“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
New ,,ertir" chat - Biz bärde🙂
Ýürekdeş sözler!
Tertip : TANIMALLYK ÝÜKIÑ AGYRYDYR GÖTERIP BILSEÑ GÜÇLISIÑ GÖTERIP BILMESEÑ ZOR ADAM DALSIÑ Atagylyc Gurbangulyýew

© 2026 Ähli hukuklar goralan.
🎂 Şugün doglanlar
Agent_007 (19), Vandenes (126), Abdylla356 (40), MMaa (28), Mekan99 (26)
📸 Soňky suratlar
📋 Mowzuklar
✨ Täze⚡ Jedelli👁️ Okalan
Döwrebap söýgi haty+1
Söýgülim, Men seni ram'ymyň göterip bilmejegi derejede söýýän! zipsiz, zatsyz bolşuň ýaly... seni ilkinji gören badyma formatlandym. maňa şeýle bir sistema transfer etdiň welin, mundan beýläk hiçhili command meni senden aýra salyp bilmez. seniň bilen multimedia-da içinde, her hili mediada bagtly bolup biljegimizi bilýän. seniň megahertz'iň meni oda salýar, bakyşlaryň meni çuňňur scan edýär. saňa doly ynanýaryn, bu hatymy... dowamy →
👤 Perhatsabirovv📅 10.12.2025 / 02:18👁️ 131💬
Dogulmankam günäm näme!?+6
Dogulmankam günäm näme!? Eje, sen howsalaly, men duýýan. Sebäbi seň ýüregiň çalt urýar. Ýüregiň çalt urşuny bilmegimiň sebäbi bolsa seň ýüregiňe gönümel hem başga manydada iň golaýy men ahyry. Sen meň ejem. Men güjüjegemdäl, pişijegemdäl, guşjagazamdäl, men seň bir bölejigiň, sen ganyň hem damarjygyň. Eje, bu dogtarmy, biz dogtara geldikmi!? Ýok bu ýere gelmäli, gideli, seňem, meňem janymyz sag ahyry. Eje men gorkýan. Ej... dowamy →
👤 IDEALLIDER2📅 21.12.2025 / 22:11👁️ 154💬
Oylanma+4
SÖÝGI HAKYNDA. Dem alýaryn diýmek, men söýýärin! Men söýýärin diýmek men dem alýaryn! W. Wysoskiý Söýgi bu ýaş saýlamaýar... söýgi hakynda million sözler sözlendi, dag ýaly kitaplar ýazyldy, müňläp goşgylarda goşuldy. Emma, şonda-da bu ajaýyp duýgy hakda ýene bir yazmazlyk mümkinmi? Meniň gürrüň berjek wakam bir wagtlar bir zamanlarda bolup geçipdir diýsem ýalançy boldygym bolar. Bu hekaýa diñe meniň aňymda eger men s... dowamy →
👤 Nikli📅 16.12.2025 / 09:42👁️ 146💬
Daýhan we alma agajy.Hekaýa.+7
Ir zamanlar tokaýa ýakyn obalaryň birinde bir daýhan ýaşaýan eken. Onuň dürli agaçlara, güllere bürenip oturan ullakan mülki bolupdyr. Daýhan çagalyk ýyllaryny bu ýerde ösüp oturan alma agajynyň töwereginde oýnap geçiren eken. Alma agajy oglanjyga ullakan hem süýji miwelerini jomartlyk bilen eçilipdir. Agaç şeýlebir äpet bolupdyr welin, dürli haýwanlar ony özüne mesgen edinip, agzybirlikde ýaşapdyrlar. Aýlar-ýyllar geçip... dowamy →
👤 rexha📅 19.12.2025 / 14:25👁️ 124💬
Turkmeniň Agirt yazyjysy Atajan Tagan 21.12.2025 aradan cykdy.+10
Atajan Tagan 1940njy yylda Mary welayatynda dunya inyar. 30yyla golay wagtlap SSSRiň turkmen edebiyaty boyunca jogapkar sekretar wezipesinde zahmet cekyar. Russiyanyň at gazanan edebiyat-sungat ishgari.Turkmenistanyň sungatda at gazanan işgari. Turkmen taryhy ucin 10larca gezek germaniya fransiya yaly dowletleriniň arhiwlerini gozlan adam.Saragt galasy kitabyň awtory. 750muň tiraža golay daşary yurt eserlerinin turkmence... dowamy →
👤 Mizan📅 22.12.2025 / 15:57👁️ 189💬
Mekdebi we dünýäni gowy tarapa nädip üýtgetmeli?+1
Mekdep – diňe bir bilim alynýan ýer däl, eýsem mekdep aragatnaşygyn, sosiallaşmagyn we täze tejribelerin öwrenilýän ýeridir. Bu ýer ýetginjekleriň geljekgi ykbaly, karýerasy, durmuş garaýyşlary we gymmatlyklary barada karar berýän ýeri. Ol ýerde dünýäni gowy tarapa üýtgedip bolýar. Muny okuwçylaryň özleri başarýar. Nädip? Belli bolmadyk birnäçe usullara seredeliň. Dünýä belli erkek adamlar barada öwrenmek bilen çäklenm... dowamy →
👤 xuliganka📅 07.01.2024 / 11:37👁️ 160💬
Birahat ruh.(mistiki hekaýa)+1
Birahat ruh.(mistiki hekaýa) Gyşyň gelmegi bilen meniň gatnaýan sport mekdebi ýapyp,ony etrap merkeziniň çetindäki mekdebe geçirdiler.Täze geçen mekdebimiz öňkä seredende giňdi we ýylydy.Ýöne çetiräkdä bolansoň,agşamky türgenleşiklerden soň oba gaýtmak kynrak boljakdy. Türgenleşik tamamlanansoň,bile gatnaýan oglanlar bilen öýli öýimize gaýtdyk.Beýleki oglanlaryň öýi etrap merkezinde bolansoň,olar başga ýoldan gitdiler.M... dowamy →
👤 Relax📅 07.01.2024 / 22:50👁️ 160💬
BELKI, SENSIŇ...+7
Başyňa döneýin, aýak çek bir dem, Belki, bu derdime sen borsuň hemdem. Belki, sensiň gözbaşy bu ömrümiň, Hyýallardan gözleýäni köňlümiň. Belki, sensiň her gün, her dem uýanym, Ýogam bolsaň käte-käte duýanym. Belki, sensiň arzuwlarmyň wysaly, Tebigata berlen bahar mysaly. Belki, sensiň, seniň özüňsiň diňe, Geljekde-de daýanç boljak köňlüme. Belki, sensiň «söýgim» diýip gözlänim Niçe ýyllap gözlerinden özgäniň... Baş... dowamy →
👤 Huzur📅 21.12.2025 / 02:06👁️ 140💬
Näme üçin irden limonly suw içmeli?+5
Güniňizi bir stakan kofe ýa-da gyzgynjak çaýdan lezzet alyp başlamany halaýaňyzmy? Size bu içgilerden hem lezzetli limonly ýyly suw içmegi maslahat berýäs. Näme üçin diýýäňizmi? Aşakda munyň birnäçe sebäbi getirilen. Her bir ynsan hassa bolanda gowlaşmak üçin ,, jadyly derman “ kömegi ýa-da medisina tehnologiýasyna ynanýar. Emma hassa bolmanka dermanlardan hem güýçli häsiýete eýe, ýönekeý we peýdaly zatlary ulanmagy ýatd... dowamy →
👤 Pearl_📅 21.12.2025 / 23:48👁️ 128💬
Sapakdan soň+9
[color=#454545]Matnazar Abdulkarim (özbek şahyry) Ot gorsaýan bir okuwça käýedi, Alyp goýdy ondan otluçöpi hem. Ýumuş depderlerin toplady, soňra Bir-bir sanap gördi. Ýedi depder kem. «Her gezek siz şeýle, Utanaňzokmy? Gelýäňiz okaman, gezelenje siz, Bu sapar hem iki goýmaýyn, ertir Galanlaňam depderleri jemlensin». Gyş güni — bir tutum. Garaňkyrapdy. Ýaýdandy. Aşmaly boljakdy gyrdan. Äri hem gel... dowamy →
👤 Ahmal📅 19.12.2025 / 21:46👁️ 139💬
Dünýäde iň köp kitap okaýan ýurtlar+7
Amerikanyň Birleşen Ştatlary dünýäde iň köp kitap okaýan ýurtdur. “World Population Review” portalynyň maglumatlaryna görä, ortaça amerikaly ýylda 357 sagadyny okamaga sarp edýär, bu bolsa 17 kitap okamaga deňdir. Hindistan ikinji orunda (16 kitap we 352 sagat), ondan soň Beýik Britaniýa (15 kitap we 343 sagat) gelýär. Fransiýa we Italiýa degişlilikde, dördünji we bäşinji orunlary eýelediler. Altynjy orunda bolsa ýylda 22... dowamy →
👤 rexha📅 19.12.2025 / 14:28👁️ 155💬
SERIMDE IKI JAHAN SERWERIM...+15
Şu ýerlerde ýaşaýar bu bedenim, Şu halk bilen gürrüň edýär dilim hem. Her çag Ýaradanyň ýeňse damardan, Ýakynlygy gitmeýär hiç serimden. Serimde iki jahana serwerim, Dört müň sünnet amanady ymmata. Melekler janyny alanda sorap, Ýer ýüzünden göterdiler hümmeti. Serimde paýhasly enem Hatyja, Bar baýlygyn gaýgyrmady din üçin. Ilki şehit bolan Sumeýýa enem, Şirin janyn aýamady din üçin. Serimde ol Ýunus Emräniň yşky, Niçik... dowamy →
👤 Suray📅 20.12.2025 / 13:31👁️ 163💬
Bu gün saýtymyzyň iň owadan we buýsançly pursady!+10
Hormatly saýtymyzyň agzalary! Bu gün men size Admin hökmünde däl-de, eýsem hakyky zehiniň we zähmetiň muşdagy hökmünde ýüzlenýärin. Käwagt durmuşda şeýle pursatlar bolýar, ýanyňda bile işleşip ýören, saýtyň tertip-düzgüni üçin gije-gündiz jan çekişýän ynsanyň täze bir belentligi eýeländigini bileniňde, buýsanjyňy gizläp bilmeýärsiň. Biziň Moderatorlarymyzyň biri, hemmämiziň gowy görýän agzamyz @Belki barada gürrüň g... dowamy →
👤 Admin📅 19.12.2025 / 10:26👁️ 228💬
2025 "Ýylyň parlak ýyldyzy"+3
[color=#454545]Şu gün, 17-nji dekabrda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Döredijilik bäsleşigi birnäçe tapgyrlarda geçirilip, iň zehinli aýdymçylaryň 10-sy jemleýji tapgyrda çykyş etmek üçin saýlanyp alyndy. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwle... dowamy →
👤 Ahmal📅 18.12.2025 / 19:20👁️ 169💬
SÜÝJÜLI WAKA+17
(Ýatlama) Ählimiziň söýgüli baýramçylygymyz bolan Täze ýylam ýetip gelýär.  Çaga bolmasam-da, çaga ýaly şol baýrama her ýyl garaşýaryn. Täze ýyl golaýlaşdygyça, şähdim açylýar. Nädip begenmejek?! Hat ýazýaň-da arçanyň aşagynda gizläp goýýaň. Ertesi islän sowgadyň taýýardyr. Biziň munda çagalyk döwrümiziň hekaýasyna siňen gyzykly günlerimiz ýatyr. Ak guwlara meňzeş ak köýneklije (balarinalar) gyzjagazlar, Pingiwin ýör... dowamy →
👤 Gulmahrem📅 16.12.2025 / 11:46👁️ 220💬
Ne öli ne diri. 10-nji bölüm.+3
Ne öli ne diri. 10-nji bölüm. ...Hany onda 45-ýaşly adama bu daglar ýardam edermikä ýa-da... Mukam-aga gowy ýol şaýyny tutunup, daga baryp, ol ýerlerdäki çopanlardan, ýaşaýjylardan, ähli duşan adamlardan "Şol syrly goja" barada soraşdyrdy. Kimler "Ol goja birmahal öldi" diýseler, kimleri "Bir aý-mundan owal akyly-üýtgän ol gojany plan ýerde gördük" diýip ýene başga ýerleri salgy berýärdiler. Şeýdip argynsyz gözleglerden... dowamy →
👤 IDEALLIDER2📅 19.12.2025 / 07:34👁️ 132💬
Ne öli ne diri. 9-nji bölüm.+5
Ne öli ne diri. 9-nji bölüm. ...Serwiniň aljyramagynyň sebäbi ol posa-ogşalmak ýönekeýdäldidä. Ýagny Asal Serwiniň ýaňagyndan ogşanda, Asal iki-dodagynyň arasyndan çalaja dilini çykaryp, Serwiniň ak-gyzyl ýaňagyndan çalaja bäbegiňkiýaly bir-wagtda hem ogşady hem ýalapgöýberdi. Mümkin Asal oýun edendir, degişendir, mümkin ogşap bilýändäldir, belki bu başga birzatdyr... Mukam-aga gyzynyň ähli zadynyň gowlukdygyna anyk göz-... dowamy →
👤 IDEALLIDER2📅 18.12.2025 / 23:44👁️ 130💬
Ne öli ne diri. 8-nji bölüm.+3
Ne öli ne diri. 8-nji bölüm. Elbetde "Ar-namysyň, diniň, çagasyna-bolan söýgüniň we gahar-gazabyň" birleşip görülip-eşidilmedik güýç ýasaýandygyny ýaş-prokuror Hazar entek bilenok. Şondada inni näme jogap ederkä!? Hazaryň uzak wagt dymyp-pikirlenip oturanyny synlamakdan ýaňa takady gutaran sudýa: — Bejidow, biz, zal, ähli adamlar size garaşýar. Dowam ediberiň. Ýaňky soran zatlarym barada maglumat sizde barmy? — diýeninde... dowamy →
👤 IDEALLIDER2📅 18.12.2025 / 23:33👁️ 121💬
Ne öli ne diri. 7-nji bölüm.+4
Ne öli ne diri. 7-nji bölüm. ...Ertesi irdene çenli prokuraturanyň saklanyş-jaýynda, öz suduna garaşyp oturan Mukam-aganyň pikirlerini Hazar gelip böldi: — Ýaşuly. Sudumyz başlady. Baralyň... — diýip, Mukam-aga bilen tirkeşip sud-jaýyna bardylar. Suduň jaýyna giren Mukam-aga, eýýäm 25-30 adamdan ybarat suda gatnaşyjylaryň gelenini görüp, öňki aýdylan, şuwagt aýdylýan, inniki aýdyljak sözler barada pikirlenýär. Serwini bu... dowamy →
👤 IDEALLIDER2📅 18.12.2025 / 16:20👁️ 119💬
Ne öli ne diri. 6-nji bölüm.+4
Ne öli ne diri. 6-nji bölüm. ...Bolýa, siziň ýagdaýyňyzda sudy çaltlaşdyraýars!!! — diýişip gapydan çykyp gitdiler. Mukam-aga şübhelenmekde saklanyp, suda garaşyp bu jaýda galyberdi. Gideýin diýendede hukugy ýok. Serwi bolsa, irden giden kakasynyň, günortana çenli gelmedigini alada edip ýatyr. Aslynda gyzyň bar arka-daýanjy kakasy, ol hem "oglandan ar-almagyň ýerine pul-para çolaşypýör" diýen pikrde. Aý ahyrynda ýene kak... dowamy →
👤 IDEALLIDER2📅 18.12.2025 / 14:09👁️ 125💬
<< 1 ... 23 24 25 26 27 ... 91 >>
Jemi: 1806 mowzuk
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->