Ýürekdeş sözler!
Relax : Taryha hiç kim bolup gelmeli, her kim bolubam ýaşamaly.#setdars
Şygyryýet dünýäsi
Garajaoglan+3
AÝRYLAR BIR GÜN Soltan Süleýmana galmadyk dünýä, Bu daglar ýerinden aýrylar bir gün. Nije müň ýyllardyr çüýregen janlar, Hakyň emri bilen diriler bir gün. Ne gözel ýapydyr jennet ýapysy, Çoh aradym, görünmedi gapysy, Meniň gorkdujagym syrat köprüsi, Jähennem üstüne gurular bir gün. Garşydaky daglar garly dag olsa, Töweregi al sünbülli bag olsa, Aga olsa, paşa olsa, beg olsa, Ýakasyz köýnege giriler bir g...
dowamy...Aydymcy_Jemile (27.04.2024 / 15:00) okaldy (141) teswirler (2)
INDI MENI UNUT!+2
Saña hiç haçan,hiç zady.
Indi etjek däl men subut.
Tutmaýyn seniñ adyñy.
Sen hem indi meni unut!
Indi sen maña jañ etme.
Besdir,bu gylygyñy tashla.
Indi görmäge jan etme.
Janam etmerin, bagyshla...
Bir-birekden jyda bolmak.
Bilýän,däl bize ýakymly.
Ah,indi yza-da ýol ýok-
àhli köprüler ýakyldy!
Indi dushushjagam bolma.
Maña hiç zat düshùndirme.
Dolma gaýdyp hyýalyma.
Indi düý$üme-de girme...
Çen-çaky bar çydamagyñ.
Ýok bi...
dowamy...BAYOGUL (27.04.2024 / 14:09) okaldy (146) teswirler (2)
"Beýlede ejäni depmek bolarmy" ? ( bolan waka 22.01.2016 ýyl sagat 20.50)+3Soňky döwürler ýaşlar durmyş gurmaga has ir höwesek bolýalar.
iş ýerim çaga dogulýan bölümi bolansoň gijeki nobatçylykda hatym ýazyp otyrdym.
Bu gün çaga dogran hem adady günler ýaly däldi, iki sanydy, olaryň ýagdaýy hem gowy ýerlerinde körpeçesini gujagyna alyp nädip emdirerkäm diýip, körpeçäni naharlamagyň aladasyndady.
Ýaşajyk gelinler, ýaşajyk ejelerdi
Goý bu körpeçeler öz ejeleri bilen gujaklaşyp ýatsynlar.
Men bir a...
dowamy...Dreamfull (27.04.2024 / 12:48) okaldy (185) teswirler (7)
Gara dasdan ayrylsa+1
Gara daşly, seri duman bu daglar, Toprak bolar, gara daşdan aýrylsa. Sil bolar, agdarlyp akar bulaglar, Çille dolup, garlar gyşdan aýrylsa. Dünýäde bir gowga uzakdan bolar, Göz gowasy gandan, bak ýaşdan dolar, Gurhan görmeý gezen pirler aç galar, Ili undup, seri peşden aýrylsa. Çoh diýer men: dünýä galdy ýamana, Rehim etmez boldy, gör, musulmana, Laçynlar pel-pelläp galar asmana, Haram ölen porsy läşden aýr...
dowamy...Aydymcy_Jemile (26.04.2024 / 18:51) okaldy (159) teswirler (4)
Bar sende+5
Meşhur arap atyrlarnyň müşgi däl,
Maýdan gülleriniň ysy bar sende.
Göze görnüp ugran gyzlaň yşgy däl,
Ene posalarnyň yzy bar sende.
Diýsem eger: “Bir bakyşda jan aljak”,
Artdyrdygym boljak, öwdügim boljak,
Diýibem biljek däl “Dilewar, alçak”,
Saýhally sözleriň uzy bar sende.
Ýygralykmy – ýüzüňem kän ýagty däl,
Söýýän diýsem… indiden soň wagty däl,
Ýogsam, bilýän, bir ýigidiň bagty däl,
Bir ojak başynyň ýazy ba...
dowamy...Burning (26.04.2024 / 12:35) okaldy (152) teswirler (6)
Ilki soygim+6
İr ertirden howlugÿaryn mekdebe,
Gijä galyp barÿan ÿaly otludan.
Nyzamda-da jyklap seredişime,
Gülÿänsiñem içi otly duÿgudan.
Synpymyza garap äkidÿär ÿollar,
Dersimiz başlaÿar jañ urulyp.
Hyÿallar äkidÿär tutup golumdan,
Özûmçe düşünje çykarjak bolup.
Durup galan ÿaly wagtam geçenok,
Sanaÿan minudyñ sekuntlaryny.
Bilÿän senem maña galañok,
Ÿöne nädeÿin kalp armanlaryny.
Dersimiz gutardy jañ hem uruldy,
Gidip barÿan ind...
dowamy...Sebap (26.04.2024 / 00:34) okaldy (181) teswirler (5)
Soranmys bir wagt ay gune bakyp+4
«Dünýäniň görki nä? Aýdyp bersene!»
Gün hem diýenmişin nuruny döküp:
«Dünýäniň bar görki enedir, ene!»
Soranmyş bir wagt ýel suwa bakyp:
«Dünýäniň berki nä? Aýdyp bersene!»
Suw hem diýenmişin şarlaýyp akyp:
«Dünýäniň bar berki enedir, ene!»
Soranmyş boz gulan bir ata bakyp:
«Dünýäniň örki nä? Aýdyp bersene!»
At hem diýenmişin jülgeler söküp:
«Dünýäniň bar örki enedir, ene!»
Soranmyş bir ene şahyra bakyp:
«Dünýäniň durky n...
dowamy...Guljagaz (25.04.2024 / 20:58) okaldy (165) teswirler (5)
Geljegime...+3
Ullakan ädimler,
Bagt şaýoluna
Ilkinjiler,
Ýeke-täkler,
"Seni söýýän"
ümsüm pyşyrdamalar,
söýgiden hem
tutuş dünýämiz gurşan
bagtdan ýaña melul bolup,
Göz süzmek
Romantika!
Ilkinji jägildi,
ýörjen-ýörjenler,
"Senem şeýlemidiñ?"
habar gatmalar,
Bir-birege bakyp
Ýylgyryşmalar,
Öýüñ aladasyn
gerdende çekip
Barybir ýene-de bir-birimizi
Göremizde çäksiz ynjalyklanmak,
Körpämize diş çykanda begenmek,
Ulymyzy öýlendirmek il deñi...
dowamy...Belki (25.04.2024 / 17:34) okaldy (188) teswirler (5)
Dermanam, doktaram gerek däl maňa.+4Dermanam, doktaram gerek däl maňa.
Sözüňizem ýuwan, megerem ýalan.
Siziň-ä öýňüzde eziziňiz bar –
Gürleşiň, gülüşiň eneňiz bilen.
Siz maňa göwünlik berjek bolýaňyz.
Emma maňa peýdasy ýok, ynanyň.
Gussaň nämedigin bilmezdim menem
Gapdalymda duran çagy enemiň.
Gözüňize ýaş aýlanam bolýaňyz.
Ýöne tüýs ýürekden däldigi aýan.
Gowsy entek öýde eneňiz barka
Şony gözden salmaň,
Horlamaň,
Aýaň!
Soň bir gün giç bolar, ynanyň maň...
dowamy...Dreamfull (22.04.2024 / 19:39) okaldy (156) teswirler (5)
Dag we çukur ýa-da asla ugradylmajak hat 2+2
Dag we çukur ýa-da asla ugradylmajak hat 2
Salam, kaka! Öñki ýazan hatym saña ýazan ýeke-täk hatym bolar diýip oýlanypdym. Durmuş hemem çep gursagymda zol-zol atygsap, barlygyny bildirip duran närse muña ýol bermedi.
Şoña käýäp bersene, beýle kösemesin! Soñky wagtlarda edil birmahallar degip, çykarylman ýören güllesi bar ýaly azar berýär. "Şol azar bermedik bolsa, hat ýazylmazdy, oña minnetdarlyk bildirjek" diýýä...
dowamy...Belki (22.04.2024 / 15:43) okaldy (144) teswirler (1)
AGLASA ENEM AGLAR, GALANY YALAN AGLAR (Hekeya) 2 bolum+2
Oňa nämede bolsa söýgi ýetmeýärdi. Öýde bolanyndan işde bolanyny gowy görýädi. Sebäbi öýüne gelse Maralyň äsgermezlik, göwni ýetmezlik edişine gahary gelýärdi. Döwranyňa bir depesi bir dabany, Maralyň bolsa piňinede däl, pul diýilen zady oýunjak edip sowýar. Maralyň asyl pikirem şody, baýyň ogluna gelip puluny sowmakdy... Bu zatlardan bolsa akmak Döwranyň habary ýok. Ýöne pula gerek, bar alada şondady. Öň baý ýaşan oglan...
dowamy...Aydymcy_Jemile (22.04.2024 / 09:40) okaldy (128) teswirler (2)
AGLASA ENEM AGLAR, GALANY YALAN AGLAR 1 bolum+3
AGLASA ENEM AGLAR, GALANY YALAN AGLAR (Hekaya) Döwran dostlary bilen täze ýyldan soňky günlerde göwünlerini hoş geçirýärdiler. Her gün bir ýere oturmana gidýän oglanlar öýlerini hatda küýsemeýärdilerem. Köp gezmekligem gowy zat däl, ýöne bular çenden geçdiler. Günleriň birinde bularyň arasyna gyzlaram goşulýar. Şol gyzlaryň arasynda Maral atly bir gyza Döwran aşyk bolýar. Belkem oglan çyny bilen söýendir, ýöne şol gyzy...
dowamy...Aydymcy_Jemile (22.04.2024 / 07:28) okaldy (125) teswirler (2)
Bir gyzyñ gündeliginden+2
Bir gyzyñ gündeliginden
06.04.2023.
Oña sataşdym...
...Halaýan filmimi internetden alyp bermegi üçin dükanyna sowlupdym. Witrinalarda dürli filmleriñ, seriallaryñ, aýdymlaryñ diskleri emaý bilen ýerleşdirilendi. Dükanyñ içi boşdy. Eýläme-beýläme üns bilen garandym. Aý, nesibe däldir diýip ugramakçy boldum. Iñ soñky umyt, gapyñ agzyndaky ulagda oturan ýaş ýigit suduryna ümledim. Bularda adam ýokmuka? "Men satyjy!" diýýä...
dowamy...Belki (21.04.2024 / 21:55) okaldy (200) teswirler (3)
Meni bagyşlama! (soñy)+2
Meni bagyşlama! (Soñy)
Sürüji ýene birnäçe sowallar berdi. Mesawy gürrüñler etdi. Bir elim bilen Gadamy gujagymda saklap oturşyma, beýleki elim bilen onuñ gyzgynyny barlaýardym. Soraglary, gürrüñleri bir gulagymdan girip, beýlekimden çykýardy.
Ahyry etrap merkezindäki keselhana ýetdik. Düşjek bolanymda sürüji bir bölek kagyzy uzatdy.
- Belgimi ýazdym. Ýene maşyn gerek bolsa... Çagaly adamsyñ. Bildirmez.
- Tañryýalkasyn...
dowamy...Belki (21.04.2024 / 21:31) okaldy (183) teswirler (0)
Oguldürlime sonetler çemeni+3
Oguldürlime sonatlar çemeni
1.
Uzyn gara gijeleňde alaşdym,
Garaşdym, irkilen aýyň dogarna.
Gije uçup hol güneşe ýanaşdym,
Dagy nätjek , ylham joşup çoganda?
Ýanýaryn ýagmyryň ortarasynda,
Düşeginde irkilipdir sübüläm.
Täsin bir söz tapdym yşk babatynda,
Olaň bary akyp barýar seň bilen.
Gözlerimden yşkym okap bilýärmiň?
Seret oňa, gör nämeler aýdyp dur.
Çyragy sen dünýäniň däl, dünýämiň,
Diňe maňa ýalkym saçýan abajur...
dowamy...Gerceknazar (21.04.2024 / 10:00) okaldy (147) teswirler (3)
kaka♡+6
Ýok, gyýylma, bujagaz dert –
Çekibilmez dert däl, kaka.
Naçar diýme, her telpeklem
Meniň kimin mert däl, kaka.
Sen bilýäň-ä, bu durmuşam
Synamaz her kimi, kaka.
Günler ýene gaýdyp berer
Görkümi, erkimi, kaka.
Ýükläbersin, onça ýüki
Göterer gerdenim, kaka.
Bu ýolda yza tesermi,
Heý, seniň merdemiň, kaka?!
Görýäňmi, ýognan bilegim,
Bedenimem berkän, kaka.
Maňa sen bilen birlikde
Ynamyňam derkar, kaka.
Ga...
dowamy...Aydymcy_Jemile (21.04.2024 / 08:20) okaldy (163) teswirler (6)
Ejem eken+4
Etmişim kän, ötmişem sen çagalygmyñ ýeñlesligni,
Öwredipdiñ has kiçikäm gyz görküniñ agraslygny,
On ýyl geýdiñ bir geýeniñ, maña tikip köýnekligñi,
Joralarma güjeñlärdim, şonda aklym çatman eken,
Bir gülenmi dünýä deñän, görüp dursam ejem eken.
Günler geçýär, göçüp barýar başymdaky çagalygam,
Köpelýärdi durmuş hakda saña berýän soragymam,
Günler geçdi, soñ ýat boldy, şol çägeli Garagumam,
Talyp boldym, men özime diýipd...
dowamy...Aydymcy_Jemile (21.04.2024 / 08:14) okaldy (143) teswirler (7)
cagalyk+5
"ÇAGALYK" Çagakam almaza dildirdim golum. Şonda içimde bir ünji galdymy?! Ýadymda:çagalar ýüpbökdi bökýär, A men synlap durun goly sargyly. Köçe - çagalaryñ mesgeni köçe, Köçe- çagalygyñ mesgeni köçe. Oýun başlanardy. "Gyzymyz" bolsa, Öz kemini bilip çykardy çete. Ne "gel" diýerdiler,ne ol barardy, Agyr oýa çümüp synlardy sessiz. Içinden ýeke-täk dileg ederdi: "Bu günler geçsin". ...Çagakam almaza di...
dowamy...Aydymcy_Jemile (20.04.2024 / 22:12) okaldy (169) teswirler (4)
kakam+7
Kakam
Eje hakda ýazylypdy kän goşgy,
Ýazylyp ýör, ýene-de kän ýazylar.
Ýöne KAKA hakda ýazylanok kän,
Nädip beýle pese gaçdy kakalar.
Hawa, ýok diýjek däl ene mukaddes,
Sylamaly, ejeleri söýmeli.
Ýöne diňe ejeleri däl, eýsem
Kakalarymyzyda " sag bol" diýmeli.
Eje ak süýt berdi, hem mähir berdi.
Ýöne kakamyzam şonça soýendir.
Eje gije ýatman hüwdülän bolsa,
Kaka gijelerine gala bolandyr.
Kaka bolmak ýeňil ýerpaý däl ah...
dowamy...Aydymcy_Jemile (20.04.2024 / 06:39) okaldy (152) teswirler (6)
Meni bagyşlama! 6+3
Meni bagyşlama!6
Agşam adatdaky wagtyñda işden geldiñ. Öñüñde çaý-naharyñy goýup, ýanyña çökdüm. Işdämenlik bilen garbanyşyñy synladym.
- Şu gün sende bir zad-a bar - diýip soragly nazarlaryñy okladyñ.
Ýüzümde ýylgyryş bilen müýnürgemäniñ goşulyşmagyndan dörän garaýyş bardy. Ýene bir perzendimiziñ boljakdygyny buşladym.
- Aý ýog-a. Çynyñmy?
Oýun bolmagyny isleýärdim. Göwrämdäki perzendiñ Merdandan bolmak ahma...
dowamy...Belki (20.04.2024 / 02:14) okaldy (196) teswirler (3)
Jemi: 1347
Soňky teswirler
Lolular
Belki bizin hemmamizde Sol hereket bardyr yaranmak gowy gorunjek bolmak yada kabirlerinin pikri bula meni hoplady yada sona Menzes soz diyaler eg...
dowamy...
Ýokaryk