Ýürekdeş sözler!
Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi
Şygyryýet dünýäsi
Adam+3
Täzeçe bir many aldy köp zatlar,
Köp zatlaryň öňki manysy gaçdy.
Bir ömürde meniň gören gudratym:
Adam göz öňümde çylşyrymlaşdy.
Adam adama dost diýlen sözlere
Müň bir ýerde meniň gözlerim düşdi,
Hernä, şeýle bolsun — neneň ýakymly,
Ýöne welin, adam çylşyrymlaşdy.
Dogry, şindem onuň şol öňki ady,
Dogry, şindem onuň şol öňki keşbi.
Ýöne ol — şol öňki adam däl indi,
Adam göz öňümde çylşyrymlaşdy.
Ol juda k...dowamy...
halmyradov (27.03.2024 / 05:27) okaldy (96) teswirler (2)
Ýaşlyk humary+3
Ýaşlyk mydam biziňkidir öýderdik,
Ýaşlygyň humary başymyzdaka.
Diňe gyzlar hakda gürrüň ederdik,
Ýaşlygyň humary başymyzdaka.
Duýgulardan öňe salmasaň akly,
Näme isleseň — şoňa-da hakly,
Gör, nähili ýüreklidik, ýürekli,
Ýaşlygyň humary başymyzdaka.
Durmuşyň ekdisi, öýüň tarhany,
Senmi duýjak gyşyň, tomsuň parhyny.
Ýeri, soran kimdir wagtyň nyrhyny,
Ýaşlygyň humary başymyzdaka.
Nähili bezärdi gözellermizi...dowamy...
halmyradov (27.03.2024 / 05:26) okaldy (111) teswirler (3)
Galkynyş+3
Taryh alyslardan — daşdan başlanýar,
Baharyň binýady gyşdan başlanýar.
Beýik iş kelleden — başdan başlanýar.
Egniň ýokarsynda ser bolsun türkmen.
Açyk ýüregiňe bar, açyk eliň bar,
Dünýäň dört künjünde gidim-gelim bar.
Ata Watanyň bar,
Ene diliň bar,
Diliňden dökülýän dür bolsun türkmen.
Gerçekler bolupdyr meşhurdan meşhur,
Göwnüň açyk bolsa, iş bolmaz müşgil.
Haýyr işler bilen bolawer meşgul,
Ownamasyn, my...dowamy...
halmyradov (27.03.2024 / 05:25) okaldy (94) teswirler (3)
Ene dilim+2
Hallaryň neneňsi,
Taplaryň niçik
Eziz ene dilim, mähriban dilim?
Gel, söhbet edeli açykdan-açyk,
Eziz ene dilim, mähriban dilim.
Ýüz müň öwüşginden örülen desse
Şahyra — şygyr sen, gürrüňçä — kyssa,
Ak säheriň nury ýaly arassa —
Eziz ene dilim, mähriban dilim.
Sen meniň gazabym, sen meniň näzim,
Ýüregimde gaýnap çykýan owazym.
Babalardan miras galan ýalňyzym —
Eziz ene dilim, mähriban dilim.
Halaldan ha...dowamy...
halmyradov (27.03.2024 / 05:23) okaldy (88) teswirler (2)
SÖÝGI.....M+7
Indi söýgi juda arzanlap barýa,
Her bir öñ ýetene ýarym diýýäris.
Ýarym diýmek ýary:m diýmek ahyry,
Nädip ýary:myzy taşlap bilýäris.
Ýarym zatlar mydam bile bolmaly,
Bir bolmaly mydam ýarym göwünler.
Ýarym zadyñ bahasy ýok hiç wagt,
Bir bolanda gymmatlydyr ömürler.
Inni aşyklardan etjek haýyşym,
Ömür taýyñyzyñ gadryny biliñ.
Ilki ýary saýlañyzda ýalñyşmañ,
Soñam ýaryñyzyñ göýbermäñ elin.
Mümkin bolsa bir - biregi bagyş...dowamy...
imissyou (26.03.2024 / 23:30) okaldy (127) teswirler (5)
Ýene bir gün sensiz geçdi, melegim💔+8
Ýene bir gün sensiz geçdi, melegim,
Düýnem ýene seni ýatlap ýatmadym.
Bölek-bölek edilse-de ýüregim,
Ynan, gülüm, biwepalyk etmedim.
❤️....❤️.....❤️....❤️......❤️...
Düýşüm diñe senli gelýär her gije,
Oña özge hakda hyýal gatmadym.
Aldasañam, daglasañam hernäçe,
Ynan, gülüm, biwepalyk etmedim.
❤️....❤️.....❤️....❤️......❤️...
Şol gün ýeke goýup gaýtdyñ şol bagda,
Sen gaýtsañam, men galypdym - gaýtmadym.
Näçe ezýet çekseme...dowamy...
Dreamfull (26.03.2024 / 23:15) okaldy (114) teswirler (5)
Meni ýitirersiñ+3
Meni ýitirersiň...Bujagaz ýitgi
Äleme ne ýeňil, ne agyr düşer.
Yene öňküsi dek gülüp dogar Gün,
Yene öňküsi dek aý dymyp ýaşar.
Meni ýitirersiň... Yitenim bilen,
Ne garalar, ne-de saralar jahan.
Yene öňküsi dek $uwlar gara gyş,
Yene öňküsi dek gül açar bahar.
Meni ýitirersiň... Ol ýitgi üçin,
Uýtgemez älemiň ýekeje gylam.
Diňe bir sekuntlyk gygyrar toprak:
"Özüňi gynama,Gitdi söygüliň!".
Awtory nabelli...dowamy...
rexha (26.03.2024 / 15:53) okaldy (97) teswirler (6)
Shol yar oldurdi+2
Telbe boldum, indi halym harapdyr,
Eý, agalar, meni şol ýar öldürdi;
Müşk alyban käkillerin darapdyr,
Jan agalar, meni şol ýar öldürdi.
Boýnuna gol salsaň barly, semerli,
Altyn-kümüş tamam endamy zerli,
Lagly-ýakut gerdeninde, tumarly,
Eý, agalar, meni şol ýar öldürdi.
Arzuw edip, aý jemalyn görmeli,
Ýüzde gülap, gözi-gaşy sürmeli,
Bir peridir, saçy sekiz örmeli,
Jan agalar, meni şol ýar öldürdi.
Kemine diýr, tagt üstünde...dowamy...
kralice (26.03.2024 / 12:28) okaldy (98) teswirler (2)
Bir elimde galam, birinde çüýşe..+2
Bir elimde galam, birinde çüýşe...
Kagyza egisýän ýürek jerhedim.
Dykyn alan gussam çäginden geçip,
Ýykyp barýar ahlagymyñ serhedin.
***
Hawa, ýazýan kagyz baryn zaýalap,
Çalajan söýgimiñ aglap agysyn.
Kirli geçmişimden sypyp bilemok,
Ýogsa, ondan ýaña ýüregim gasyn
***
atdy. Wah, şonda-da gidemok ondan,
Gury san men - oýlamaýan ertesin...
...Bir gyz hyýalymda näze öwrülip,
Gijeñleýär başyndaky kürtesin...
Ana, hut şo kür...dowamy...
Dreamfull (26.03.2024 / 08:06) okaldy (108) teswirler (2)
Perýat (sonetler çemeni)+5
Perýat
(Sonetler çemeni)
1
Ruhum gizlenipdir tümünde gijäñ,
Gije damar dañyñ ak synasyna.
Şu pursat söhbetler şeýle bir süýjär,
Ýazmaryn ýazmagyñ hatyrasyna.
Ýazmaryn ýazmagyñ hatyrasyna,
Umydymy baýdak edinip ýörün.
Ylham, bir goşgujyk ber ýazgysyna,
Indiki aýlykda tölejek borun.
Gözýaşlarym gizläýinmi bakandan
Çasly gülkülermi gizläbilmesem?!
Näme agtaraýyn giñiş jahandan?!
Öñki özümi-de gözläbilmesem....dowamy...
Belki (24.03.2024 / 20:06) okaldy (104) teswirler (4)
Baş aşak (2+6
Maşynyň täzesi gowy dostuň könesi,
Gutarmadyla bulaň ýöne mönesi.
Ejeler baý är tap diýýä inni gyzyna,
Döwür Bumerak ýaly gelsede yzyna.
Kän gürleme didiler, didiler sesiň kes,
Arzygüller pişik däl kowalaýa Merseders.
Gowy günlerem wagtynda gelenok,
Visacard'am bu günler pul berenok.
Herkimiňem gelýä gowy ýaşasy,
Çörekden gymmat çilimiň bahasy.
Didiler şaa tagtymdan düş aşak,
Otyrn menem şu wagt kellämi gaşap.
Bu dünýe...dowamy...
halmyradov (24.03.2024 / 18:59) okaldy (121) teswirler (3)
Baş aşak (1+3
Umyda ýapyşyp durn gozlerim gamaşyp,
Bilip bilsen et boşuna durma meň bilen sanaşyp.
Ölemsoň gadrymy gözlemäň boşuna aglaşyp,
Planly hereket ýok şu wagt pikirler garyşyk.
Men ýokarda sen aşakda olam geň däl,
Körpäm düşünmersiň bilýän ýaşymyz deň däl.
Ýüzbe ýüz çözüp bilmeseň seretme ýeňsä,
Bulaň barsy meňzeýä ýuwulmadyk çemçä.
Gepiňi depeläp, setiri cekeläp,
Hapalap sallym agzyňa getir dide mennen çekip al.
Hasylla ekip...dowamy...
halmyradov (24.03.2024 / 18:57) okaldy (141) teswirler (7)
Yadymda+4
Ýadymda henizem şol geçen günler
Remezan aýynyň ikinji güni
Size oýnamana men ejem bilen
Barypdym,ýenede göripdim seni
Şol gün seniň bilen goňşy golama
Ýarmezan aýdyp aýlanardyk biz
Bolsakda biz bäş-on sany bir topar
Başga çagalardan saýlanardyk biz
Şol gün sen owadan gaty ses bilen
Ýarmezan goşgysyn aýdyp bererdiň
Men bolsa utanyp uýalyp şonda
Hiç zat aýtman ýere bakyp durardym
Şonda-da olar meň başym sypalap
Süý...dowamy...
kralice (24.03.2024 / 15:07) okaldy (97) teswirler (1)
ÝYLLARDAN SORA+5
SEN DIÝÝÄŇ,SEŇ SÖÝGIŇ MÖHLETI GEÇDI,
SÖÝGIMIŇ MÖHLETIN AÝLARDAN SORA,
AÝLARA YNANMAN ŞAÝAT GÖZLESEŇ,
ADAMY TANADÝAN ÝYLLARDAN SORA.
ÝENE DIÝÝÄŇ,SÖÝGIŇE YNAMYM ÝOK,
HIÇ YNAM TAPMASAŇ ÝOLLARDAN SORA,
ŞO ÝOLLARDA SAŇA ÝÖRÄN PURSADYM,
ÝAT ELE DEGMEDIK,ELLEMDEN SORA.
DIÝDIŇÄÝ SOŇUNDA,SEN MAŇA GARYP,
MEN GARYP,ÖZÜŇI BAÝLARDAN GORA.
SAŇA SOWGAT ALAN DÜKANMA BARDA,
ÝARYSY GEÇILMEDIK PULLARDAN SORA.
OLAŇAM HIÇISI JOGAP BERMESE,...dowamy...
Росия (24.03.2024 / 15:04) okaldy (114) teswirler (5)
Agyrma ýüregim, agyrma beýle.+4
Agyrma ýüregim, agyrma beýle,
Ýör bile çykaly seýrana-seýle.
Belki gussalaryñ egsiler gider, Bilýäñmi hool günem bolupdy $eýle.
Baý $onda kösäpdiñ agyryp öte,
$onda-da ikimiz çykypdyk çete.
Derman, därä pisint dagam etmediñ.
Kim bilýä nämeler düwdüñ sen nete?
Gereginden artyk urjak bolduñmy,
Ýa, urup ýadadyñ, durjak bolduñmy.
Bilmekligim üçin durmu$ gymmatyn,
Ýa, gorkuzup hile gurjak bolduñmy?
Siñesim gelenok Ýeri...dowamy...
Dreamfull (24.03.2024 / 15:00) okaldy (106) teswirler (4)
Ýitsene gülüm gözümden #beat+4
Näme üçin söýdiň başda Gitjek bolsaň soň ýene taşlap Ýüregim oýunjak däl Oýunyňy gözle bar menden daşda Näme diýsem saňa az bolýa Sözlerim diňlemän ýene diňleden bolýaň Gynansakda saňa söýgim inni az bolýa Gitjekmi bar gidiwer şeýtseň gülüm saz bolýa Bar ýok bol sen inni Näme diýsemem diňlemedi Wah ýalanlar sözledi Mennekä ol özgesin gözledi Näme üçin söýdiň başda Gitjek bolsaň soň ýene taşlap Ýüregim...dowamy...
YekeTak_Official (23.03.2024 / 18:54) okaldy (131) teswirler (6)
Men bir gosgy yazjak watan hakynda+5
Men bir goşgy ýazjak watan hakynda, Sünnäläp her sözim, her bir setirim. Gudrat gören daglaryny seýl edip, Ymgyr düzlerinde bolup ýitirim. Çöllerin aýlanyp paý-u-pyýada, Guba çägä dökip maňlaý derimi. Ak kagyza keşde çekip syýada, Men goşga geçirjek görenlerimi. Men bir goşgy ýazjak watan hakynda, Goý ony okanlar doýup bilmesin. Sygdyrjak men setirleriň içine, Şu topragyň dagyn, düzin, jülgesin. Men bir...dowamy...
Dreamfull (23.03.2024 / 16:05) okaldy (104) teswirler (3)
Inni yurege yar gerekdal #gelme+5
Ya mennenmi ya sennen Bilmedim gechildi chenen Her kim oz yoluna denine Guna senen ayby gozleyanmi mennen?! Kan utuldum, emma munsy has uly Durmush garalyp kellede owruldi dowly Dost sozi gacher ishin has bolar showly Etjegin oyla inim basgyn ayagyn dogry Bilyan dossum bilyan senem soygimi Hayran galyan nadip mana dozenin Men barkam bilinmez diyip gezenin Ine bugun achyldy yatan gazan gapagyn Allaha ynan...dowamy...
YekeTak_Official (23.03.2024 / 00:20) okaldy (141) teswirler (8)
Mevlana'nın Başarı İçin 7 Öğüdü!+7
Mevlana'nın Başarı İçin 7 Öğüdü! 1. Cömertlik ve yardım etmede akarsu gibi ol. 2.Şefkat ve merhamette güneş gibi ol. 3. Başkalarının kusurunu örtmede gece gibi ol. 4.Hiddet ve asabiyette ölü gibi ol. 5.Tevazu ve alçak gönüllülükte toprak gibi ol. 6.Hoşgörülülükte deniz gibi ol. 7.Ya olduğun gibi görün, ya göründüğün gibi ol Mewlananyň üstünlik gazanmak üçin 7 maslahaty! 1. Sahylyk we kömek etmekd...dowamy...
imissyou (22.03.2024 / 13:06) okaldy (109) teswirler (6)
Gosgular çemeni+4
Dertmi sen dermanmy? Parhyn bilemok, Anyk bilýän zadym sensiz kyn maña, Gijigen bagtymyñ nyrhyn ýülemok, Çäresin gözleýän dertden dynara. Ýene, bu giñ asman depämden basýar, Özümi kapasañ içinde duýýan, Ömrümi geljegñe sapak deý işip, Püre-pür käsäme sabrymy guýýan. Günler geçer, ýene aýlanar heññam, Giñlik bermez ajap sazlañ mukamy, Hazan urmuş, göýä bir meniñ üçin, Ýapyk eken bu gün yşkyñ dükany. Başym...dowamy...
yurekdes (20.03.2024 / 21:45) okaldy (95) teswirler (1)
Jemi: 429
Soňky teswirler
GÖWNÜME GÖWÜNDEŞ EJEM
...Seň kalbyma guýan çäksiz yşkyňdan, Guşlary saýradyp, gider gyş mundan, Seniň bahar, behişt ysly müşküňden, Älem güllär, Zemin ýaz bolar, eje!...dowamy...
Iñ bagtly günüm
Sonunda "ters logikany" ulanypdyr. Dunya edebiyatynyn eserleri basgaca mydama-da. Hatda gutarysam bizin garasysymyz yaly bolanok. Halaýan-aý......dowamy...
Gitdiň... Özgäni Söýdüň
Eger biz özümiziň söýýän kişimizden özümiziň islän, gözlän duýgularymyzy tapyp bilmesek, diýmek, ol adam biziň geljekde bilelikde bagtly bolup bi...dowamy...
"Paş eder seni" goşgy.
Ýalňyş'masam men paýlaşypdm soňra hem saýt öňki taryha getiripdiler...dowamy...
...