Ýürekdeş sözler!
Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi
Şygyryýet dünýäsi
Tebigatyň dört pasly!(gosgy)+0
Gyş,ýaz,tomus,güýz-ýylyň pasyllary, Her biriniň bar öz gözelligi,şatlygy Tebigat her paslynda bir öwrüliş, Kalby oýarýar,göwnüňi öwüşgin edýär. Güýz gelende mylaýym şemal öwüsýär, Sary ýapraklar tozana bolup sowulýar, Güýzde ýagyş hem ýürege aýdym aýytýar, Owadan bu pasyl-duýgy bilen oýarýar. Gyş ýetende agaçlar ýalaňaç galar, Garly howa tutuş dünýäni ak reňk bilen s...dowamy...
Талант (24.10.2025 / 18:22) okaldy (80) teswirler (1)
"Ölüm gapysy"(goşgy)+2
Bu dünýä şeyle bir çylşyrymly, Geçýaris-gidyaris yuwaş elden. Bir gün gelýär-ajalyň ýoly, Ýalňyz galyars ahyrynda biz hem.. Yzyňda yaş döker gözüň yaşlary, Unudylmaz ýaly bolup göze. Ýöne bir ýyl geçse wagtyň bardy, Ýatlarda galarsyň diňe ýüze. Ölüm yoly-gorkunç,garaňkydyr, Ol adamyň soňky yoludyr. Ölmez ýaly gezer her bir adam, Ýöne bary bir barmaly yer bar- Ölüm gapysydyr,gaçyp bolmayar.... Awtor:@Тал...dowamy...
Талант (22.10.2025 / 21:00) okaldy (215) teswirler (1)
Soygi...+0
Soygi guldur,Yesiri bolmaz...
Soygi olumdir,Tabydy bolmaz...
Soygi garypdyr,Coregi bolmaz...
Soygi erbetdir,Menzesi bolmaz...
Soygi komurdir,Kuli bolmaz...
Soygi gosgudyr,Galamy dymmaz...
Soygi oynakdyr,Yerinde durmaz...
Soygi myhmandyr,Gapyda durmaz...
Soygi coldir,Suwy tapdyrmaz...
Soygi ummandyr,Denizi bolmaz...
Soygi hakykatdyr,Yalany bolmaz......dowamy...
YekeMen (28.03.2024 / 20:59) okaldy (84) teswirler (0)
Ynam+2
Men ony goradym ýaman gözlerden,
Jalaý ýigitleriň her garaýşyndan,
Sowuk gybatlardan, sowuk sözlerden,
Tükenmez ýyllaryň gara gyşyndan.
Goradym göripleň gargaýyşyndan,
Ýakynlarymdanam goradym ony.
Goradym dostlarmyň ýylgyryşyndan,
Hiç bir zada rowa görmedim ony.
Bişişini synlap ullakan almaň,
Şol uly alma-da gorkuly garap,
Ony ähli zatdan goradym, arman,
Özümi şol gyzdan bilmedim gorap.
Han-ha, iňrik ýere ýazylyp barýa...dowamy...
kralice (28.03.2024 / 16:49) okaldy (77) teswirler (1)
"Dünyede her kimiñ öz gylygy bar..."+6
[i]Dünýede her kimiň öz gylygy bar, Oňatlary saýlap-seçgin — diýdiler. Edep-sypaýçylyk adamy bezär, Mydam gödeklerden gaçgyn — diýdiler. Diýişleri ýaly, gaçdym-da ýördüm, Gödekligem meni kowlap ýörmedi. Ol öňümden çyksa, ýüzüm öwürdim, Oň nä derdi — asyl gaty görmedi. Sypaýy diýlenler bolýar her hili Juda sypaýylar daşym aldylar. Duýman durka, kastlary bar ýaly, Sypaýlygmyň dulugyna çaldylar....dowamy...
imissyou (28.03.2024 / 07:25) okaldy (110) teswirler (5)
Gutarylmadyk goşgy+7
Bu dünýede didaryňy görme ýok, Sataşmak ýok ikimize hiç haçan.
"Oglum!" diýip, gujagyňy germe ýok,
Senden gök asmany gabandy ajal.
Ah, seni şeýle bir göresim gelýär,
Bir alaç gözleýän bagrymy tüýdüp.
Iň bolman düýşüme girsene, käbäm,
Öňki ynjyklygmy birmahal goýdum.
Delminip-delminip gitme yzyňa,
Ýaýdanyp ukymyň goýalmagyndan.
Maňa birje gezek dözümlilik et,
Çekinme tisginip oýanmagymdan....dowamy...
rexha (28.03.2024 / 07:10) okaldy (109) teswirler (4)
Dünýe-ha owadan+8
Dünýe-hä owadan,
Durmuş jadyly.
Bir ömürde bu zatlardan ganmak ýok.
Ýöne bolýan oýunlara syn edip,
Özüň öňki özüň bolup galmak ýok.
Namart merde sapak berer sakyrdap,
Pes-beýiklik hakda gürlär oturar.
Paýhas päki dek ýiti danalar
Akmakdan utanyp derlär oturar.
Düýnem ýaradana jort atyp ýören
Bu gün selle oranandyr başyna.
Sen diliňi dişläp, başyňy ýaýkap,
Geň galarsyň onuň bolup ýörşüne.
Bir gün geň gal...dowamy...
imissyou (28.03.2024 / 06:51) okaldy (92) teswirler (4)
Edil düýn ýalydy+5
Edil düýn ýalydy.
Ýaňy ýalydy,
Sagadyň dillerin rehimsiz towlap
Seň ýanyňa duşuşyga barýanym
Ädimlerim bilen elhenç sakawlap.
Paýtagtyň asuda köçelerinden
Kä öňe ýörärdik, kä yza bakan.
Şemal össe, tolkun atar durardy
Sypaýy köýnegiň, sypaýy ýakaň.
Bu ýerde hiç hili düşünmezlik ýok,
Belki, şeýle bolmalydyr bu zatlar.
Sen saga sowuldyň,
Men bolsa çepe.
Seni ençe ýyllap çykardym ýatdan.
Ýöne agşam bir dü...dowamy...
halmyradov (28.03.2024 / 06:23) okaldy (80) teswirler (3)
Şöhrat+5
Şöhrat näme, bilemok, Ýaşap ýörün dünýäde. Gözüm açyp görenim Şu zemindir, şu asman. Gelin geldi uz ýaşynyp, Elinde tylla bada, Maňa oňat sözler diýdi, Saçym sypap bir zaman. Men oňa bar git diýdim, Işiň bilen bol diýdim. Işim başymdan agdyk Galamym iş küýseýär. Ol gözüni güldürdi. Gel, goýnuma dol, diýdi, Beýle gelin saňa aşyk Bolup gezer niçezar. Seniň saçyň sypaýyn Öpeýin gül ýüz...dowamy...
halmyradov (28.03.2024 / 06:20) okaldy (73) teswirler (4)
Ýaşlyk+6
Gazaply kazy deý, mydam başymda
Sagat çot kakyp dur şyk-şyk-şyk.
Düýnüň özem garaşýardym ýaşlyga,
Bu gün bolsa, geçip barýar şo ýaşlyk.
Bir zada düşünýän:
şowhunly günler
Al atymy çapyp ýören haladym,
Öňümden çykana gül ýaşlygymy
Hormat edip, sowgat kimin paýladym.
Jomartlygym üçin «sagbolsunlara»
Ýüzüm göge tutup göçer ýörerdim.
Ýaşlygymy gerekmejek dostlara
Hem boş söhbetlere seçer ýörerdim.
Öwgülerde...dowamy...
halmyradov (28.03.2024 / 06:19) okaldy (87) teswirler (5)
Söýgi poemasy+6
I Oglanlyk döwrümdi. Söýdüm bir gyzy. Ýok, ýok, beý diýerden irräkdi heniz. Öz ýanymdan söýýän ýaly bolsam-da, Söýgim basdaşlykdan bärräkdi heniz. Okuwdan soň baha sanaşygynda Artyk, kem bolaýsa bir bäşligimiz. Söýginiň deregin basdaşlyk tutup, Bolmazdy yşk diýen mätäçligimiz. Şeýdip geçip gitdi oglanlyk döwrüm. II Jahyllyk döwrümdi. Söýdüm bir gyzy. Ol hem maňa söýýän ýaly bakardy. Emma za...dowamy...
imissyou (27.03.2024 / 22:56) okaldy (93) teswirler (3)
Ykbal we ýazgyt.+2
Belki ykbal,belki durmuş yoludyr,
Belki ýokdur nesibede görüşmek.
Ýazgydymyz ýazylmasa bir daşa,
Elde däldir ýazgyt bilen göreşmek.
Senä isläp gitdiň,menem alaçsyz,
Alaçsyz terk etdim içki dünýämi.
Günäli men ýa-da senmi bilemok,
Terk etdik biz başarmadyk söýmäni.
Aradan aýyryp wagtyň serhedin,
Unut,ýöne geçmişiňi otlama.
Ömrüme pent bolsun ýeke haýyştym,
Meni ýaman ýazyk bilen ýatlama.
Awtor:Salyh Halmyradow...dowamy...
Росия (27.03.2024 / 21:04) okaldy (80) teswirler (1)
Men seni söýäýdim,söýaýdim öýtdýän+4
Men seni söýäýdim — Söýäýdim öýdýän, Soňky günler maňa bir zad-a bolýa. Begenmesiz zada begenip ýörün Hemem sähel zada keýpim bozulýa. Men seni söýäýdim — Söýäýdim öýdýän, Seni seredenden gabanyp ýörün. Käte seň ýanyňda egnimi gysyp, Kä donuma sygman gabaryp ýörün. Men seni söýäýdim — Söýäýdim öýdýän, Sen maňa birhili ýowuz görünýäň. Men seniň ýanyňa baryp bilemok Hem oňup bilemok saňa görünmän. Men s...dowamy...
imissyou (27.03.2024 / 16:01) okaldy (96) teswirler (3)
Magtymguly Pyragy+6
Adam bolup adam gadryn bilmeýen, Ondan ýene otlap ýören mal ýagşy. Sözlegende, söz manysyn bilmeýen, Ondan ýene sözlemeýen lal ýagşy. Hudaýym saklasyn şerden, gahardan, Minnetli aş ajy bolar zäherden, Eý, ýaranlar, bir bazarsyz şäherden, Ondan ki bir guwlap ýatan çöl ýagşy. Her kimiň özüne Müsürdir jaýy, Ýadyndan çykmaýyr baýramy-toýy, Jan saglygyň bolmaz hiç deňi-taýy, Agşam ýatyp, ertir şükrün kyl ýagşy....dowamy...
imissyou (27.03.2024 / 15:49) okaldy (70) teswirler (3)
Günleriñ bir güni menem ölerin+7
Günleriñ bir güni menem ölerin! Günleriñ bir güni menem ölerin, Umydym üzerin ýagty jahandan. Şol tabydym göterlende asmana, "Gowy adam": diýen boluñ ýalandan. Günleriñ bir güni menem ölerin, Zar çekip aglarlar kyrkyma çenli. Dost, dogan, garyndaş hemmesi üýşdi, Geliñ geçiñ töre çaýlaram demli. Ýöne mende dem ýok, jan çykdy tenden, Ana şol gün geldi, aglamañ goýuñ. Men siz üçin kimdim ýönekeý ynsan, Men...dowamy...
imissyou (27.03.2024 / 15:42) okaldy (69) teswirler (4)
Mekdep ýatlamasy+5
Shol gun surat bolup ana sinipdir
Chishirilen sharlar...Edil duyn yaly
Her kim gursagyna shatlyk danypdy
Shatlyga owurip uly dunyani
Bagtdan hyn beryardi yureklerimiz
Uchurym adyny alandan sonra
Wah, nenen achypdyk yurekleri biz
Gownumiz asmana galandan sonra
Aydymlar aydylsa ses goshup batly
Okalan gutlaga bash atypdyk biz
Bilinmedik syrlan tagamy datly
Shonda ichimizi boshadypdyk biz
Yukumizi tutup bagtdan,h...dowamy...
rexha (27.03.2024 / 06:36) okaldy (64) teswirler (4)
Adam+3
Täzeçe bir many aldy köp zatlar,
Köp zatlaryň öňki manysy gaçdy.
Bir ömürde meniň gören gudratym:
Adam göz öňümde çylşyrymlaşdy.
Adam adama dost diýlen sözlere
Müň bir ýerde meniň gözlerim düşdi,
Hernä, şeýle bolsun — neneň ýakymly,
Ýöne welin, adam çylşyrymlaşdy.
Dogry, şindem onuň şol öňki ady,
Dogry, şindem onuň şol öňki keşbi.
Ýöne ol — şol öňki adam däl indi,
Adam göz öňümde çylşyrymlaşdy.
Ol juda k...dowamy...
halmyradov (27.03.2024 / 05:27) okaldy (61) teswirler (2)
Ýaşlyk humary+3
Ýaşlyk mydam biziňkidir öýderdik,
Ýaşlygyň humary başymyzdaka.
Diňe gyzlar hakda gürrüň ederdik,
Ýaşlygyň humary başymyzdaka.
Duýgulardan öňe salmasaň akly,
Näme isleseň — şoňa-da hakly,
Gör, nähili ýüreklidik, ýürekli,
Ýaşlygyň humary başymyzdaka.
Durmuşyň ekdisi, öýüň tarhany,
Senmi duýjak gyşyň, tomsuň parhyny.
Ýeri, soran kimdir wagtyň nyrhyny,
Ýaşlygyň humary başymyzdaka.
Nähili bezärdi gözellermizi...dowamy...
halmyradov (27.03.2024 / 05:26) okaldy (77) teswirler (3)
Galkynyş+3
Taryh alyslardan — daşdan başlanýar,
Baharyň binýady gyşdan başlanýar.
Beýik iş kelleden — başdan başlanýar.
Egniň ýokarsynda ser bolsun türkmen.
Açyk ýüregiňe bar, açyk eliň bar,
Dünýäň dört künjünde gidim-gelim bar.
Ata Watanyň bar,
Ene diliň bar,
Diliňden dökülýän dür bolsun türkmen.
Gerçekler bolupdyr meşhurdan meşhur,
Göwnüň açyk bolsa, iş bolmaz müşgil.
Haýyr işler bilen bolawer meşgul,
Ownamasyn, my...dowamy...
halmyradov (27.03.2024 / 05:25) okaldy (62) teswirler (3)
Ene dilim+2
Hallaryň neneňsi,
Taplaryň niçik
Eziz ene dilim, mähriban dilim?
Gel, söhbet edeli açykdan-açyk,
Eziz ene dilim, mähriban dilim.
Ýüz müň öwüşginden örülen desse
Şahyra — şygyr sen, gürrüňçä — kyssa,
Ak säheriň nury ýaly arassa —
Eziz ene dilim, mähriban dilim.
Sen meniň gazabym, sen meniň näzim,
Ýüregimde gaýnap çykýan owazym.
Babalardan miras galan ýalňyzym —
Eziz ene dilim, mähriban dilim.
Halaldan ha...dowamy...
halmyradov (27.03.2024 / 05:23) okaldy (60) teswirler (2)
Jemi: 385
Soňky teswirler
"Salam" Allanyň ady däl..!
Alladan gorkyan bolsan suny ayyrsana doganjan bilenmensirap mowzuk acyp uly milete akyl satyamykam diyip agzyn doldurup goyupsyn hayysy etyan ayy...dowamy...
Ahmyr
Ashyk magshugynyñ intizary. Ashygyñ hyÿaly, pikiri boyunca, gyzyñ kalby ashygyñ kalbynda. Ashyk liriki gahryman oz kalbyndaky gyzyñ ÿarpy kalby b...dowamy...
"Salam" Allanyň ady däl..!
Es-Selam - Allanyň ady bolsa; DiyipsiniZ. Yagny, Es-selam diysek, Allanyn ady bolyamy? Yone "salam" diysek bolanok diyjek boldunyzmy?...dowamy...
SORAG ♥️♥️♥️ N°3
Ol bagytdyr, gysgadyr uzak görüner. Bagtly bolmagy, höwes eder göwünler Göripler köpelse bu höwesler gömüler Ile gülki bolmaň. Jogap şeýledir...dowamy...
"Salam" Allanyň ady däl..!
Aslynda Assalamualeýkum bolmaly. Ýagny saňa saglyk we asudalyk dileýän diýen manyda....dowamy...
18 ýaşym
,, Kan men ter" trilogiyasyny turkmen dilini geciren Otuz Ÿowyÿew. Aslynda terjime Şahyr Nury Bayramow bilen bilelikde edilen bolmaly. Gowy terji...dowamy...