Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : “After meeting you, I always smiled. You always made me smile.”
Şygyryýet dünýäsi
Eliñi ber baş goýaýyn gursagña...+2
Eliñi ber baş goýaýyn goluña,
Demim mähir doly gursagña siñsin...
Erkiñ bilen bir pursatlyk söý meni,
Ajygan heserim yşgyñdan emsin.
Gözlermi ýumaýyn sämesin serim,
Pyşyrdyñ gulagmy geçsin gyjyklap.
U:ka berileýin günasiz cagañ,
Enesini ýatyşy deý gujaklap.
Gora düýşlerimi perişde bolup,
Gorasañ, bagtyma daýanaryn men.
Hem dañ säher wagty diñe bir seni,
Söymekligim üçin oýanaryn men.
Laçyn Öwezowa....
dowamy...yurekdes (26.07.2024 / 19:51) okaldy (157) teswirler (6)
Я вас любил... (А.С Пушкин)+2
Я вас любил: любовь еще, быть может,
В душе моей угасла не совсем;
Но пусть она вас больше не тревожит;
Я не хочу печалить вас ничем.
Я вас любил безмолвно, безнадежно,
То робостью, то ревностью томим;
Я вас любил так искренно, так нежно,
Как дай вам бог любимой быть другим....
dowamy...yurekdes (26.07.2024 / 19:49) okaldy (160) teswirler (4)
Azalyarys goya frontda yaly+5Birgun Bayly gitdi, Degishgen washi Bir gun Asyrynda Serildi lashi Bir gun Sara dayzani akidipdiler, Duyn hem eshidildi Tagandan Habar Sheydip Hassalykda bolan doganlar Dynyp baryar Barha Azalyar olar Men Size Minnetdar gaygyly gunim Ruhy pesligimi ayyryp menin Sara diydi yash yigit hic Gamlanma Bu dunyanin Hasratyna duwlanma Tagan agam diydi ey doktor yigit Gyz bir tapypdynmy bolarlyk jubut.. Ashyr agam Kus...
dowamy...Мерет (26.07.2024 / 19:08) okaldy (189) teswirler (4)
Ýene 10 ýyldan şeýle boljakmyş+3
Ýene 10 ýyldan şeýle boljakmyş,
Gyz tarap oglana sawçy barjakmyş,
Hindileň şol däbi bize geljekmiş,
Begeniň oglanlar gynanyň gyzlar.
Gyzlaryň yzyndan barmaly dälmiş,
Näzlerini çekip ýörmeli dälmiş,
Galyň diýlen zadam bermeli dälmiş,
Begeniň oglanlar gynanyň gyzlar.
Bolmasa gyzlaryň okuwam işem,
Aljak dälmiş ony oglanlaň hijem,
Ýaman boldy gyzlar çykmasa bijäň,
Begeniň oglanlar gynanyň gyzlar.
Ýogsa oglanlary bildiňiz k...
dowamy...BAYOGUL (26.07.2024 / 13:29) okaldy (188) teswirler (6)
Eger...+0
EGER...
Gözleseñ, görmesem,
Aýtsañ, eştmesem,
Duýmasam gussañy, kikirdileriñ.
Dälirändir öýdüp azara galma,
Täsin ahwalda ýa pikirdedirin.
Aýtjak bolma lukmana-da, molla-da,
Doga şeýle, gider indem ölýänçäm.
Bir haýyşym, garaş, garaşyp bilseñ,
Hiç zat diýme tä özüme gelýänçäm.
Bir dünýäm bar, düşünmersiñ açmasañ,
Men öz hyýallarmyñ yzyndan gidýän.
Käte erkin ruhum göwräme sygman,
Özümden gidemok, özümden gidýän.
Gorkm...
dowamy...yurekdes (25.07.2024 / 23:59) okaldy (153) teswirler (2)
Edebiyat agshamy+6Edebiyat agşamy..' Hormatly agzalar Hormatly dostlar, Mahriban zenanlar we Saydymyzyn Gadyrly administratorlary..! Bir teklip bilen Size yüzlenmek isleyarin, yagny saytdaky wirtual durmuşy Reallaşdyrmak maksady bilen kiçirak duşuşuk gurnamak yagny Has aydynlaşdyrsak Edebiyat agşamyny gurnamak isleyarin.. Biz Wirtualnyy durmuşdaky tanyşlar dostlar, gelin wirtuallygy aradan ayryp hakatdaky tanyşlar dostlara owurlelin...
dowamy...Мерет (24.07.2024 / 00:32) okaldy (545) teswirler (23)
Biwepa yar!+3
Ah, sen söymän ekening. Gurup hile bu ynanjan yuregme. Necún önden muny duýman ekenim. Hasrat baryn päk söyginin deregne. Hawa, hawa, hazirlerem yadymda, Dikip mana ya$ly go$a dideleng Aglamjyrap ýuwa$jadan "EZIZIM SÖÝÝÄN" diýip mana beren wadalang. Ana, $onda bagytlydym hemmeden, Göýä sensiz gecmejek dey birje gùn. Emma sensiz gecip gitdi nice ýyl. Belki $udur $um ykbalda görjegim. Biwepa ýar oylanmad...
dowamy...BAYOGUL (23.07.2024 / 08:07) okaldy (158) teswirler (2)
Gözler ýygyrt atmaýarlar+2
GÖZLER ÝYGYRT ATMAÝARLAR
«Özgereris ikimizem, ýyllar soň,
Ine, basym ýadyňdanam çykaryn».
Ýanymdan gideniň ýadymdan gitmez,
Aýralygy neneň edip çekerin?!
Seň ornuňda ýüregimde ýer tutar,
Saňa derek seni küýseýän zarym.
Gözler ýygyrt atmaýarlar, mähriban,
Gerek bolsa dideleňden tanaryn.
Aldyň-da eliňe sapakdyr iňňe,
Akja köýnegimi çatyp başladyň.
Köýnegmiň gursagna batan iňňe deý,
Kirpikleň kalbyma batyp başlady.
Bit...
dowamy...Belki (22.07.2024 / 17:47) okaldy (142) teswirler (0)
Meni ýazgarma!+2
Bu saña ýazjak ilkinji we iñ soñky hatymdyr.Senden bu hatym üçin hiç hili jogap talap etmeýärin.Edil şonuñ ýaly-da jogaplamagyñy islemeýärin.Isleýän ýekeje zadym maña düşünmegiñ we ýazgarmazlygyñ.
Ýagty jahana gözümi açan günümden tä şu güne çenli hiç kesi söýmedim.Söýgi bildirenlere ýyly söz bermedim.Çünki ykbalymdan çykyp-çykmajagy näbelli kişini söýmek meniñçe uly töwekgelçilikdi.Muny "Gyzlar hiç kim bilen söýüşmeli dä...
dowamy...Belki (22.07.2024 / 15:26) okaldy (141) teswirler (0)
Nirä barýas deñi-duşlar?+2
Ar, namysy ýitirip,
Atan Güni, boş batyryp.
Enelere dil ýetirip,
Nirden gelýäs döwürdeşler?
Nirä barýas deñi-duşlar?
Nyrhdan düşýä lebiz, wada,
On sözlülik boldy moda.
Paçak ýaly galyñ dide,
Nirden gelýäs döwürdeşler?
Nirä barýas deñi-duşlar?
Oýunjaga döndi ýürek,
Bir gursakda bäş-on, gyrnak.
Saçlar sary, uzyn dyrnak,
Nirden gelýäs döwürdeşler?
Nirä barýas deñi-duşlar?
Ejelerden köçe möhüm,
Atadan alnanok...
dowamy...Aixcam_nx (22.07.2024 / 01:35) okaldy (175) teswirler (6)
Suratyňa seredip...+4
Köp kişi ýaly oturşyñy, eliñi, goluñy ýörite laýyklaman bolşuna görä düşüpsiñ ýaly. Muña garamazdan şeýle ajaýyp! Ýüzüñ Gadymy Gresiýadaky heýkeller mysaly birkemsiz. Päkize gözleriñ üstünde gara gaşlaryñ Garagum mysaly ýaýylyp ýatyr. Gaşlaryñ bilen reñkdeş saçlaryñam gözümden sypmady. Myssa ýylgyrypsyñ. Dendan dişleriñ birkemsiz döredilen eseriñ bir bölegi ýaly. Egniñde ýüregiñ kibi ak eşigiñ bar. Suratyñy eýýäm gör, näç...
dowamy...Belki (21.07.2024 / 22:08) okaldy (144) teswirler (3)
Bir hesretli söýgi wakasy: "Mähriban!"+0
"Sarı saçlarına deli gönlümi
Bağlamışım,çözülmüyor Mihriban!"
Şu aýdymy diñläp görüpmidiñiz? Men gör näçe gezekler diñläpdim.Onda-da her jümlesine ýüregmi eze-eze.Boş wagtlarymda birdenkä şu aýdyma tutduryberme gylygymam ýok däl.Aýratynam aýdymyñ goşgusyny ýazan şahyr Abdyrahym Karakoçyñ bu goşguny ýazmagyna sebäp bolan hesretli söýgüsini diñlänimden soñ aýdymyñ mendäki orny ulalmak bilen boldy:
"Ol maña hat ýazardy,men...
dowamy...Belki (21.07.2024 / 21:43) okaldy (196) teswirler (4)
Meniñ ýaly pyýada şazadalara
+2
PYÝADA GELDI "ŞAZADAÑ"...
Gaharma çenden öteräk
gidenmi bagyşla meniň!
Gorkym seni ýitiräýmek,
Hedermi bagyşla meniň!
Şuny ýatla ynjanyňda,
Sende kalbym, hyýalym-da,
Şu çak ýok bolan ýanyňda
bedenmi bagyşla meniň!
Bilýän, göwnüň gamdan ýadan,
Ýene ynjytdym men nadan,
Pyýada geldi "şazadaň",
Bedewmi bagyşla meniň!
Ikimiz ýarpy göwre dek,
Ýaşaýyş däl birleşmesek,
Didämiň nury, şu gezek,
Edenmi bagyşla meniň!
Mätgurban...
dowamy...BAYOGUL (21.07.2024 / 15:35) okaldy (180) teswirler (3)
Eshidemok+1
Bu ömürde ep-eslije zat gördük,
Ýakyndanam mähribanyrak ýat gördük,
Özi garyp, ýöne göwni shat gördük,
"Gara, ak bolupdyr" diýip eshidemok.
Kä ondan, kä mundan öwüsýär shemal,
Azgynada ahyr tapylýar zowal,
Öwüt-ündew bilen asly bikemal,
"Kemal tapypmyshyn" diýip eshidemok.
Synlap bu dünýede töwerek-dashy,
Eshitsekde her hiliräk mysh-myshy,
Gara gazan kimin shar-gara kishi,
"Duw-ak bolupmyshyn" diýip eshidemok.
Söýýäniñ...
dowamy...Orazjan (21.07.2024 / 11:42) okaldy (160) teswirler (2)
Yşk sungaty!+4
Utan!
Uýal!
Ýazyklysyñ göwnüm, sen!
Elmydama bat berilmez galama.
Heýem, "Şygyr ýazdym" diýip, boljakmy?!
Şygyrdan has jadylaýjy nazara.
Müñ setiri gaýra duruzjak keşbe
Şygyr sowgat edip bolmaz hiç mahal.
Heýkel gur şanyna
Ýunan tañry deý
Bina galdyr mysalynda Täçmahal.
Şol mynasyp eger jadyly sungat
Irde-giçde bagyş etseñ birine,
Hytaý diwaryny gaýra duruzsyn,
Rakyp bolsun Eýfel atañ diñine.
Çykyp biler sungatyñ çür...
dowamy...Belki (20.07.2024 / 19:52) okaldy (152) teswirler (2)
"Ömrüme pent".+3
Şahyr!Şahyrlygyň çyn bolýan bolsa,
Sönüp, ýanyp, ýene sönüp, ýanyp git.
Ynsanlyk ýazgydyň çuň bolýan bolsa,
Gara ýere çümüp, çykyp, çümüp git.
__________________________________
Hem akyl ber, hem iliňden akyl al.
Kitapdan däl, gara ýerden nakyl al.
Alan zadyň demiň bilen ýakyp al,
Soň ýene-de ýeriň süýdün emip git.
______________________________________
Dag ýoluna, çöl ýoluna belet bol,
Dag ýolunda – çat açmaýan polat...
dowamy...Madi (20.07.2024 / 17:42) okaldy (162) teswirler (6)
Gedem gyza+3
Jogap bermän, ýeke agyz geplemän,
Sen nämüçin ýigidi kän kösediñ.
Zaryñy çekipdir telim hepdeläp,
Halyña dözmedim, synlap keseden.
Siziñ ýanyñyzdan geçipdir ýoly,
Işe, toýa, garaz, nirä gitse-de.
Hamana, ol göze ilmeýän ýaly,
Yşk derdini ýeñletmänsiñ pisseçe.
Bileñok, gedemlik ~ akmagyñ däbi,
Sen onuñ ýüzüne äñetmänsiñem.
Wah, onuñam arsyzlygyñ sebäbi,
Söýgi ~ kän alkyşlar, näletler siñen.
Gumry bol sen ýa-da meñze jer...
dowamy...BAYOGUL (20.07.2024 / 17:23) okaldy (160) teswirler (6)
Utan+3
..Seni meñzedipdik
Ol göwher Aýa.
Arman ol bahany,
Çalyşdyñ şaýa.
Eý sen ýeñles zenan,
Eý sen bihaýa,
Özüñe taý tutan
Ýoluñdan utan!
Seni baýdak edip,
Göterdik arşa.
Jemalyñy ýaýyp,
Ýetirdik arşa,
Haýp, bar umydy,
Göterip garşa,
Tapan oýunlañdan,
päliñden utan!
Eliñe tutdurdyk
Jylaw erkiñi.
Dumana gapladyp,
Nebir durkuñy,
Pul üçin mazamlap,
Gunça görküñi,
Harama sowulan
ýoluñdan utan!
Ýurt sökdüñ aýlandyñ,
Hajy öýdüpdi...
dowamy...BAYOGUL (20.07.2024 / 17:10) okaldy (158) teswirler (3)
Ah, bu gyzlar...+5
Sallanjyrap, erkiñ alar eliñden,
Ah, bu gyzlar, ah, bu gyzlar, bu gyzlar.
Lak ataýsañ, bela goýar diliñden,
Ah, bu gyzlar, ah, bu gyzlar, bu gyzlar.
Saçyña seredip "Daýy" diýýärler,
"Siz indi öýdäkiñ paýy" diýýärler.
"Biz göçgünli jahyl taýy" diýýärler,
Ah, bu gyzlar, ah, bu gyzlar, bu gyzlar.
Sizi Gün deñinde goýasym gelýär,
Sönüp däl alawlap, söýesim gelýär,
Käte "Şeýtanjyklar" diýesim gelýär,
Ah, bu gyzlar, ah, bu gy...
dowamy...BAYOGUL (20.07.2024 / 17:02) okaldy (172) teswirler (5)
Jemi: 1349
Soňky teswirler
Ýokaryk