Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Yekejelai : “Cehennemin dibindeyim” dese yanına gidecek kadar çok sevdik bazılarını. #Yekejelai

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Şygyryýet dünýäsi
Mowzuk açmak
,,Eje"+14
Köpden bäri saňa hiç zat aýdamok (Men nädip syrymy sakladym aýtman?!). Senem meniň derdim bardyr öýdeňok, Her gezek ýuwdunyp-ýuwdunyp gaýdýan. Eje, sorasana gyzyň halyny, -Neçüýn gözleň nemli, ýüzüň soluk - diý. Elim bilen saýladyp öz ýolumy, Ykbal geň-taň ahwallara ýolukdy. Sendekäm özümi duýardym kemsiz, Arzylydym gymmatbaha dür ýaly. Ykbal duygularmy gorjalap çensiz, Şahyr etdi seň hyýalbent durnaňy. Bezeme...dowamy...
GOŞGULARYMA!+7
GOŞGULARYMA! Gül ýaly watanym bar, Güllesin goşgularym. Dost ýyklyp ýatanynda Gülmesin goşgularym. Dostum görsede gaty, Gizleme hakykaty, Ýap-ýagty adalaty Goldagyn goşgularym! Bigadyryň elinde, Binamysyň dilinde, Görübiň ýüreginde, Bolmasyn goşgularym. Bolsa bolsun bir manat, Sözi bolmasyn gahat, Iliň bendine gabat Gelmesin goşgularym. Paýlaşyp gözýaşyny, Sepelesin ýagşyny. Gutlaň , ýigrim ýaşyny Bellesin goşgularym...dowamy...
Sen hakda ÿene...+5
Kine galdy bu gőwinde, Bilmen, kalba dogamydyñ?! Ençe dert galdy eginde, Çekişmăge dolanmadyñ. Bar yhlasym seniñ űçin, Pida boldy, begenmediñ. Emma birje kemim űçin, Gitdiñ, yza dolanmadyñ. Pasyl geldi ÿyllar geçip, Men gőziñde eglenmedim. Saÿladyñ őzgăni seçip, Ÿőne maña dolanmadyñ. Señ islegiñ bagt dăldi, Bilen bolsam sőÿermidim. Şahadan ÿapraklar tăndi, Menem asla dolanmaryn. Perman HALGYLYJOW...dowamy...
Atañ bolmasa+4
Çagalygyñ çagalyga meñzemez Başyñ sypalajak atañ bolmasa Egniñdäki agyr ýüküñ ýeñlemez Başyñ sypalajak atañ bolmasa. Añlatmasy kyn duýgy bor içiñde Ejiz görüp ýykjaklar bar geçeñde Gussañy gizlärsiñ nacar ejeñden Başyñ sypalajak atañ bolmasa. Ýürekden aglarsyñ ýalandan gülüp Bir gezek ýaşarsyñ,müñ gezek ölüp Il günem halyñy soramaz gelip Başyñ sypalajak atañ bolmasa. Gündüzlerden gijeleriñ uzak bor Ýörän ýoluñ diken,ga...dowamy...
Gybatçy janawerler üçin :-)+5
Gybatkeş tanşym bar diýseň zehinli, Hakdan içen diýsem, lap etdigim däl. Görmegeý gelin ol otuzdan geçen, Görküni mazamlap, gep etdigim däl. Adyn aýtsam, menem bolaryn gepçi Tapawudy näme, Jerenmi, Maral?! Gybat gahrymany, gybat ussady, Hakyky hünärmen, işine jür ol. Gündelik habarlaň täzelikleriň Şeýle bir täzesin getirýär weli, “Iň täze habarlar” gepleşiginde Ediljek özüni oturdaýmaly. Ýok, diňe bu hem däl, meş...dowamy...
INE! ))+11
“Söýüň meni, ýürek söýgi küýseýär...” G.Ezizow (Halypa şahyr Kuwwat Ýazmuhammedowa bagyşlaýaryn...) Öwüň meni, ýürek öwgi küýseýär, Şeýle bir küýseýär, ýok çaky-çeni. Ezizowa, Kerim aga meňzedip, Teswir ýazmak bilen öwüň siz meni! Maňa kän zat, Uly bir zat gerek däl, Goşgularma diňe “ýürek” goýuň siz: Agzymdan geleni samyrdasamam, Sözlerime baha berip, öwüň siz!...dowamy...
Sapak+2
Sapak Sallam mollym, gelipsiň hoş kalbyma, Maňa çyn söýgini öwredip ýörsüň. Heniz syýa degmedik boş kalbyma ýazyp, bilmezligi owradyp ýörsüň. Soňky günler öz-özüme ýat gelýän, Bişip ýöremogam kän bir ataşda. Gussa girsem men ondanam şat gelýän, Bagtly boljak eken ynsan sataşsa. Kalbymdan çykýaňmy, kalbyma girdiň? Düşünjämiz deň gelip dur çoh ýöne. Gapysyz ykbala giripsiň nirden, Ýüregimi gozgadyplar,...dowamy...
Ejeme hat..+7
Diri gezip ýörmüň, garryja enem? Menem diri, saňa ýollaýan salam. Goý seniň şol garyp külbäň üstüne Aý şuglasyn saçyp dursun elmydam. Maňa hat ýazýarlar düşüp howsala, Meni küýsäp gezýärmişiň gussaly. Her gün ýola çykýarmyşyň zowzalap, Egne geýip sary giden possuny. Agşam düşse mawy gijäň tümünde Eýmenç düýşler seň beýniňi çokýarmyş. Kimdir biri meýhananyň jeňinde Meň ýüregme fin hanjaryn sokýarmyş. Rahatlan, ezizim, g...dowamy...
Gelersiň diýip+4
[color=#f82e00]Ýandy köňül köşgüm haraba döndi. Gijelerim geçmez, hunaba döndi. Başym dumanlanyp humarla döndi. Ýene öňkiler deý söýermiň diýip. Duýmaýarsyň halym gün-günden beter. Sensiz ýaşamakdan eýledim heder, Arzymy gaçyryp boldum bigadyr. Bir gün gadyrymy bilersiň diýip. Arzuwlarym gussa bilen garyşdy. Söýen ýarym nirelerde azaşdy? Derdimi paýlaşyp, göwnüm aglaşdy. «Ine bir gün geler, gülersiň» diýip....dowamy...
«Kim, tanamadym?»+4
Bu gün meni niçik tanamaýarsyň? Ýitirdimi aňyň hakydasyny? Ýa seniň ýüregiň ýan kitabymy? Ýyrtdyňmy, sen menli sahypasyny? Ýa-da seniň ömrüň uly sahnamy? Günde täze-täze tomaşa dörän. Sahnada ýerine ýetiren keşbim, Ýatda galmaz ýaly gysgamy örän? Ýa-da sen tanymal helkeltaraşmy? Il içinde uly sarpa goýulýan. Indi ilki ýasan sada heýkeliň, Öz ýasanyň däl ýalymy görünýär?...dowamy...
Dostuma.+2
DOSTUMA Ykballara ýanaly biz, Derdi gizläp geçirere ömür çäkli. Şonuň üçin, Otur, dostum, içeli-le. Gel, meý bilen ýuwudaly Kalba agram berýän gamy. Dünýäň irmän ýepbekleýşin, Ýekirişin seni, meni Unudaly biraz salym. Serhoşlar deý göçeli-le. Goý, ýazylsyn damarlarmyz, Birazajyk içeli-le. Ogurladan düýnlermiziň Ahmyryny ýetireli. Iň bolmanda, öz-özümiz Göwnümizi götereli. Ýazmakdanam irdik indi, Setirlere “gep gatnady...dowamy...
Men+5
Men Nobatguly Rejebowyň äheňinde Gara çynym bilen öwünjek şu gün, Ynanjaňlar biljek bolsun pal atyp. Men dünýäniň açylmadyk genisi, Men dünýäniň bilinmedik halaty. Gözlerme deňedim dünýäň ahwalyn, Aýatlaryn ýat bekledim Kuranyň. Agşamlaşdym, ýagyşlaşdym, aglaşdym, Şu gün irdenleýşi ýaly Suraýyň. Men bir lapykeçiň romantikasy, Asmana baş bermän, ýerde dörän men. Size ýeriň astynda-da peý bermen, Ynanmadyk gelip, ölüp g...dowamy...
B.....!+3
B.....! Ýöräp barýar köçelerde adamlar Ýok ýagyş ýaganok, asmana bakýan... Olardan saýlanyp, ýöräp gelýärsiň... Şol gün sen şeýle bir bagtlydyň örän, Garaşýan ýigdiňi, kän bir saklaman, ''Garaşdyrman geldim gerek'' diýeň-de... Tutup seniň gollaryňdan ylgadym, Aýly agşam fotostudiýa tarap... Fotoçy gyz surat alyp başlady Surata düşdük biz Wenesiýada, Soň aýlandyk Italiýaň köşgünde Sütünli, bakjaly hem Afinada... Fotoçy j...dowamy...
Doganlaryñ dag bolsa+5
Doganlaryñ dag bolsa. Ata - eneñ sag bolsa, Ekenleriñ bag bolsa, Doganlaryñ arkañda, Söýenmäge dag bolsa. Ganym gaýramaz dişin, Görkezip bilmän güýjin, Seni beýgeltmek üçin, Doganlaryñ dag bolsa. Ýerde galmaz sözleriñ, Gamlanmaz hiç gözleriñ, Gülkä dolar ýüzleriñ, Doganlaryñ dag bolsa....dowamy...
Gözlegde+2
GÖZLEGDE Ýene-de gözlege çykdym, Wagtym çäkli, eňip barýan. Gör-ä eýýämden ajykdym, Azyk alman oňup barýan. Bireýýäm saraldy ýaprak, Bolýar bagdan gaçjak-gaçjak. "Perzendini ene toprak Suwsyz goýmaz" diýip barýan. Batbörek deý alýaryn ba:t, Nirde? Ýolumam görnenok, Kelle–ga:zan, ýüregim–o:t, Ýanyp barýan, ýanyp barýan. Şygrym, ömrüm güýmeýär-le, Bu derdimi duýmaýaň-la, Hatda indi söýmeýänem Söýüp barýan, söýüp barýan....dowamy...
Ýaksa Hakdan gelen söýgi, Ýaşadanok şodur aýby...+3
Söýgi berip,ýüregime, Bir ömrüñi sogapladyñ. Arzuw edip, Ikimize, Toý edýäni togapladym. Seniñ gyzgyn mähiriñi, Mähir bilen jogapladym. Men başgany söýer ýaly, Özge göze garapmydym? Sen şeýle bir çalt özgerdiñ, Ýa ýamanyñ büräpmidiñ? Senden garaşdym bagtyma, Emma ony azapladyñ .Ötünç! Şyñlan gulagyña, Bu gün men seni ýatladym. Gije turup aýalymyñ, Ýuwaş üssünden ätledim... Uky nirde? Düýşe girip, Iýip barýañ,meniñ etim. K...dowamy...
Seret, bu gün...+4
Seret, bu gün... Seret, bu gün pese düşdi bulutlar, Howa sowuk, çapgyn ýel bar aýazly. Gowsy, bu gün öýden çykman otyrgyn, Ýyly pejiňize çoýup aýagňy. Iş bitmän-ä galmaz siziň öýňüzde, Jany sagka iner ýaly agalaň. Seňem içiň gyssa, gürleşmek üçin Daýzaňyzyň lälik gyzyn çagyryň. Ýa bolmasa, öýüň körpe “hanynyň” Gözi burlup sallançaga ýetdigem, Üwre şony, bolman durmaz saňa-da Bahanamyz akja bäbek etseňem. Gelnejeň-ä bi...dowamy...
Yaşa sen!+2
Ömür berilmeýär adama iki, Şonuñ üçinsöýlüp,söýüp ýaşa sen! Özüñi il-güne sylatgyn ilki, Gezegiñde hormat goýup ýaşa sen! Eneñ aýamady mährini,süýdün, Onuñ mele-myssyk çöregin iýdiñ, Gije ýatman ören jorabyn geýdiñ, Mähriñe çoýduryp,çoýup ýaşa sen. Mydam wepadar dost gurşasyn daşyñ, Dostuñdyr gorajak köp howpdan başyñ, Şeýle çyn dostuñdan gysganma aşyñ, Gezegiñde bile iýip ýaşa sen. Atañdyr bu dünýä gelmegñe sebäp, Bak...dowamy...
Täze ýyla täze şygyr+1
Açyp geçmişiň sahabym Maňa ýatladarsyň meni. Sorsalar yşkyň bahasyn Belli nyrh edersiň meni. Belki ömre permanym sen, Belki derdiň dermanymdyr, "Şirin bolsaň Perhadyň kim?" diýse, görkezersiň meni. Waspyň ýazyp doýmaz däli, Poezýamyz doňmaz häli, Poezýamyz doňmaz ýaly Oňa çarh edersiň meni. Yşka atdyň, näme günäm? Goşgym-tesbim, adyň-senam. Sözleriň–sa:l, gözleň–umman Ahyr gark edersiň meni. Gözl...dowamy...
Saÿlaw+5
Sen saÿladyñ, men saÿladym, "Dogry" saÿyp aÿralygy. Unudupduk wada-ăhti, Şert bilipdik ÿygralygy. Geçenleri ÿatlamagam, Aÿyp gőrindi-de gőze Ikimizem ÿalñyz galdyk, Dőndik misli sőnen kő:ze. Sen saÿladyñ synmagymy, Ruhumdan dűşip jyda. Belki netiñ dynmakdymy, Sőÿgimizi edip pida?! Suwa dőnen sabrymda hem Őz-őzimi gark edemsoñ. Men saÿladym őzge ÿoly, Ÿarynda goÿup gideñsoñ. Saÿlan ÿoluñ dogry bolsa, Git, ymykly, saklanm...dowamy...
Jemi: 1533
<< 1 ... 26 27 28 29 30 ... 77 >>

Soňky teswirler

9 goşgy: Aşyr hanow.


Men bir oka gelen ýaradar keýik, Ölmümem şowa kör awça galypdyr. Täsirlije...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | 9 goşgy: Aşyr hanow.
Anora (Şugün, 14:44)

9 goşgy: Aşyr hanow.


Murtdaş e-kitap bolsa, şo kitaby gmail'ma ugradyp göwörjekmi...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | 9 goşgy: Aşyr hanow.
Annadurdy (Şugün, 14:33)

Ertir.ru çat barada pikirler


Işsizlerrrr.....dowamy...
Erkin mowzuklar | Ertir.ru çat barada pikirler
Ayjahan (Şugün, 14:12)

Ertir.ru çat barada pikirler


Galyboylar kop sondan yapyldy gyz bolup oglanlary oynap gyzlar oglan bolup gyzlary oynap yorenler kop bolonsan yapdylar telekomam...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ertir.ru çat barada pikirler
Akademik3 (Şugün, 14:02)

Durmuşdan samsyk gatyşykly....


Ozun yazdynmy?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşdan samsyk gatyşykly....
Belki (Şugün, 11:30)

Ertir.ru çat barada pikirler


açylsa gou...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ertir.ru çat barada pikirler
yaltaja_lai (Şugün, 10:47)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


Yo bu-ul seň coplan zadyn-a dal. Publisistik stilde yazylypdyr. Bir yerden alypsyn....dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Belki (Şugün, 10:30)

Ertir.ru çat barada pikirler


Yo toleglik mesele yoK. Yokardan bloklanya blabax catlan ahlisi acylan badyna #diydiler....dowamy...
Erkin mowzuklar | Ertir.ru çat barada pikirler
Belki (Şugün, 10:26)

Kakamyrat Rejepow


Gallamyn uny yiti bolsun berekella...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Kakamyrat Rejepow
BAYOGUL (Şugün, 10:13)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


Son okarynda mn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Jasmin (Şugün, 08:19)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика