Ýürekdeş sözler!
Soňky paýlaşylan suratlar
Mowzuklar
+3
[b]Aslynda asylly gözel gyz bolsañ.
Adamlaryñ köp ýerinde görünme.
Durshuñ bilen kereshmedir näz bolsañ.
Artykmaç näz boljak bolup urunma.
Hemmeler sen gyza bakýanam bolsa.
Ýüregiñ gürsüldäp kakýanan bolsa.
Söýgiñ gyzgyn ganda akýanam bolsa.
Ýalt-ýalt edip töweregñe garanma.
Egerde diýseler señ söziñ mähir.
Ýada diýýäýseler señ öziñ mähir.
Shonda-da gözleñde oýnasyn gahar.
Men mähirli diýip artyk erenme.
Ýüregiñ ak bol...
dowamy...rexha (Düýn, 21:06) okaldy (15) teswirler (2)
+1
Gursagynda aşyklaryñ gözbaşy,
Söỳgini kirşine ỳaşadan dutar.
"Söỳli halanyny” çalanda bagşy,
Perdesinden Söỳlä ogşadan dutar.
"Gökdepe” mukama düşünse başlar,
Täsir goỳup, gözden döküler ỳaşlar,
"Säher mukam” bilen oỳadyp guşlar,
Bilbile owazyn diñleden dutar.
"Aỳralyk mukamda” ỳürekler dymar,
Düşünen bu sazyñ oỳuna çümer,
"Höreler” mukamda maỳa düỳeleñ,
Almadyk köşegin aldyran dutar.
"Atçaparda” är ỳigitleñ g...
dowamy...rexha (Düýn, 21:01) okaldy (4) teswirler (0)
+2
[i]Göwnüñ galan ýeri bar bolsa menden,
Yşkyñ oýny geçiren bolsa çenden,
Soramaly wagty soraman senden,
Ykbal sazym çalan bolsam, bagyşla!
Sorag bilen bakan wagtym ýüzüñe,
Gahar-gazap dolan bolsa gözüñe,
Ýürekden syzdyryp aýdan sözüñe,
Yersiz-yere gülen bolsam, bagyşla!
"Bir sen" diyip, saýrap durka dillerim,
Manysyzdyr sensiz geçen günlerim,
Bahar pasly saña bogan güllerim,
Wagtyndan öñ solan bolsa, bagyşla!
Yene saña...
dowamy...rexha (Düýn, 20:59) okaldy (4) teswirler (0)
+2
Günde müň gussam bar ýüz elem bilen,
Derdimiň baryndan beter garyplyk,
Soragy men boldum, gaygy-gam bilen,
Gelip düşdi, hatar-hatar garyplyk
Pany dünýä zynat bilen, harç bilen,
Ýüregim maddadyr, bagrym berç bilen,
Wadasyz şum ölüm, bergi, borç bilen,
Ýylba ýyldan gaýym tutar garyplyk
Iýmesem, içmesem mydarym ötmez,
Bürenip ýatmaga kararym ýetmez,
Günde müň kowalasam, baýlara gitmez,
Goş basyp, duşumda ýatar garyplyk
Ta...
dowamy...rexha (Düýn, 20:56) okaldy (5) teswirler (0)
+13
[b][i][color=#454545]Ruhy keselleri bejeriş hassahanasynyñ howlusynda çilim çekip otyrdym.
Bilesigelijiligimdenmi nämemi, ol ýere nädip baranymy özümem bilemok.
Daş-töweregime garanjaklap durkam, ýaşy dört onlugy doldurañkyrlan bir adama gözüm kaklyşdy.
Ýüzümi başga tarapa öwrenem bolsam, ol meni synlamaga dowam etdi.
Daşky sypatyna seretseñ-ä, myhmana meñzeýärdi.
Ilki gürleşmäge çekindim, soñra ýüregimi bire baglap, çeki...
dowamy...OrazM (Düýn, 15:50) okaldy (57) teswirler (2)
+2
Är-aýalyñ degişmeleri -2 ÄR-AÝALYÑ DEGIŞMELERI
Orta ýaşlaryndaky bir adam polisiýa gelip, aýalynyñ ýitirim bolandygy barada arz edýär.
— Ýogsa-da, ol haçan ýitirim boldy? — diýip, nobatçy ofiser ondan soraýar.
— Bäş ýyl mundan ozal.
— Bäş ýyl?! Eýsem, bu barada diñe häzir arza berýäñizmi?!
— Wah, düşüniñ-ä siz… Men onuñ ýitirim bolandygyna şu wagta deñiç ynanyp bilemok!
* * *
— Seret, ynha, alymlar erkeklere seredende...
dowamy...Prinsessa (Düýn, 14:58) okaldy (14) teswirler (0)
+2
Tiz ýöreýän otlynyň küpesinde bir aýalyň ýeke özi otyr. Küpä bir ýaş ýigit girýär-de, onuň gapdalynda oturyp, sakgyç çeýnemäge başlaýar.
– Meniň bilen tanyşjak bolup nähak horlanýaňyz. Men doga ker – diýip, aýal dillenýär.
* * *
Ýaş esger öýlerine hat ýazýar:
“Mähriban ejem, sen maňa ir turup, eşiklerimi geýmegi, dişlerimi arassalamagy, naharlanmagy hem-de ir ýatmagy öwretjek bolup ýigrimi ýyllap biderejik horlanypsyň....
dowamy...Prinsessa (Düýn, 14:52) okaldy (12) teswirler (0)
+2
Bir samsyk adam bar eken. Bir gün bir aýal dolak dokap, bazara barýan ýaňky samsykdan dolagyny satmaga iberýär hem-de şeýle diýýär:
— Dolagyň bahasynyň ujundan iki gyzymyň her haýsyna bir köwüş al, özüme-de mawut al, ärime-de-janymyň azary bolan bu sakgaly kesilene-de, bir don al-da, galanja puly özümejik getirip ber.
Samsyk bazarda dolagy ogurladypdyr. Ol soňra ondan-mundan sorap ýörşüne ogryny tapyp, dolaga derek ondan...
dowamy...Prinsessa (Düýn, 14:47) okaldy (11) teswirler (0)
+5
Uç sany öwünjeň daýhan öwünýär:
1) –Men şeýle bir pamidor ýetişdirdim, şeýle bir pomidor ýetişdirdim, göterip oturgyçda goýdum welin, oturgyjym döwüläýdi how!
2) –Onyň dagy näme?! Meniň ýetişdiren pamidorymy zordan göterip tapçanyň üstünde göýdum! Tapçan göterip bilmän, aýaklary çagşap gitdi!
3) –Menem bir pamidor ýetişdirdim welin, sen goýaý! Ähli maşgalamyz bolup zordan eşek araba ýükledik how....
Şu ýerde beýleki iki d...
dowamy...Prinsessa (Düýn, 14:12) okaldy (47) teswirler (1)
+3
“Jaň edeniňi görmändirin, telefonum sessizde durdy” diýenimde, ynanýan adamlara nebsim agyrýar.
*****
Otuz surata düşüp pozdukdan soňra ýüzüň däl-de ýüregiň owadan bolmaly diýen netijä geldim.
*****
Pasportdaky suratdan gorkunçrak surat diňe pasportyň kopiýasynda bolýar.
*****
—Men ýuwýan, ýygnaýan, nahar taýýarlaýan, ütükleýän, men özümi edil Zoluşka ýaly duýýan.
— Ezizim men saňa aýtdyma meň bilen durmuşyň edil e...
dowamy...Prinsessa (Düýn, 14:00) okaldy (12) teswirler (0)
+4
Saňa durmuşda islendik gapylary açjak iki jümläni belle, «özüňe çekmeli», «özüňden itermeli».
* * *
Maşgala ýagdaýym: häzirlikçe imo-da ýazyşýas.
***
Gyz bilen bolan duşuşygyň şowsuz bolandygynyň alamaty: Gyz eline ruçka bilen çeken sagadyna her 5 minutdan seredip durýandyr.
***
Çagalykda iň gorkunç zat bu: ejeň seni nobata goýýar-da özi başga kassa nobata durýar. Seniň nobatyň bolsa, ýakynlaşýar… ýakynlaşýar.
***...
dowamy...Prinsessa (Düýn, 13:57) okaldy (12) teswirler (0)
+4
Bir uniwersitetiň 4 sany talyby synag günlerinden birinde wagtynda turup bilmän ýatyp galypdyrlar. Netijede, olar synaga gijä galypdyrlar we synaga gatnaşyp bilmändirler. Bu talyplar synag gutarandan soň mugallymyň ýanyna barypdyrlar we synaga gatnaşyp bilmedikleriniň sebäbini ,,Synaga gelýärkäk ýolda awtobusuň bir tigiri ýaryldy, şol sebäpli synaga gijä galyp, gatnaşyp bilmedik’’ – diýip, dogrusyny aýtmandyrlar we mugall...
dowamy...Prinsessa (Düýn, 13:55) okaldy (36) teswirler (2)
+4
Hormatly öý eýeleri!
Bizi halamaýandygyňyzy bilýäris. Eger bizi çyndan hem öýüňizde islemeýän bolsaňyz, haýyş edýäris, BIZI ÖLDÜRMÄŇ!
Men hyýaryň gabygyny ýigrenýärin. Çykýan ýerimi yzarlap, hyýaryň gabygyny goýsaňyz, men siziň meni islemeýändigiňize düşünerin we öýleriňize girmerin. Hek, iň bolmanda ýönekeý okuw tagtasy üçin ulanylýan hek bilen ýoly çyzsaňyz, men ol çyzykdan hiç haçan geçmerin. Eger-de limony owunjak d...
dowamy...Prinsessa (Düýn, 13:45) okaldy (14) teswirler (0)
+3
Biznes motiwasiýa: öz biznesiňi gurmasaň, ömrüň ötinçä budilnik gurmaly bolarsyň.
*****
You Tube-da hezil edip reklama görjek bolýan welin, arasyna kino giräýýär-dä…
*****
Kiçi zatlara begenip ýaşamagy öwrenmeli. Meselem: aýlyk.
*****
Uborka etmegiň yzgiderligi:
Tekjeleri süpürmek.
Köne suratlary tapmak we 3 sagatlap görmek.
Ýadap, goýbolsun etmek.
*****
Öýe täze gap-gaçlary almaly. Ýa-da öňküleri ýuwmaly.
*****...
dowamy...Prinsessa (Düýn, 13:33) okaldy (13) teswirler (0)
+3
Gadym wagtlarda medreseleriň birinde bir ussat bar eken. Ol derslerinde suhangöýlük, owadan gürlemek, sözüňi sünnäläp düşündürmegi öwreder eken. Özi hem gaty owadan, ýerlikli gürlär eken.
Bir gün ders gidip durka, talyplaryň biri çekinjeňlik bilen gürlemäge rugsat sorap şeýle diýipdir: “Eý gadyrly we zehini bilen hemmelere nusga bolan ussadym! Gyş günleriniň birinde daş-töwerek imisala wagty, edil biziň ders geçýän pursa...
dowamy...Prinsessa (Düýn, 13:23) okaldy (12) teswirler (0)
+2
alyplyk döwri ynsan durmuşynda iň bir ýatdan çykmajak döwür hasaplanylýar. Bu döwür özüniň ajaýyplylygy bilen her bir talybyň hakydasynda baky ýer edýär. Talyplyk ýyllaryndaky gaýtalanmajak, iň bir gyzykly, şeýle hem tolgundyryjy pursatlaryň biri hem synag döwri diýsek ýalňyşmarys. Sebäbi islendik ýokary okuw jaýynda okap, bilim alýan talyp ähli synaglary üstünlikli tabşyrmagyň hem-de gowy bahalar almagyň arzuwynda bolýar...
dowamy...Prinsessa (Düýn, 13:21) okaldy (11) teswirler (0)
+2
Hormatly goňşular! Haýyş, musorlarymy ogurlamaň! Menem köçä çykmak isleýän ahyryn!
***
Karantin sebäpli ýapylan mekdebiň direktoryna Bike daýzadan hat geldi: «Meniň agtyklarym öýde onlaýn režimde okuw okaýarlar. Şu sebäpli mekdep ýolbaşçylaryndan maňa remont, tutular we mebel üçin pul geçirmeklerini talap edýärin!»
***
Karantin asla içgysgynç däl. Ýöne meni başga zat oýlandyrýar. Näme üçin bir paketdäki 1 kg tüwi – 27...
dowamy...Prinsessa (Düýn, 13:19) okaldy (11) teswirler (0)
+1
Bir ker adam bir näsagy soramaga gidipdir. Ol gidip barýarka ýolda içinden: «Men bir ker adam. Näsagyň näme diýenini eşitmen. Ine, men baryp: «Pylany ýagşymysyň?» diýerin. Olam elbetde: «Ýagşydyryn» diýer. Garaz, ol näme diýse: «Örän oňat» diýibereýin» diýip, pikir edipdir.
Ker adam näsagyň ýanyna baryp:
— Ýeri, ýagşy bolýarsyňmy? – diýipdir.
Bitap adamam:
— Aga, hiç hezilim ýok – diýip, jogap berýär. Onda ker:
— Örä...
dowamy...Prinsessa (Düýn, 13:17) okaldy (14) teswirler (0)
+5

(Bu degişmeler güldürýänçi däl. Dürtýänçi) – Saňa bir zat aýtjak ýöne gaty görmegin, sowuk habardyr... – Aýt hany? – Doňdurma. – Doňdurma näme üçin işsiz bilýäňmi? – Ýok? – Sebäbi ol bir gün iş ýerinde "doňupdyr"... –Adamlar näme üçin liftde gürleşmeýärler? – Çünki sesleri ýokaryk çykmaýar. – Limon...
dowamy...Outlier (Düýn, 07:32) okaldy (69) teswirler (4)
+10

Eger gapy ýapyk bolsa, diýmek, ol açyk däldir. Ýöne bu onuň bardygyny aňlatmaýar.
Güneş gijelerine dynç alýan bolsady, biz Aýy hiç wagt görmezdik.
Suwuň suwsanyny görseňiz, oňa bir käse guraklyk beriň.
Iň gysga ýol — entek hiç kimiň barmadyk ýoludyr, sebäbi ol ýol ýok.
Düýn şu wagt ertirdi, ertir bolsa şu wagt düýn bolar. Biz bolsa ortada gal...
dowamy...Outlier (20.01.2026 / 06:37) okaldy (83) teswirler (5)
Mowzuklar: 1369
Soňky teswirler