirler (3)
Gûÿzûñ gelerine garaşýadym men.+4
Diňe bagtym üçin däl-de, kä halat
ýeke söz üçinem göreşýädim men.
Hiç kime duýdurman, hemem assadan,
Güýzüň gelerine garaşýadym men.
Üstüme gülleriň ysyn sepelän,
Ýeller, ak çabgalar ýazlarda galdy.
Ýöne meniň görmek isleýän zadym,
Süýji arzuwlarym ýazlarda däldi.
Köýnek geýip egne sary güllerden,
Begenýädim güýz gelende çaga deý.
Aýdyň maňa, urup duran ýüregiň
küýsegine bolupmydy çäre heý?
Bir işiň başyna barmaly bols...dowamy...
yurekdes (09.01.2024 / 01:26) okaldy (116) teswirler (3)
ÝÜREKDEN SÖÝ SEN.+2
Tylla saçlaryny ýaýdy ikindi,.
Seň ýoluňa şo-ol garadym oturdym
Bu durmuş düýş bolup duýulmaz indi,
Sen ýene kalbyma şowhun getirdiň.
Häzir başga birin salsa-da ýada
Şapaga boýalan galňas köýnegiň,
Gowsy sen barlygyn aňma dünýäde
Öň bir köýüp, soň ýene-de söýmegiň.
Saçlarmy ýat elleň sypanyn duýup,
Diýäýme: “Baryny gürrüň bersene,
Menden öňem birin söýdüňmi?” diýip,
Soraýma, soraýma, ýalbarýan saňa.
Duýulmasyz zatlar...dowamy...
yurekdes (08.01.2024 / 20:53) okaldy (115) teswirler (1)
Şeýle bolýarmyka bu öçli ykbal, Bigünä söýgüden ar alanynda…+1
Ýaňy ymyzganan hasraty gozgap,
Ýene göz öňümde janlandy şol gün.
Neçün, henizlerem bilip bilemok—
Şol gün juda-juda göründiň solgun.
Durnalaň toýnugna dikip nazaryň,
Sypalap durşuňa güýzüň güllerin.
Bir zat diýmekçidiň,
başarmadyň sen,
Eda bilen gozgansa-da lebleriň.
Ýöne aýdyp başarmadyk sözlerňi,
Seň ahmyrly gözleriňden okadym.
Şeýdip şemal ýaly ýitdiň gözümden,
Goýup söýgimiziň soňky nokadyn.
Haýran bol...dowamy...
yurekdes (08.01.2024 / 20:48) okaldy (116) teswirler (2)
Sensiz oñmaryn.+1
Gyş geldi, Yşk diýen bir derde uçrap,.
Badymyñ gowşanyn biläýen ýaly
Uzak aýralygy depeläp, syçrap,
Köne dostum gaýdyp geläýen ýaly.
Hatalarmy ýuwmak üçin gar bilen,
Öz öñümde aklamaga özümi.
Döwüş gurap köräp duran nar bilen,
Sowatmaga ýüregimiñ közüni.
Aklyk bolup ýagyp dur ol alnyma,
Täzeden direlip dörärim ýaly.
Ýagyp dur ol, ak bolsun diýp ýoluma,
Doñup dur seresap ýörärim ýaly!
Ýüzümden däl, ýüzüme gar ýagyp dur...dowamy...
yurekdes (08.01.2024 / 20:47) okaldy (123) teswirler (2)
Sapdyň+2
Sada söýdüň, sada synadyň,
Säherler senada ýada saldygym.
Alyp gitdiň şäherimiň zynatyn,
Ýolup gitdiň karar kirşin kalbymyň.
Sargaryplar gitdiň, saklap bilmedim,
Permanym pes gelip pälwan pelekden.
Sensiň diýip bagrym dilip diňledim,
Gök titredip aglanynda melekler.
Nerkes gözüň nury öçdi gussada,
Yşk mülküm öwrüldi hesret hüjräme.
Kaýyl däldik beýle ýowuz kysmata,
Taýyn däldik beýle agyr hijrana.
Kem-kem boýun aldym h...dowamy...
yurekdes (08.01.2024 / 20:45) okaldy (162) teswirler (2)
Gabanma!+2
"Gabanyan" diyemde, "Gabanma" diydin. "Aglayan" diyemde, "Gamlanma" diydin. Kate gowunlikdin. Ejiz kalbyma, Kate gownum yykdyn, Donup salgyma. Goresim gelende,"Sabyr et" diydin, Shygyrlarmy okap,"Gabyr et" diydin. Duymadyn yuregmin,Ejiz galanyn, Cydaman dowuldi,Ejiz galamym. "Men yeke" diyemde,Sowdun yuzuni. "Men iki" diyemde,Yashlap gozuni "Meni yekelikde tashlama" diydin. "Menem bir wagtlar tashlanan" diyd...dowamy...
Dreamfull (08.01.2024 / 10:11) okaldy (142) teswirler (2)
Söýgi bilen dolumydy kükregiň+1
Söýgi bilen dolumydy kükregiň Ýa-da özüň durşuň bilen söýgümi Ygşyldadyp gülälekleň ýapragyn Durmuş berdi maňa seniň aýdymyň. Hasrat bilen dolumydy gözleriň Ýa-da özüň doňup galan gaýgymyň? Ygtyýarym elden alyp sözleriň Meni derde goýdy seniň aýdymyň. Ýa şatlyga ýugruldymy ýüregiň Ýa baharlar joşup akýan derýamyň? Seni diňläp hem söýgüden, hem gandan Hem şatlykdan doldy meniň çar ýanym. Göý, ýaşasyn aýdy...dowamy...
Dreamfull (08.01.2024 / 10:05) okaldy (130) teswirler (0)
****+0
"Bir derdim var artık tutamam içimde..."
(Aýdymdan)
Bir derdimiz bardy, añmady hiç kim.
Bizem diýäýmedik:"Serediñ bärik!".
Onsoñam,nä oña dert diýiljekmi?!
Ýeñil ýollar bilen tapylsa däri.
Öz-özümiz aýdym düzüp, hiñlendik
Unutdyk ertiri,öýle,giçligi
Dünýä gurduk ikimizden ybarat
Soñam oña salaýmadyk hiç kimi.
Ökünýäñmi?
Egmesene başyñy!
Indi yza garamaklyk nä gerek?!
Bu dünýäde...dowamy...
Belki (07.01.2024 / 21:56) okaldy (198) teswirler (6)
Ýylgyrdyň,őz bőwrűň őzűň gyjyklap...+4
Ýylgyrdyň,őz bőwrűň őzűň gyjyklap,
Gyssandyň gunçala:n gőwnűň açmaga
Sebàp ýokdy bukjalaryň gujaklap
Őnűp-ősen ojagyňdan gaçmaga.
Gaçdyň gitdiň,sorup ýuwdunaryňdan,
Az ýaly őýňűziň tàmiz howasy
Çagalykdan diňlàn hűwdűleriňden
Ýakymlydyr őýtdűň yşkyň owazy
Aýdym-saza hem zenzelà çolaşyp
Ýetdiň edýàň arzuwyňa-geregňe
Şatlan,aldyň bu şatlygy çalşyp
Ataň-eneň sőýgűsiniň deregne.
Diýýàň bu gűn«Razy bol» bir diysemd...dowamy...
Perman (07.01.2024 / 21:47) okaldy (124) teswirler (3)
Gitmeýäň gerek.+3
Geçmişiň çolaşan ýumagyn söküp
Henizem sen meni ýatlaýaň gerek?!
Ýalňyzkaň otagda göz ýaşyň döküp
Armanly günlere ätleýäň gerek?!
Keşbimi küýsäňde suratym jyklap
Kalbyňy ýalandan şatlaýaň gerek?!
Hyýalyňda ötünç sorap, gujaklap
Söýgüde özüňi aklaýaň gerek?!
Ömrüme ýakymly ýatlama diýip
Menli günleriňi toplaýaň gerek.
Aýralygyň otly donuny geýip
Janyňy ataşa oklaýaň gerek.
Bir namardyň ýazgarylsa edeni
Sessiz başyň egip...dowamy...
Fantom (07.01.2024 / 19:15) okaldy (113) teswirler (2)
Ýaman aýal hakynda.+1
Diňle dostum ýaman bolsa aýalyň,
durmuşda köp bolar çeken zyýanyň,
köýüp gider arzuw bilen hyýalyň,
aýal öýde höküm sürse şeýle bor.
Aklyň haýran bolar çaşyp dargarsyň,
zeýrenersiň öz özüňe gargarsyň,
içiň ýanyp wagtyndan ir garrarsyň,
aýal öýde höküm sürse şeýle bor.
Etjek işiň üstüne gar ýagdyrar,
sygmajak ýeriňe depip sygdyrar,
çagalaň öňünde başyň egdirer,
aýal öýde höküm sürse şeýle bor.
Doganlaryň gele bilmez, çe...dowamy...
Fantom (07.01.2024 / 19:06) okaldy (109) teswirler (0)
"ARAK IÇEŇDE" (degişme goşgy)+2
Bu gün sen sanaýañ çüýşeleñ sanyn,
(Munça içmekligiñ ýokdy geregi)
Sen göýä dälidek ýitipdir añyñ,
çenden aşa köp içende aragy.
çüýşleriñ sany bolupdyr elli,
Seniñ bolup ýörşüñ şondanam belli,
Nirde ýatdyñ,nirde turduñ näbelli,
çenden aşa köp içende aragy.
Kanalizasýañ ysy gelýär ýüzüñden,
Jaý salyp hem boljak egniñ gumundan,
Düşdüñ şeýdip iliñ-günüñ gözünden,
çenden aşa köp içende aragy.
Jülgedir,Awaza hem-de ak bugda...dowamy...
Dreamfull (07.01.2024 / 13:46) okaldy (108) teswirler (0)
Degisme aheñde(Gyzlar!)+1
Bizar boldum telefonyň jaňyndan. Oglumy gününe goýuň siz gyzlar
Jyňňyrdap başlaýar günüň daňyndan
Oglumy gününe goýuň siz gyzlar
"Söýýän" diýip ony oda salýaňyz
Söýeňzogam söýen kişi bolýaňyz
Gaş kakyp,göz gypyp aklyn alýaňyz
Oglumy gününe goýuň siz gyzlar
Agşama howlugýar sagadyn belläp
Duşuşanda berjek sowgadyn telläp
Käte urlup gelýär,dodagyn sallap
Oglumy gününe goýuň siz gyzlar
Ugruňyzda entäp gije giç ýatýar
Düýş...dowamy...
Dreamfull (07.01.2024 / 13:41) okaldy (120) teswirler (0)
Aglasdylar goterdiler jesedin...+1
Aglaşdylar,
Göterdiler jesedin,
Nowjuwan, açylan ter gözel gyzyñ
Ýöne il içinde gepi köpeldi,
Myş-myşlar göterdi öliniñ yzyn.
-Ol, edeplidi.
Estagfuralla,
Adamzat ölmese, görjek her zady
Akylly diýäniñ çykýar bihaýa
Jaý ýerine ýetmänkä, porsady ady.
-Özüne kast etjek gyzlardan däldi.
-akyllydy,
-edeplije çagady,
-Aýt joram, bu zadyñ sebäbi näme?
Ene welin, bagryn tutup aglady,
Gyz gitdi.
Göwrelimiş diýdiler,
Käsi ý...dowamy...
yurekdes (07.01.2024 / 10:46) okaldy (119) teswirler (0)
Gosgy+1
Hasrat cekip bagtly gunlen yuzune Gecip baryan yaslygymyn deninden Ajy gozyas dolup bu gun gozime Aydym aydyan kecpelegin heninden Inni gen goremok soyenlem gitse Genlamok dostlaram gulse ussimden Men durmusdan dine bir zat hantama Kemal tapsam bolya ata kesbinden Yok men ykbalymdan nalamok asla Gapym kakar ahyr bagtly gunlerem Janym sagat, şükür bolamok hassa Janlanyar ahyry solan güllerem Dost diyenlem...dowamy...
yurekdes (07.01.2024 / 10:15) okaldy (111) teswirler (1)
GEREK DÄL. ÖTÄGIT. ÖZÜŇ AKLAMA...+1
Gerek däl. Ötägit. Özüň aklama,
Barybir öz pikirlemden dänmerin.
Meň duýgulam barmaz seniň aklyňa,
Keseki doldurar dolmadyk ýeriň.
"O dünýede hökman duşarys!" diýme,
Şu dünýede gören görgim azmy nä.
Sen zerarly şine ýardy beýnimde
Saňa duşanymdan soňky bar günä.
Ynsap, behişt hakda gürrüň otardyň,
Göz aýlap gördüňmi ylahy ylma?
Gitdiň.
Men maňlaýym tutdum oturdym,
Şol ýerde bir maňlaýyma ýazylma.
Ýogsa How enäniň edeni...dowamy...
yurekdes (07.01.2024 / 10:09) okaldy (107) teswirler (1)
Cagajykdym..+5
Cagajykdym heniz ,eje gujakda Bilermidim?Bu dunyaniñ zulmuny Dunya ineniñden bashlayar durman Ajy hem suyjúli,'Durmush' synagy. Cagajykdym,ak-garany saygarman Kimsi dos,kimsiniñ netini bilman Yylgyrardym ,bagtlydym men bir dowur Sol..cagallyk dowrim,gecipdir galman Cagajykkañ hezil,durmushuñ guni Jahyllyk wagtyñ hem bilenok ceni Wagty gelse,gozñe basyp owredya Bu ykbalda,oz ornuñy bilmegi...dowamy...
Dreamfull (07.01.2024 / 06:27) okaldy (143) teswirler (2)
Gözlen oynamasyn sakla erkini+2
Gözlen oynamasyn sakla erkini,
Din-Imana bagla yürek örküngi,
Elwan bägüllerden ajap görküni,
Yaman gözlilerden gizläp saklagyn..
Dost diyip dushmana baglayma bili,
Musulman gyzysyn yitirme dini,
Öljegini bilsende aldama ili,
Dine hakykaty sözlap yashagyn.
Bir gün gyz bashyna atarlar kürte,
Shol gün gyz bolsanda gelinsin erte,
Süyjülik suwuny yüzüne sürtde,
Bagty bir nikadan gözlap yashagyn.....dowamy...
Dreamfull (07.01.2024 / 06:07) okaldy (148) teswirler (1)
Jemi: 480
Soňky teswirler
Näme üçin erkin internet hiç kime gerekdäl?
Fantom aga gelip "kiçijik burnuñy uly işlere sokýañ" diýip gaharlanmagam ahmal -_+...dowamy...
Näme üçin erkin internet hiç kime gerekdäl?
Bu ýazylanlaryñ esasy aýtjak bolýan zady dünýäde “erkin internet” döwrüniň ýuwaş, ýuwaş azalyp, gutarmagyny görkezýär. Köp ýerler internet giňi...dowamy...
Yslamabatda ABŞ we Eýran gepleşikleri başlanýar. Näme mälim?
Bu taydada şu gürrüňmi .......dowamy...
Dünýä täzelikleri | Yslamabatda ABŞ we Eýran gepleşikleri başlanýar. Näme mälim?
Daniel (Düýn, 10:13)
Daniel (Düýn, 10:13)
YNAMY gorañ
Aý, hawa-da. Ynamyň ilkinji zatlygyny wyždanyna düşündirip bilýàn azda gynansakda ynam birinji zat weli.. ynam diýip beýni stres bile...dowamy...
Ilçi sahaba Abdullah ibni Huzafa r.a
Men-de musulman diýmek ýeterlik bolmaýar. Pygambermiz saw-yň we sahabalarynyň durmuş ýoly, ýaşaýşy we din üçin bitiren hyzmatlaryny bilmek we ol...dowamy...