Ýürekdeş sözler!
🎂 Şugün doglanlar
📸 Soňky suratlar
📋 Mowzuklar
"Dost"0
Adam adam adyn alaly bäri.
Bir ýumrugy – toýly, Birisi – ýasly.
Dosty soňky demde hyrkyldap ýatyr.
Edil gapdalynda toý tutýar dosty.
Ýöne weli bu dost
Hakyky dostdy –
Dostunyň ugrunda ýurt söküp bir ýyl,
Toýuny tesdirdi. Melhem gözledi...
Emma şaha-şaha,
şatut dek ogul
Gara kesewi dek süýnüp ýatyrdy.
Peýda berenokdy hiç hili melhem.
Dostuň dosta eden melhemlerinden
Dirilip bilerdi,
Belki, öli hem.
Emma dirä weli şypa... dowamy →
👤 Mawy📅 Şugün, 08:55👁️ 2💬
Beýni hem garraýar. Näme üçin eýýäm 30 ýaşdan soň onuň aladasyny etmeli?+1
Biz ýaş wagtymyz saglyk tükeniksiz bir baýlyk ýaly görünýär.
Biz bedenimize üns berýäris: türgenleşýäris, ylgaýarys, ýoga bilen meşgullanýarys, dogry iýmitlenýäris. Emma köplenç hiç kim beýniniň saglygy barada pikir etmeýär.
Aslynda bolsa, beýni biziň garaşanymyzdan has ir garrap başlaýar.
Barlaglar şuny görkezýär: adamyň aň-paýhas mümkinçilikleriniň iň ýokary derejesi takmynan 20 ýaşlaryň töweregine gabat gelýär. 30 ýaş... dowamy →
👤 Fantom📅 Şugün, 08:05👁️ 4💬
Biologik ýaş.0
Näme üçin käbir adamlar 50 ýaşynda hem güýçli we sagdyn görünýär, emma beýleki adamlar 40 ýaşynda dowamly keseller bilen ýüzbe-ýüz bolýar?
Bularyň hemmesi hronologiki (pasportdaky) ýaş bilen biologik ýaşyň arasyndaky tapawut bilen baglanyşyklydyr. Bu tapawudyň açary her öýjükde gizlenen DNA molekulasynda saklanýar.
Her DNA molekulasy uzyn, iki gatly zynjyrdan ybaratdyr. Beden ölçeýjiler bu zynjyryň uçlarynda ýerleşýär. O... dowamy →
👤 Fantom📅 Şugün, 07:56👁️ 5💬
Çagalar hakynda.+1
Biz köplenç çaganyň üstünligini onuň mekdep bahalary we gazananlary bilen ölçemäge öwrenişdik. Emma bu hemişe onuň hakyky potensialyny görkezýärmi? Käwagt “gowşak okaýan” ýa-da “ýetmez derejede ukyply” diýen bellikleriň aňyrsynda adaty çäkleriň içine sygmaýan aýratyn pikirleniş usuly gizlenýär.
Bilýärmidiňiz, karýerasynyň başynda Walt Disneýi döredijilik ukyby ýeterlik däl diýip hasaplapdyrlar, Albert Eýnşteýn bolsa çaga... dowamy →
👤 Fantom📅 Şugün, 07:41👁️ 7💬
Täze ýyl däp-dessurlary0

Täze ýyly dünýäniň her ýurdy özüçe, öz däplerine, yrymlaryna görä garşylaýar.
Täze ýylda ýarygije Ýaponiýadaky ähli buthanalarda zaňlar 108 gezek urulýar. Adamda alty sany ýaman häsiýet:betnebislik, betpällik, pekgelik, ýeňilkellelik, ýaýdanjaňlyk we doýmaz-dolmazlyk bar. Olaryňam öz gezeginde her haýsynyň on sekiz dürli öwüşgini bar diýilip hasaplanylýar. Zaňyň owazlary ýaňlandygyça ýaman häsiýetlerden arassalanmak bolu... dowamy →
👤 Allash📅 Düýn, 23:21👁️ 5💬
Adamlar näme üçin ukudaka ýöreýärler?+1

Munuň ýaly wakalara käte gabat gelinýär. Ukuda ýöremeklik-häsiýetiň belli bir görnüşi bolup, onuň üýtgeşik bir syry ýok.
Bu hadysa düşünmek üçin, ilki bilen, ukynyň nämeden döreýändigini bilmeli. Uky adam bedenindäki uzakly günüň dowamynda ýadan organlarynyň hem-de dokumalarynyň dynç alyp, täzeden dikelmegi üçin gerekdir. Şu wagta çenli nädip we näme üçin uklaýandygymyzyň takyk ylmy düşündirilişi anyklanylanok.
Muňa gara... dowamy →
👤 Allash📅 Düýn, 17:24👁️ 11💬
Hazar deňziniň iň çuň ýeri näçekä?+1

Fiziki-geografik şertleri we gidrologik aýratynlyklary boýunça Hazar deňzi üç bölege-demirgazyk, merkezi we günorta Hazar suwlaryna bölünýär. Onuň has çuň ýeri Günorta Hazar çöketligidir. Onuň ortaça çuňlugy 345 metr bolup, has çuň ýeri 1025 metre ýetýär.... dowamy →
👤 Allash📅 Düýn, 16:36👁️ 9💬
Söýgi Hasraty+1
Wadalar beripdiň, dilleriň bilen, Ömrüme gül saçyp, elleriň bilen. Indi bolsa menden gitdiň-de dänip, Ýüregimi goýduň otlara ýanyp. Beylede ýalançy bolma, unutma Allany, Nädip dözdüň oda atmaga jany? Meniň tämiz yşgym saňa oýunmy? Söýgi däl, guranyň aldaw torumy? Gözleriňe bakyp, ynanan ekenim, Yşk bagynda diňe hasrat ekenim. Sen-ä gitdiň özge ýollary saýlap, Men galdym yzyňda bagrymy daglap. Beylede ýal... dowamy →
👤 Vector_Pro📅 Düýn, 12:58👁️ 21💬
TA-TA-TA-TAAA...+5

Feminizme garşy durýan kääääbir ...-izmler we ş.m.-ler. ANTIFEMINIZM (feminizme garşylyk) Antifeminizm 19-njy asyryň ahyrynda we 20-nji asyryň başynda, aýallaryň saýlaw hukugyny gazanmak ugrundaky hereketleri bilen bir wagtda ABŞ-da we Angliýada döräpdir. Antifeminizm doly feminizme garşy durýan düşünjedir. Antifeministler feminizmiň jemgyýetdäki däp-dessurlary bozýandygyny, maşga... dowamy →
👤 Outlier📅 06.04.2026 / 22:46👁️ 90💬
SÖÝÜÑ GARA GÖZLERIM+5
Yşkyñ oky ýyldyrym ýaýy älemgoşardyr.
Mejnun bolup dälliräp söýüñ gara gözlerim,
Alla ýeri ýasanda meger yşka düşendir,
Jeýhun bolup dälliräp söýüñ gara gözlerim,.
Söýlüñ gara gözlerim.
Umman söýse möwç urar tolkunlaryn güwleder,
Daglar söýse dumanlap ýylçyr daşyn gülleder.
Asman söýse nagra dartyp dilsiz gögün gürleder,
Gara başy samedip söýüñ gara gözlerim
Söýiüñ gara gözlerim.
Getirmiş Oguz hanyñ yşky Arşyñ peykerni,... dowamy →
👤 Mawy📅 06.04.2026 / 18:08👁️ 30💬
Muny bilmek gyzykly (2)+3

Uly Balkanyň dag gerişleriniň jülgelerinde we eteklerinde 250 töweregi çeşme bar.
* * *
Hünärmenler 2050-nji ýylda dünýä ilatynyň 9,3 milliard adama ýetmegine garaşylýandygyny aýdýarlar.
* * *
Dünýäniň iň uzyn deňizüsti köprüsi Hytaýda ýerleşýär. 36 kilometr uzynlykdaky bu köpri ýurduň Şanhaý şäherini Ningboi şäheri bilen birleşdirýär. Köprüniň gurluşygy bäş ýyl (2003-2008ý.) dowam edipdir.
* * *
Türkiýäniň De... dowamy →
👤 Allash📅 06.04.2026 / 13:18👁️ 32💬
Häzirki wagtda internetde haýsy diller has köp ulanylýar?+1

Häzirki döwürde dünýäde 1 millard 115 milliondan gowrak kompýuteriň internete baglydygy maglumatlarda bellenilýär. Iňlis, hytaý, ispan, ýapon, nemes, fransuz, portugal, koreý, italýan we arap dilleri internetde iň köp ulanylýan dillerdir.... dowamy →
👤 Allash📅 06.04.2026 / 12:35👁️ 15💬
Käbäm bas meni bagryňa+4
Eje bas meni bagryna" Sädi Sädiýew Gussalarym ýeňlär ýaly Käbäm, bas meni bagryňa! Il- gün meni geňlär ýaly, Käbäm bas meni bagryňa! Gürrüň ber çagalygymdan , Özümi çaga duýaýyn. Sypalasana saçymy, Gujagyňa başym goýaýyn. Sapak ber durmuşdan maňa, Büdremäýin, ýykylmaýyn. Şatlyga gujak gereýin, Üstünlige ýapylmaýyn. Goý diysinler "başarmarsyň", Sen ynan maňa, ýeterlik. Őmrüň uzak bolawersin, Sensiz... dowamy →
👤 yurekdesh📅 06.04.2026 / 10:30👁️ 16💬
Özge üçin köýüp gitjek ýürek men+5
Göwnümiň gownuni gorup bilmedim
Aýaz ýeli dondurypdyr gursagym
Sowuk şemal sypap geçdi saçymy
Çaga ýaly gözýaş döken pursadym
Umytlarym orta ýolda çat açdy
Ýadyrgaýan öz keşbimi göremde
Öz-özümi toplap aýaga galýan
Ilden ogryn, aglap-aglap diňemde
Bagtdan binesip, söýgüden kemis
Säwliklere baýap barýan ykbalym
Ýalňyşymmy ýa dogrymmy bilmedim
Göwnüm ýykyp, il göwnüni tapýanym
Kämil durmuş
Kämil söýgi
Kämil bagt
Oňa... dowamy →
👤 yurekdesh📅 04.04.2026 / 22:47👁️ 27💬
Pul we söýgi+5

Merdan kiçijik bir ussahanada işleýärdi. Onuň bar baýlygy köneje welosipedi we her agşam işden gaýdanda ony güler ýüz bilen garşylaýan Aýlarady. Olar garypda däl, ýöne durmuşyň kynçylyklaryny egni bilen çekýärdiler. Merdan elmydama: "Aýlara, nesip bolsa, bir gün seni dünýäniň iň bagtly zenany ederin, saňa iň gymmatly sowgatlary alaryn" diýip söz berýärdi.
Günleriň birinde Merdana garaşylmadyk bir mümkinçilik döredi. Daşar... dowamy →
👤 Dalije_gyz📅 04.04.2026 / 22:24👁️ 49💬
Komek soran mowzuk+5

Doslukly her günki endigi boýunça saýta girip, dostlarynyň hal-ahwalyny soraşdyryp başlady. Ol saýtyň iň sylanýan ýigitleriniň biridi. Onuň iň ýakyn dosty Orazjan bolsa hemişe täze degişmeler we gyzykly täzelikler bilen sahypany janlandyrýardy. Şol gün saýta täze bir agza — Sebap atly gyz goşuldy. Ol özüniň durmuşy, maksatlary we bu ýere gelmeginiň asyl manysy barada örän täsirli ýazgylar paýlaşdy. Sebabyň ýazgylaryna il... dowamy →
👤 Dalije_gyz📅 29.03.2026 / 20:20👁️ 119💬
Söýginiň hemrasy+2
Bir zenan öýüniň eýwanyna eşik sermäge çykanda, howlusynyň agzyndaky kese oturgyçda dyzlaryny epen üç ýaşula gözi düşýär.
– Eger-de siz ýadaw bolsaňyz, içerik girip, çaý-suw içiň! – diýip, göwnaçyk zenan mürähet edýär.
– Biziň hemmämiz bilelikde öýe girip bilmeýäris – diýip olar jogap berýärler.
– O näme üçin? – diýip, öý bikesi geňirgenýär.
Ýaşulularyň biri: – Onuň ady “Baýlyk”, munyňky “Saglyk”, meniň adym bolsa, “Söýgi... dowamy →
👤 Minigim📅 28.03.2026 / 14:29👁️ 29💬
Ajayyp soygi rowayaty (bolan waka)+3
[b]Bu synag dünýäsinde ýaşaýan ynsanyň başyna näler gelenok eken. Her adamyň öz durmuşy bar, agyr bir synagy bar, kynçylyk bilen geçýän, käte bolsa ýykyp togalanara getirýän böwetlere duşulýar. Meniň durmuşym hem ajy başdan geçirmelerden doly. Yşkdan hakykata, hyýaldan çyna uzap gidýän ýadadyjy hem agyr başdan geçirmeler. Taýýarlyk fakultetini bile okap tamamlan Kemal atly bir kursdaşyma garşy düýpli duýgylar besleýärdi... dowamy →
👤 афганка📅 28.03.2026 / 13:14👁️ 33💬
Kömek+2

Salam gowumy ýagdaýlaňyz saýtdaşlam! Bir mowzuk açmakjy we siziňem adyňyz geçirmekçi eger isleseňiz adyňyz ýazaýyň men käbilwriňizi kän tanamak🙂 bul mowzuk gyzykly bir mowzuklaň biri etmekçi eger isleseňiz bul menden size kijik bir haýyş.... dowamy →
👤 Dalije_gyz📅 28.03.2026 / 11:39👁️ 119💬
"Iki Gapy we Iki Sakçy" (Klassiki Logika)+4
iň meşhur we jogaby tapylmagy kyn soraglaryň biridir:
Siziň öňüňizde iki sany gapy bar. Bir gapy Bagtlylyga, beýlekisi Heläkçilige äkidýär. Her gapynyň öňünde bir sakçy dur.
Birinji sakçy hemişe dogruçyl (diňe dogry sözleýär).
Ikinji sakçy hemişe ýalançy (diňe ýalan sözleýär).
Siz haýsy sakçynyň dogruçyldygyny ýa-da haýsy gapynyň dogrudygyny bileňok we diňe birje sorag bermäge hakyňyz bar.
Sorag:... dowamy →
👤 Vector_Pro📅 27.03.2026 / 07:55👁️ 64💬
Jemi: 1665 mowzuk
🔍 Forum gözleg
Ýürekdeş sözler
Kimler saýtda?!
Agzalar
Pikirler
Saýt dükany
Suratlar
Dolandyryjylar
Forum
Meşhurlar
Düzgünnama
Derejeler
Media Lenta





