Ýürekdeş sözler!
yurekdes : Sevilmek değilde oncelikle kirmadan, dökmeden oyle güzel sevebilinki Allah'in izniyle cevabida bi o kadar güzel olsun #yurekdes
Şygyryýet dünýäsi
HENIZ DURMUŞA ÇYK DIÝME Ejemjan Chykmadyk gyzlara bagyslhlansyn bu goshgy+3
Aşyp ençe ýol-ýodany gelemsoň,
Uly gyz bolupsyň diyme Ejem jan!
Seni küýsäp, bir sen diyip köýemsoň,
Başga ojak gülisin diyme Ejemjan!
Tüsseledip meni hem kalpdaky şygry,
Hiç gutarmaz durmuşyň bygyr-bygry,
Saýlan bolsaň özüňe gerekli ugry,
Wagtyň boldy ak yoluň diyme Ejemjan!
Heniz henizlerem, çaga men çaga,
Boýun bolmak kyn gelyä gitmek ýazgyda,
Entekler odemedim beren ak süýdüň,
"Bagtly bolsaň besdir" diyme Ejemjan!...
dowamy...BAYOGUL (07.09.2024 / 20:23) okaldy (114) teswirler (0)
Söýgi goşgusy...+5
“Мы в жизни любим только раз, а после ищем лишь похожих”
С.Есенин
Pessaýja hiňlenip aýdym aýdardyň,
Sesiňi çykarman diňlärdiň şygyr.
Şol ýuwaşja aýdan aýdymlaryňam,
Saňa goşgy diýip aýdanlarymam
Ýatlamak, ah, häzir şeýle bir agyr.
Ýatlamadan göwnüň gönenmeýänin
Bilsemem, ýürege ýetenok erkim.
Ýogsa, seniň aýdan aýdymlaryňy
aýdaram,
goşgymy diňlärem her kim.
Bagryň badaşanyň bagtyňy görmän...
dowamy...Baron (07.09.2024 / 18:48) okaldy (158) teswirler (3)
“Göwün suw berermiş arzyly göwne...”+6
[i]Alty aý mundan öň tutupdym bir bagt,
Bu bagtym bagtlara sep bolar öýtdüm.
Häzir bolmasa-da, haçandyr bir wagt
Dertli geçmişime nep bolar öýtdüm.
Göwün suw berermiş arzyly göwne
(Şeýle göwne eýe bolsa her göwre...),
Etmekden saklanan işlem bir döwre
gurap, uly ile gep bolar öýtdüm.
Az dymdym, “Döz gelmez dymşyma” diýip,
Şem boldum, “Dözmezler damşyma” diýip,
Gaýypdan ses gelip, “Daň şuňa!” diýip,
Ykbaly ykbalma ýüp...
dowamy...Baron (06.09.2024 / 13:27) okaldy (193) teswirler (2)
Özdemir Asafdan.+2Erkinligi elinden alynan çaga uly adam diýerler...
Agzyñda ýalan barka gürleme!
Ýalñyzlyk paýlaşylmaz, paýlaşylýan bolsa ýalñyzlyk bolmaz!
Men onuñ gülüşine öldüm, ol meniñ ölüşime güldi. Garaz parhlydyk...
Bagt berip bilmejek bolsañ, wagtyny almaly dälsiñ.
Biderek çyrpynma göwün! Diñe söýmek ýetenok.
Ähli reñkler shol bir wagtda hapalanýardylar, birinjiligi a:ga berdiler.
Ne baýlyk isleýärin, ne-de bir pul....
dowamy...Agzamen (06.09.2024 / 04:30) okaldy (178) teswirler (3)
✍ ✍ ✍ ✍ ✍+1Yşkbaz duýgularmyñ keýpi ýok bu gün, Has bir gamly saz küýseýär göwnümem. Geçenlerden çelgi gözleýän, argyn serhoş kimin ýolda agan göwre men. "Yşgyñ gözi kör bolýamyş" diýseler, Gelen bagta gözün ýuman düñle men. Bir biwepañ altyn saýyp sözüni, Gulak gapdym Käbäm diýse diňlegin Soñ düşündim, Zor düşündim bar zada, Kämillige giç ýetişen terne men. Durmuş indi her hatamda aýaman, "Taýak paýym" berýär, Ky...
dowamy...Agzamen (06.09.2024 / 04:24) okaldy (136) teswirler (2)
Roman ýazyp bolarmy?+0
Roman ýazyp bolarmy ?
Goşgy ýazýan kän ýöne, roman ýazýan azalýar .
Şunça kelle agyrdyp roman ýazyp bolarmy ?
Hiç gazanjyň bolmasa , begenjiňem az bolýar.
Gara saçyň agardyp roman ýazyp bolarmy ?
Özüm tanalman geçeýin tanalsa eserlerim,
Tekepbirlikden gaçaýyn halansa eserlerim,
Jan watanym belent bolsa menem hiç peselmerin ,
Watanmy beýgeltmek üçin roman ýazyp bolarmy ?
Ýene oglan howlugýar tudanasy bişmedik.
Ýyllar ýe...
dowamy...Gerceknazar (04.09.2024 / 23:02) okaldy (153) teswirler (0)
Men-ä okaň diýjek. ?+0
Toý
Gutardy syýahat.
Köşeşdi ýeller.
Ine-de gämiler kenara çykýa...
Sähelçe tolgunsaň titreýä eller,
Gözýaş ejizligiň minnetin çekýä.
Söýgi flotunyň matrosy bolup,
Arzuwlar deňzinde niçe ýyl ýüzen,
Müň günüň gülünden bir çemen bogup,
Bir gülüň tarypyn müň sapar ýazan.
Bu gün güýçli şemal ýelkenin ýolup,
Giň deňizde küreklerin ýitiren...
Bagtyňa kölege salmajak bolup,
Uly toýuň bir çetinde oturan --
Kolumbam däl,
Magel...
dowamy...Belki (04.09.2024 / 20:28) okaldy (184) teswirler (2)
LEBAP, HOŞ INDI!+9
“Biz gitdik, sen galdyň, Lebap, hoş imdi!”
Seýitnazar Seýdi
Saňa ýürek sözlerimi diýeýin:
Biz gidýäs, sen galýaň, Lebap, hoş indi!
Bäş ýyl geçip gitdi bäş sagat deýin,
Biz gidýäs, sen galýaň, Lebap, hoş indi!
Köýteniňden şypa tapdyk — kän gezdik,
Ýazlap ýaýlalaňda, derýaňda ýüzdük,
Bilýän, nije myhman alansyň biz dek,
Biz gidýäs, sen galýaň, Lebap, hoş indi!
Sende dostlar tapdyk, gazandyk gardaş,
Ogullaryň — d...
dowamy...Baron (04.09.2024 / 09:22) okaldy (166) teswirler (4)
HAÝYŞYM...+10
[i]Ýyldyrym çakdyryp göreçlerimde,
Aladaly gabat gelýäň ýygydan,
Hemem gursagymy otlap goýberýäň
(Bagtyň bolsun, geçmişimi ýylydan!).
Käte hal-ýagdaýyň sorasym gelýär,
Artyk zadam islämok-la men indi.
Sebäp, birçak boýun aldym söýginiň
Seň eýeli ýüregiňde sönenni.
Ýöne meň gursagym sowabermedi,
Gün-günden örç aldy tutaşan ataş.
Haýyşym: ünjüli görmäýin, dünýäm,
Maňa bagtdan dolup-daşýarkaň sataş!
[b]©Sapa HOMMADOW[/...
dowamy...Baron (03.09.2024 / 08:27) okaldy (230) teswirler (3)
Durmuş nowellalary+2
DURMUŞ NOWELLALARY
Juda çylşyrymly durmuş kitaby,
Okabam bolanok,görüp bolanok.
Nowelladan doly onuň her baby ,
Soň näme boljagny bilip bolanok.
* * *
Internetden görüp howaň ýagdaýyn,
"Şu gün howa maýyl bolar" diýdim men .
Ýagyş ýagdy hem Gün çykdy,ýel durdy,
Howa bäş minutda üýtgeýän eken.
* * *
Gözlerime gülüp şat bolup gitdi,
Dostlarym ýürekde ýalynym boldy.
Görüp ýören gyzlam ýat bolup gitdi,
Hiç görmedik gyz he...
dowamy...Gerceknazar (02.09.2024 / 21:51) okaldy (156) teswirler (0)
"Saňa iň soňky gezek..."+2Iñ gowsy
uzak hoşlaşyp durma!
Belkem
Demim hoşlaşygyñ ahyrna ýetmez.
Soñky gezek sorsam bolýar jigerme
Meni ýylatmadyk mähriñ ysyny.
Posalaryñ geregme däl
Bukup goý!
Emaý bilen bukjañdaky mata deý.
Kirden,
kimirden aýap,
Bagtyñ boljak ýigdiñ gelip açýança—
Gyzlyk dünýäñ
Bukjasynda epip goy!
Unutma..!
Meni däl–
men hakdaky barja zady
unutmagňy unutma!
Maña ýatlamalary,
Ähti ýalan sözler...
dowamy...Agzamen (02.09.2024 / 15:45) okaldy (253) teswirler (1)
Dileg+1
Dileg etsem senden beýik Allahym, Owal başda din,imandan aýyrma. Başymyz dik bolsyn, sag bolsyn janym, Akyl-huşdan, abyraýdan aýyrma. Zar etme Hudaýym özgäñ malyna, Pis adamlar gelmawersin ýanyma. Goýma meni dogan-gardaş zaryna, Watandan,ýarymdan, ilden aýyrma Dost diýip saýlanym duşman bolmasyn, Ahyrky edenim puşman bolmasyn, Wagtyndan oñ omriñ güli solmasyn, Zybandan, kelamdan, dilden aýyrma. Amangeldi...
dowamy...yurekdes (01.09.2024 / 21:51) okaldy (148) teswirler (0)
Mümkin däl söýgi+5
Seni tapan günüme
gidesim gelýär
Düşýä gerem ýadyňa?
Şo-ol sesimi eşitmeseň
oňmaýan günüň.
Giñ dünýäde menden özge gözel gyz
Ýokdur öýden günüň!
Heniz söýgi sözün aýtmankaň sesli
Yrylan günüm.
Eşdiň, daglar-daşlar,
Tutuş adamzat
"Aşyk boldum" diýip, gygyrjak bolup,
Zordan saklanan günüm!
Goşgularymyň ýalňyz obýekti hem-de
Subýekti bolan günüň.
Ýaşamagyň lezzetin duýan günüm
Seni tapan günüm...
Mümkin däldik!
Ykbalam b...
dowamy...Belki (01.09.2024 / 20:35) okaldy (274) teswirler (4)
Güýz goşgulary+7
GÜÝZ GELDI... (Gurbannazar Ezizowyň ýagty ýadygärligini hatyralap) Güýz geldi. Dünýäniň ýüzi agraldy, Sarylyk baglarda başlady “işe”. Biz indi şatlygy unutdyk biraz, Gam çekmek güýze-de, maňa-da pişe. Güýz gelende gussa batýar tebigat, Öz şahyr oglunyň aglap agysyn. Köp ýyllyk aýralyk onuň täleýne Hem agras ýüzüne salypdyr gasyn. Ol perzent dagyny çekýär, Men bolsa, onuň ýowuz ykbalyna...
dowamy...Baron (01.09.2024 / 11:03) okaldy (174) teswirler (2)
SÖÝERIN+3Meñ söýgime arzuw diýme ezizim,
Bir çak senden ýüz dönderip giderdim.
Meň söýgime ýaşlyk diýme ezizim,
Bezzat ýyllar alnyň çyzyp gidende
Bu günkimden has-da artyk söýerin.
Meň söýgime bahar diýme ezizim,
Kän gagşadym bu söýginiň yzynda.
Gyşam diýme, gagşasam-da doňmadym,
Ýogsam ýolym garlar örtdi dyzymdan.
Mähriň bilen ýylat bagtly söýerin.
Meň söýgime dälilikdir öýdäýme,
Taýak düzedermiş "zynjyrlamany".
Taýag-a däl,...
dowamy...Agzamen (31.08.2024 / 21:06) okaldy (159) teswirler (0)
At tapamoklai 2+3Ýola çykdym—ýöremegi unudyp,
"Gijä galýaň!" ylgatdylar "bol" diýip.
Ahyr ýetdim, tapman çelgiň subudyn,
Yza gaýtdym gizlenere don geýip...
Dost tutundym dostsuzlygy, täkligi,
Gamlanmagy şärik etdim özüme.
Men asmany kagyz edip aldym-da,
Güni pozup, ýyldyz çekdim ýüzüne.
Ýykyndydan öz dünýämi döredip,
Hezil edip ýumrukladym, owratdym.
Suratyňda tapyp bilmän geljegim,
Ýakyp külün şemal bilen ugratdym.
Sen maňa hiç döz...
dowamy...Agzamen (31.08.2024 / 21:01) okaldy (152) teswirler (2)
At tapamoklai+3Etmeli zatlaryň baryny etdim,
Gynandym, agladym, samradym sesli...
Kagyzlary otlap çykdym–ýylandym,
Rahatlyk. Gursagmy semredip esli
Süýtreňi, burugsy tüsseler garlan
Howadan dem dartyp içe, gijäniň
Için ýakdym.
Garaldyp içim.
Neçün?
Göýä, Taňrysy deý öz ýazgydymyň,
Gazaplandym etmişine bijämiň.
Baýguş bolup ýeke özüm keýp çekdim,
Gynanç bilen gülki humarym deňläp.
Ejem şol gün menden tamasyn üzdi,
Al, jyn kakyp telbe b...
dowamy...Agzamen (31.08.2024 / 20:49) okaldy (152) teswirler (1)
"Şahyrman"+3Men seni söýdüm,
Senem meni söý.
Men seni söýýän
Senem "Menem söý-
ýän seni" diýber.
Seni görsem men
Çaşýanla dilber.
Wah, bir bilseň sen.
Seniň şanyňa
Bir tonna goşgy,
Bir kamaz öwgi,
Bir ambar duýgy,
Eçilip goşdym.
Üç ýüz altmyş bäş
Ukusyz gije,
Ýene şonça-da
Saňsar dek gündiz
Berdim men eje,
Şo gyz diýibem,
Ýördüm men eje,
Gijeler entäp.
Ýordum men eje,
Düýşlerim bikär.
Şo gyz bolmasa
Meşhur bir bilgiç,
Bolardym ej...
dowamy...Agzamen (31.08.2024 / 20:43) okaldy (176) teswirler (3)
Aý, bolýar...+3
Aý, bolýar…
Men pelege gargap barýan içimden,
Pikirlem bulaşyk,
duýgulam dury.
Gyzgyn kofäň howry gidip kem-kemden,
Boşapdyr kalbymyň arzuw bulgury.
Jaň etsem almadyň. Gaty gördüňmi?
Seni näme diýip öýkeletdimkäm?!
Ýa bir sözi aýtman göwne degdimmi,
Ýa yşka meşgulmyň? Ýeri, ol kimkän?
Aý, bolýar, bolmasa bolmajagydyr,
Başyň esen bolsun, gijeleň mahmal.
Mensiz oňýan bolsaň durmuşyň şowdur,
Bagtly bolmasaňam,
rahatsyň, a...
dowamy...Belki (31.08.2024 / 09:24) okaldy (146) teswirler (1)
Şahyrlyk ýörelgesi.+4Jedel gitdi: "Nädip şahyr bolmaly?".
Biri diýdi:
"Söýüp soň ýanmak gerek",
Biri diýdi "Ýanyp soň sönmek gerek".
–"Eý, how döwürden dönmek gerek..."
–"Gyzyklyj-a erteki düzmek gerek".
–"Gözelligi görmek, duýmak gerek".
–"Bogun sanam-a dogry bilmek gerek".
–"Nämä gerekmiş-aý? "Täzeçillik" gerek",
"Söýýän" diýiň, "köýýän" diýiň,
"Görmeseňizem köýüp,
Galmasaňyzam söýüp.
Gaşyna bir goşgy ýazyň,
Al ýaňagyn güle deňäň,
Sowgat be...
dowamy...Agzamen (30.08.2024 / 22:59) okaldy (165) teswirler (4)
Jemi: 1349
Soňky teswirler
Ýokaryk