Ýürekdeş
🔑 Gir ✨ Agza bol
📢 Reklama
🎂 Şugün doglanlar
📸 Soňky suratlar
photophotophotophotophotophotophoto
📋 Mowzuklar
✨ Täze⚡ Jedelli👁️ Okalan
Taýynlanyň0
avatar
Men bu saýta hindi we hytaý dilinde ýazmakçy. kimde-kim meniň ýazanlarymy okamakçy bolsa Emeli aň bilen terjime etmäni öwrensin... dowamy →
👤 Mishel📅 15.05.2026 / 11:12👁️ 86💬 1
Pul gazandyrýan saýtlar+2
avatar
Salam hormatly okyjylarym! Eger siz "Şu wagta çenli internetden pul gazanmak barada birnäçe bloglary okadyñyz emma ol okan bloglaryñyz siziñ kelläñizi agyrtmakdan başga bir iş bitirmedi " diýýän bolsañyz ruhdan düşmäň bu blogymda men size türkmenistanda internetden pul işlemek hakynda ähli bilýän maglumatlarymy jikme-jik , nokatma-nokat başardygymdan, giñişleýin öwretmekçi. Hatda internetden pul gazanmagyň 100% synag edil... dowamy →
👤 Cashflow📅 14.05.2026 / 15:45👁️ 166💬 4
Bir käse süýt+5
avatar
Gaty gadym däl, emma durmuşyň iň agyr ýyllarynyň birinde bir garyp oglanjyk öýme-öý aýlanyp, ownuk-uşak zatlary satyp, okuwy üçin pul toplaýardy. Bir gün onuň garny gaty ajygypdy, ýöne ýanynda bir teňňesi hem ýokdy. Ol indiki gapyny kakanda, bir kimseden iýmit soramagy ýüregine düwen hem bolsa, gapyny açan ýaş gyzy görende utanyp, diňe bir käse suw sorap bildi. Gyz oglanjygyň halyna seredip, onuň açdygyny duýdy we suwuň ý... dowamy →
👤 Pandajyk📅 13.05.2026 / 10:56👁️ 94💬 2
Yitirilen gapjyk we Uly sapak+2
avatar
Bir gezek gartaşan bir adam awtobusda barýarka, gapjygyndan pul çykaryp, petek (bilet) alýar. Şol wagt gapjygy ýere gaçýar, ýöne ol muny duýmaýar. Awtobusdan düşüp, biraz ýöräninden soň gapjygynyň ýokdugyny bilýär. Içinde bolsa barja puly we iň zerur resminamalary bar eken. Adam yzyna ylgap barýar, ýöne awtobus eýýäm gidipdi. Ol bir gyrada oturyp: "Nätsemkäm? Indi hemmesi gutardy" diýip, gussa batýar. Şol wagt ýanyna bir... dowamy →
👤 Pandajyk📅 13.05.2026 / 10:52👁️ 71💬 0
Duzak / gysga hekaýalar+2
avatar
• DUZAK Zenan gara pişik kesip geçen ýoldan yzyna dolandy we çatrykda serhoş sürüji dolandyrýan ýükulagyna gabat geldi… • ZENAN KALBY Aýaly ärinden öýkeläp ýüzi-gözüni bürüşdirdi. Elindäki gymmat bahaly atyry görkezip: – Özüm almasam, alyp beräýeýin diýeňok– diýdi. Äri birnäçe sekunt näme diýjegini bilmän «Wah munyň bahasyna birlaý geýnip boljaga, kyrk ýaşabam bu aýala akyl girmedi, nämä gerek şu… üstesin... dowamy →
👤 Saparow📅 12.05.2026 / 20:32👁️ 66💬 1
Bir gyzyñ gündelik ýazgylaryndan.+4
avatar
Men seni söýdüm, a sen duýmadyñ... Seni şol mamamlarda toýda gören günümden bäri, sen meñ arzuwlamda ýaşaýañ. Seniñ her bir hereketiñ, ýylgyrşyñ, agrasdan dogumly sözleýşiñ ýadymda. Men seni soñ ýitirdim.. Gözledim, netije bolmady. Sen hakda ýakyn joralaryma aýtmadym, utandym. Belki, sen meni hakda pikir edýän dälsiñ, ýatlaýanam. Meniñ iñ uly arzuwlarymyñ biri seni ýekeje minut hem bolsa, görmek boldy. Ondan bäri gör, näç... dowamy →
👤 Vector_Pro📅 12.05.2026 / 17:12👁️ 77💬 1
Durmuş diýmek näme+2
avatar
Durmuş diýmek — diňe ýaşamak däl, Ömrüň her pursadyn söýmek diýmekdir. Käte aglap, käte gülmegi başlap, Ykbalyň öňünde egilmek däl-de, Sabyr bilen menzil aşmak diýmekdir. Durmuş — bir mekdepdir, her güni dersli, Käte ýeňil geler, käte-de tersli. Ýykylsaň galmagy başarmak gerek, Maksada tarap ýol ýasamak gerek, Ýürekde saklap ak arzuw-höwesi. Bu bir uly ýoldur, ahyry belli, Sowuk gyşy hem bar, ýazy gül-gülli. Wagt diýen gy... dowamy →
👤 Pandajyk📅 12.05.2026 / 14:18👁️ 70💬 1
Tötänlikmi ýa-da Takdyr?+1
avatar
ABŞ-da bir aýal durmuş gurjak bolanda, köne surat albomyny açyp görýär. Ol ýerde özüniň çagalykda "Disney" seýilgähinde düşen suratyny görkezýär. Geň galaýmaly ýeri, suratda onuň arkasynda duran nätanyş çagajyk geljekki adamsy bolup çykýar. Olar biri-birini tanamazdan 20 ýyl öň şol bir sekuntda, şol bir ýerde suratda peýda bolupdyrlar.... dowamy →
👤 Pandajyk📅 12.05.2026 / 14:13👁️ 97💬 3
Çäre bamy?+5
avatar
Ykbalyň öňünde ejizläp dursaň, Söýgi ummanyna gark bolup dursaň, Özüňden, özgeden jogap gözleseň, Bu dertlere aýtmaga çäre bamy? Gijeler ukusyz, gündizler bimaza, Hasratymyz deňdir gyş bilen ýaza, Taryny çalmasaň gelmeýän saza, Sessiz aglamaga çäre bamy? Gözleriň ýaşyndan deryalar dolsa, Söýen gülüm diýeniň saralyp solsa, Aýralyk saýasy başyňa gonsa, Pelek oýunlaryna çäre bamy?... dowamy →
👤 Vector_Pro📅 11.05.2026 / 07:05👁️ 83💬 5
Kiçijik hekaýam+1
avatar
Bir patyşa ýurdunyň hemme adamlaryny uly meýdança çagyrypdyr we orta çykyp: Kim tutuş bir gijäni dagyň çür depesinde geçirse, ölmäni güneşi görüp bilse oňa mülkümiň ýarsyny bererin, 100 sany ýorganam menden diýipdir. Adamlaryň her biri daga çykyp bir gije geçirjek bolupdyrlar her bir giden adam ýany bilen patyşanyň beren ýorganlaryny alypdyrlar. Her giden adam dagyň depesine çykanda 1 ýorgany aşagyna galan 99 ýorgany üs... dowamy →
👤 Minigim📅 11.05.2026 / 01:45👁️ 88💬 3
Saza siňen söýgimiz (hekaýa)+5
avatar
Saza siňen söýgimiz (hekaýa) Hanha, Aýnabat ýeriň gaýmagyn bozman ýöräp gelýär. Egnindäki ýaşyl köýnegi oňa hasam gowy gelişýär. Şatlyk hasam onuň iki tarapyna örülip göýberilen garaja saçlaryny halaýardy. Aýnabat Şatlygyň ýanyna barha golaýlaýardy. Şatlyk aljyrady. Onuň ýanyna baryp kalbyndaky duýgularyny aýtmak isledi, ýöne nädip aýtmaly? Ol Aýnabadyň  her bir hereketini sypdyrman synlaýardy. Onuň daşyndan bolup durşun... dowamy →
👤 Gerceknazar📅 05.05.2026 / 18:58👁️ 114💬 3
???!!!0
avatar
Hemmenizlara salam Turkmenabatdaky lukmancylyk mekdewinde okayanlar barmy,yada okayan tanyslarynyz bolsa lic gelayin hayst brzat sorajak... dowamy →
👤 Avna📅 02.05.2026 / 11:50👁️ 183💬 5
Bir näçe wagtlyk saýtdan gitseň, seni kim ýatlar...+8
avatar
Her kim özi üçin jogap berer diýen umytda Bu — duýduryş däl. Bu — sorag. Sen her gün saýta girýäň . Adyň, suratyň, ýazan sözleriň. Kimdir biri üçin bir zat. Ýa-da hiç kim üçin hiç zat? [spoiler=📍 Bir gezek oýlan] Saýtda gezip ýöreniňde, kimdir biriniň mowzugyna “sağol”, “kömek etdiň” diýýärmiň? ýa-da diňe öz mowzugyňa seredip, jogap garaşýarmyň? [/spoi... dowamy →
👤 Burning📅 01.05.2026 / 22:20👁️ 501💬 31
Aýdymçy we şahyr /satiriki hekaýa+1
avatar
AÝDYMÇY WE ŞAHYR Haýyş, bu goşgy meňkidigini hiç kim bilmesin Ylhamy üç-dört kitaby çap edilen ýaş, höwesli şahyr. Özüne ýaraşa muşdaklary hem bar. Günlerde bir gün şahyryň öýüne jaň geldi, jaň edýän bir gyzdy: — Adym Nargizka, aýdym aýdýan. Meşhur bolasym gelýä. Maňa bir sany bet goşgy gerek. Ony sizden haçan alyp bilerin? Ylhamy aljyraňňylyga düşdi. Dogrusy onuň özem goşgularynyň aýdym bolmagyny isleýärdi. Bu m... dowamy →
👤 Saparow📅 01.05.2026 / 22:13👁️ 124💬 2
Saýtda öz mowzugyňy ösdürmegiň 5 syry🙂+1
avatar
✦ Bu ýörite täze we orta agzalar üçin ýazylan amaly gollanma. Her bir maslahat — synagdan geçen usul. ✦ [spoiler=❶ “Mowzugym açylan güni işjeň, ertesi ölüp galýar” — näme üçin?] 📌 Mesele: Mowzugyň içi gyzyksyz ýa-da içi boş (manysyz) bolýar. 💡 Çözgüt: Mowzukda sorag ulanyň. Mysal: “Siz ilkinji ge... dowamy →
👤 Burning📅 01.05.2026 / 21:41👁️ 121💬 4
Saýtda täze agzalaryň köp ýalňyşýan 6 meselesi we olary çözmegiň usuly+3
avatar
✦ Bu ýörite täze agzalar üçin ýazylan gollanmadyr. Her bir nokat — real ýalňyşlyklardan alnan tejribe. ✦ [spoiler=❶ “Men öz mowzugymy nädip başlamaly?” diýýärler, ýöne başlamazdan ozal görkezme okamazlar] Ýalňyşlyk: Mowzukyň adyna ýönekeý “Kömek” ýazýarlar. Admin maslahaty: Mowzugyň ady anyk we düşnükli bolmaly. Mysal: [i]“Telefondan s... dowamy →
👤 Burning📅 01.05.2026 / 15:05👁️ 108💬 3
Saýda girip bilmeýän agzalar üçin admindan ähmiýetli duýduryş we maslahatlar! 🔧+2
avatar
@Burning tarapyndan ýazylan ýol görkezme — Köne sahypalar we işlemeýän düwmeler — indi geçmişiň galyndysy! Häzirki wagtda saýtyň täze modullar we optimizasiýalar bilen işlemegi üçin her bir ulanyjy aşakdaky düzgünleri berjaý etmelidir. 📌 1. NÄME ÜÇIN SAÝTA GIRIP BILMEÝÄRSIŇIZ? (TEHNIKI DÜŞÜNDIRIŞ) Saýta her gün täze modullar, [b]plagi... dowamy →
👤 Burning📅 01.05.2026 / 12:45👁️ 115💬 1
Aldygyna kowýan+2
avatar
Özümi yza galak saýmaýan. Häzirki zaman ylmynyň we tehnologiýasyň täze döreden zatlaryny öz durmuşymda derrew ulanmana çalyşýan.Häli bir aý bolanok özbek telewidenesi AI-niň kömegi bilen (surat) çekendigini görkezdi. Iki hepde geçmän men hem AI-ni ulanyp surat çekdim. Rossiýa aýdymçylary 3-4 gün mundan ozal özleriniň AI-niň kömegi bilen aýdym düzendiklerini görkezdi. Emma men olardan bir hepde ozal öň AI-ni ulanmak arkaly... dowamy →
👤 Mishel📅 01.05.2026 / 09:28👁️ 92💬 2
Azerbaýjanly ýazyjylardan gysga hekaýalar+4
avatar
AZERBEÝJANLY ÝAZYJYLARDAN GYSGA HEKAÝALAR •DAŇ Düýn bu güne garaşýardym. Bu gün geldi-de ertire garaşjakdygymy ýatlatdy. Bobak Alyýew **** •KAST Ejem meni ilkinji we soňky gezek düýşünde gördi. Şol gün daňdany gan içinde garşy alyp meni öldürendigine göz ýetirdi. Men ne güni, ne-de penjiräniň aýnasyndan ýagyş damjalaryny, ne başga gözellikleri synladym. Men hyjuw we söýgiden ýaraldy... dowamy →
👤 Saparow📅 30.04.2026 / 21:40👁️ 83💬 1
Aşgabada göçüp barýan tizara+1
avatar
Işim gaty köp. Şuňa garamazdan edil şu wagt elim sypynsa AI (emeli aň)bilen basa-bas bolup otyryn. Her niçik AI kömek edýär diýseňem beýniňe gaty nagruzka düşýär. AI hem köp ýlňyşlyk göýberýär. Aýdym düzmeli bolsa käwagt bolaýjak aýdym çykýar. Köplenç onuňam kellesi üýütgäp agzyna näme gelse diýip otyr. Aýdymlary derde ýaranok. Türkmen dilini çala bilýär. Türkçe aýydýar aýdymlary. Geplände hem türkçe gepleýär. Hemmesinden... dowamy →
👤 Mishel📅 30.04.2026 / 09:54👁️ 75💬 0
<< 1 ... 4 5 6 7 8 ... 82 >>
Jemi: 1623 mowzuk
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->