Ýürekdeş sözler!
OrazM : Öyümde öylänlik alada iti kowup yerinde yatyp yorun yöne şondada siz bn online sps
Erkin mowzuklar
Ýigrimä çenli...+2
Añşyrmadym nädip jahyl bolanym,At dek çapyp gelen ýigrimä çenli.Köpi diñledimde, etdim bilenim,At dek çapyp gelen ýigrimä çenli.Hernä mañlaýymda bar atam-enem,Allam saña şükür,Razy müñ kerem!Bagyşlawer bolsa azaşan ýerim,At dek çapyp gelen, ýigrimä çenli.Arkamdan hanjaryn uran dost gördüm,Kyn günümde goldaw beren dost gördüm.Ýüzlerçe toý, ýene şonça ýas gördüm,At dek çapyp gelen, ýigrimä çenli.Jepasyny datdym ilki söýgini...
dowamy...Aypipijik (03.02.2024 / 22:04) okaldy (148) teswirler (2)
Çopan ogly men+2
Mydam halallyga golun uzadyp,Hiç kimden birjigem geýdirmedi kem.Zähmetini mydam ile göz edip,Goýun,sygyr bakan çopan ogly men.Çölden gelenok ol hat-da hepdeläp,Ýandak basýar güýzlerine petdeläp,Biziñ üçin gara derin seçeläp,Çöl içinde gezen çopan ogly men.Ýöne meniñ ýüregimde ünji bar,Kelläm bolsa mydam dumandyr,şemal,Bir nakyl döredýärşunça gopguny,Olam“Ata kespi ogluna halal”Emma meniñ kesbim çopançylyk däl...Döredip sa...
dowamy...Aypipijik (03.02.2024 / 22:03) okaldy (140) teswirler (1)
Nika+3
Asman ýaly agrasdyñ sen,Çeşme ýaly arassadyñ,Mukkadesdiñ,beýikdiñ sen,Çaga ýaly neressediñ.Kanun ýaly möhümdiñ sen,Suw,howa deý gereklidiñ.Halallyga ýolduñ baky,Bagt,nygmatly tarapyñdy.Ýekesözlük, wepalylyk,Üzülmejek tanapyñdy.Bu gün bolsa ownadyñ sen,Üzüldimi tanaplaryñ?Agyr düşüp ugradyla,Adamzada talaplaryñ...Ynha indi bakylyk däl,Bezeg bolduñ toý gününe.Ondan soñra mähriñ undup,Goýberýänler köp gümüñe.Öñ ýekediñ,ömürl...
dowamy...Aypipijik (03.02.2024 / 20:23) okaldy (127) teswirler (1)
Gitme!+2
Gitme!Sen gidäýseñ,ýitirip ýolum,Azaşmakdan gorkýan,başynda ömrüñ.Gitme!Sengidäýseñ,göýdük galaryn,Gülüp,ýaýnap,döwran sürmeli döwrüm.Bogar meni söýgiñ nalasy,Gitme!Onsuzam horlukdan,horluk çekýärin...Bu söýginiñ azaplary gizlenen,Gowak ýaly oýlarynda çekgämiñ.Gitme!Gitmeklige ýokka zerurlyk,Gum-gukluga atyp,şatlykdan saplap...Söýgi bilen tutan näzik ellermi,Goýbermek netim ýok gam-gussa gaplap 13.05.2016...
dowamy...Aypipijik (03.02.2024 / 20:21) okaldy (148) teswirler (1)
Haýyşnama+7
Men gitmäge mynasypmy,Dälmi ýa? Jogaplarym seň gözleňde galdy ýar. Bu aşygyň kowulmaly däldi ýar, pikirlen,çöz,Gideýinmi,döneýin? Bar bolsa ýer,seň dünýäňde galaýyn?! Oýun bilen,boýun etdik söýgini, Şoň a görä saldy başa gaýgyny, Ýürek indi başgasyny söýdi:rmi? Gitmek aňsat,Emma durmuş däl oýun ,Ejaza ber,seň dünýäňde galaýyn?! Gitjek welin,Ýaşap bilmen ýüreksiz, Sende galdy...Ýitdi menden dereksiz, Belk...
dowamy...Aypipijik (03.02.2024 / 20:14) okaldy (185) teswirler (4)
....+2
“Sözleriň asmana galasy gelýär, emma pikirleriň ýerde. Özen bolmadymy, sözler asmana göterilmeýär”.
Wilýam Şekspir...
dowamy...Aypipijik (03.02.2024 / 20:09) okaldy (148) teswirler (1)
"Payhas"+1
“Arzuwlardyr ar almak ýaly duýgular akylyň sesini eşitmez”.
Wilýam Şekspir...
dowamy...Aypipijik (03.02.2024 / 20:08) okaldy (114) teswirler (0)
Pähimli halypa+1
Şeýh Hamdulla hatdatlykdan başga-da ençeme hünäri kemsiz özleşdiren ezber adamdy. Edil hatdatlykda bolşy ýaly, ýaýdan ok atmakda hem tanymaldy. Ol 1505-nji ýylda okuny 730 metr aralyga atyp, rekord goýmagy başarýar. Ok atylýan meydançada onyň rekordyny tassyklaýan daş goýýarlar. Bu daşyň ýüzüne-de «El-menzili Hamdullah Ibnuş-Şeýh Reisul-Hattatin, Şeýhur-Rahman» (Hatdatlaryň ýolbaşçysy we okçylaryň şeýhiniň menzili) diýip...
dowamy...Aypipijik (03.02.2024 / 20:06) okaldy (139) teswirler (0)
«Özi kiçi, günäsi uly Hamdulla»+1
Eserlerine «Ibnuş-Şeýh» (Şeýhiň ogly) diýip gol çekýän bu pespäl ynsanyň hiç bir eserinde «Şeýh Hamdulla» diýip, yz galdyran ýerine gabat gelinmedi. Şol döwrüň iň uly sungat adamsy bolandygyna garamazdan, özüne hiç hili buýsanmaýan, eserleriniň aşagyna «Özi kiçi, günäsi uly Hamdulla» diýip gol çekýän bu ägirt hatdat ajaýyp eserleri bilen birlikde nijeme şägirt ýetişdirýär. Onuň ýetişdiren şägirtleriniň sany-sajagy ýok. Bi...
dowamy...Aypipijik (03.02.2024 / 20:06) okaldy (116) teswirler (0)
Hatdatlykda täze täriň döreýşi+1
eýlelik bilen, takmynan, 1485-nji ýylda şeýh Hamdullanyň hatdatlyk sungatynda «Şeýh Hamdulla täri» diýen täze bir sahypa açmagy bilen Osmanly döwletinde hatdatlygyň Ýakut döwri öz möwritini tamamlaýar. Bu hakda:
Şeýhogly Hamdy täze hatdatlyk tärin tapdy,
Äleme äşgär Ýakut täri möwritin ýapdy.
diýen goşgy setiri hem aýdylypdyr. Häzirki Türkiýeden başga-da dürli ýurtlaryň muzeýlerinde hem nijeme ajaýyp eserleri duran beýik...
dowamy...Aypipijik (03.02.2024 / 20:03) okaldy (120) teswirler (1)
Her işde haýyr bar+1
Gazaply gyş günleriniň biridi. Kiçiräk bir obadan balykçy gämisi deňze tarap ugrady. Şol barmana deňizde harasat turup, güýçli tolkunlar döredi. Bir salymdan garaňky düşdi. Balykçylar bolsa, yzlaryna dolanyp gelmedi. Eneler, çagalar we aýallar gijesi bilen balykçylaryň sag-aman dolanyp gelmegi üçin dileg etdiler. Olar kenarda gözýetime garap köp garaşdylar. Üstesine, şol gije bir külbede ýangyn döredi. Erkek göbeklileriň...
dowamy...Aypipijik (03.02.2024 / 19:59) okaldy (115) teswirler (0)
Alp teginiň adalaty+1
Tarhy çeşmelerde beýan edilişine görä, Söbük teginiň hojaýyny Alp tegin samanlylardan ýüz öwrüp, Gaznyna tarap ýönelýär. Şondan soň, onuň şalykdan daşlaşmagy bilen samanylaryň döwlet işleri düzgün-nyzamdan çykýar we olaryň arasynda köp sanly agzalalyklar, baş-başdaklyklar döreýär. Alp teginiň köşkden gaýtmagy hakyndaky giňişleýin hekaýaty aşakda beýan ederis.
Alp tegin Gaznyna gelýär. Emma Gaznynyň ilaty galany berk gora...
dowamy...Aypipijik (03.02.2024 / 19:57) okaldy (115) teswirler (0)
DON BOLSA+1
Ten ýapmaga köýnek islär ýalaňaç;
Köýnekli diýr: “Wah, üstünde don bolsa!”
“Baş saglyk” diýp, Hakdan dilär garny aç,
Bäşin tapsa, arzuw eder – on bolsa.
Ol ýigitler çeke-çeke hasreti,
Saparlyk ýüklärge bolsa döwleti,
Ýany birle tapsa ýaragy-aty,
Ýene diýer: mugt, tükenmez nan bolsa!
Köp nan tapyp, eger bolsa köňli şat,
Gyz-gözelden mahbup istär, köp öwlat,
Bu döwleti peýda etse adamzat,
Köňli istär, beýik şähre han bols...
dowamy...Aypipijik (03.02.2024 / 19:56) okaldy (124) teswirler (0)
Ýyldyzlar ylmy+1
Müminleriň emiri hezreti Alydan (radyýallahu anh):
— Ýyldyzlar ylmy barada näme diýersiň? – diýip soranlarynda, ol şeýle jogap beripdir:
— Ony öwrenmekden hiç hili peýda ýokdur. Amala aşmaly zat hökmany suratda bolup geçer. Ony dep etmäge hiç hili güýç ýokdur. Ynsanyň hilesi takdyr peýkamynyň öňünde ejizdir. Eger bir kişi bu ylmyň syrlaryna aralaşyp, ussat derejä ýetäýende-de, boljak wakanyň öňüni alyp bilmejek bolsa,...
dowamy...Aypipijik (03.02.2024 / 19:54) okaldy (116) teswirler (0)
MUGALLYMYŇ SÖZI+1
Mugallymyň sözi – Watanyň sözi,
Ol söze ýerleşýär dünýä dek mazmun.
Mugallymyň sözi kanun mekdepde,
Mugallymyň sözi öýde-de kanun.
“Mugallym şeý diýdi!” diýer çagalar,
Mugallym diýdimi – kesiler jedel.
Mugallymyň aýdan sözün gaýtalap,
Çagalar daň bilen mekdebe gider.
Mugallymyň aýdan sözün gaýtalap,
Çagalar ýene-de mekdepden gaýdar…
Onsoň çagalar hem mugallym bolup,
Ol sözi
Geljekki
Nesile
Aýdar.
Ýaşar,
Işlär ýörer mug...
dowamy...Aypipijik (03.02.2024 / 19:53) okaldy (119) teswirler (0)
ÝÜREK+1
Ýüregiňizi diňläň!
Baryň huzuryna päklenip kemsiz.
Uzyn gijelerde galyň ikiçäk.
Darkaşyndan başly – barat duýgulaň
Ýürek – size sypalgadyr ýeke-täk.
Ähli hossarlardan, dosty-ýarlardan
Golaýdyr ol, iňňän golaýdyr size.
Öwrüm-öwrüm, aýlaw-aýlaw ýollaryň
Haýsynyň nireden çykarjagyny
Şol aýdar size.
Şol aýdar müşgilleň asan çözgüdin,
Şol aýdar –
Şoňkudan özge ýalandyr.
Alla owal-başda ynsan ogluny
Ýere gönderende nurundan ý...
dowamy...Aypipijik (03.02.2024 / 19:52) okaldy (120) teswirler (0)
«Halas ediň!»+1
Beýgelmek üçin däl — dag boljak boldum
Barha köp synladym dagyn ýüzüni.
Çünki, ol uzakdan ýetirdi maňa
Bir bendäniň: «Halas edin!» sözüni.
Kim ol bende?
Haýsy darda asylýar?
Bogýar ony haýsy deňzin buzlary?
Ýatsam-tursam rahatlyk berenok
Ýüregimde: «Halas ediň!» sözleri.
Gözlerimi açdy asyryň güýzi,
Haýyram, şer işem açdy gözümi.
Menin galamymam antenna menzäp,
Tutdy durdy «Halas ediň!» sözüni.
Bagtly b...
dowamy...Aypipijik (03.02.2024 / 19:50) okaldy (128) teswirler (0)
Teňňeleriň şyňňyrdysy+1
Ymam Muhammet Hasanyň okuwçylarynyň biri Müsüre barypdyr. Şol ýeriň halky gysgançlykda ýakasyny tanadan eken. Ol bir dükanyň öňünde oturyp, horjunyndan çykaran gury çöregini iýip başlapdyr. Ol çöregini iýip bolup, ýerinden turanda dükançy ony saklap:
— Bahasyny töle – diýipdir.
— Nämäniň bahasyny?
— Çöregiňi iýip otyrkaň, meniň peýnirimiň ysyny aldyň. Şonuň bahasyny soraýan.
— Elbetd...
dowamy...Aypipijik (03.02.2024 / 19:48) okaldy (127) teswirler (0)
Kerpiç+1
Bir gün bir adam kazy Iýazyň ýanyna gelip, oňa sowal berýär:
— Eý musulmanlaryň ymamy! Eger hurma iýsem, dini taýdan günä bolarmy?
— Ýok.
— Eger oňa biraz sirke garyp iýsem, nähili bolar?
— Zyýany ýok.
— Suw içsem näder?
— Rowa bolar.
— Hurma şeraby şu üç zatdan düzülýär. Oňa näme üçin haram diýýärsiň?
— Eý, ýaşuly! Seniň kelläňe azajyk gum döksem, kelläň agyrarmy?
— Ýok.
— Eger bir owuç suwy kelläňden döksem, n...
dowamy...Aypipijik (03.02.2024 / 19:46) okaldy (131) teswirler (0)
Rabyýa Adewiýýe+1
Aýratyn bir gorag perdesi astynda saklanylan, yhlas örtüginiň aňyrsynda gizlenen, yşk we wysala gowuşmak islegi bilen tutaşan, Allaha ýakyn bolmaga we onuň yşkynda ýanyp-köýmäge islegli bolan, Merýem Safyýýanyň ýoluny dowam etdiren, erenler tarapyndan sylanýan Rabyýa Adewiýýe bir gezek şeýle diýipdir:
— Biri garşyma çykyp, menden: «Näme üçin erkekleriň hatarynda olar bilen deň zikir etdiň?» diýip sorasa, oňa: «Pygamber al...
dowamy...Aypipijik (03.02.2024 / 19:45) okaldy (125) teswirler (0)
Jemi: 2279
Soňky teswirler
Ýokaryk