Ýürekdeş sözler!
Admin : 《Dowzah-a giresim gelmeýär, jennede hem özüm baramok.
Şygyryýet dünýäsi
Satlyk ata-ene. Täsin bildiriş+2
Satlyk ata-ene (Täsin bildiriş)
Bu waka Ýaponiýada bolupdyr. Tokionyň gazetleriniň birinde satlyk ata-ene bardygyny yglan edýän geň bildiriş çap edilipdir. Ynha, onda şeýle diýilýär eken: «Ata-ene edinmek isleýänleriň dykgatyna. Satyn almaga meýilli bolanlara kakanyň 68, ejäniň 66 ýaşlydygyny, bahasynyň 900 ýendigini habar berýäris.
Muny görenler depesinden sowuk suw guýlan ýaly bolupdyrlar. Adamlar: «Nä döwür, nä zaman...
dowamy...yurekdes (20.12.2024 / 19:59) okaldy (110) teswirler (2)
“Aglardan has mertdi ol...”+8
“Öýkelekdim, ynjykdym,
Göwnüme ýeterdi” diý.
“Ýara saldym, ynjytdym,
Ýüregi göterdi” diý.
“Bagtsyzlykdan gorkdy ol,
Meň “saýamda” dertli ol,
Aglardan has mertdi ol,
Özüni ýitirdi” diý.
“Günün ötirdi aglap,
Jiger-bagryny daglap,
Maňa umydyn baglap,
Bagtyny ýatyrdy” diý.
“Heýjan salyp ömrüne,
Birden girdim göwnüne,
Myhman boldum köňlüne,
Ýar gara gadyrdy” diý.
“Puç edipdim baryny,
Yşkdan alyp aryny,
Läläm başga bi...
dowamy...Baron (20.12.2024 / 05:26) okaldy (128) teswirler (2)
AÝAZBABA HAT+9
Ýylyň-ýyly seň salgyňa o:t alyp
Ýazyp-ýazyp, ýazmam çykdy aldygna.
Aýazbaba bolýan bolsaň, tanansyň.
Men özümi görmezlige saldyrman!
Çagalar aldansyn süýji-kökäňe,
Eçil sen, arzuwlam ganatyn gersin.
Şu gezek haltaňdan bagtym çykmasa,
Sen yzyňa Garpamyksyz gidersiň.
Gowsy, bugdaýreňklisinden saýla-da,
Işigmizde goýaý, bir guta sal-da!
Men-ä aýtjagymy aýtdym, Aýaz han,
Galannam özüň gör, dogry-da walla!
[b]©Amangeldi ÝE...
dowamy...Baron (19.12.2024 / 09:29) okaldy (176) teswirler (5)
Eje..+8
Derdim aýdabilmän asmana-ýere,
Akar suwlar ýaly çagladym, eje.
Duçar bolup bir hudaýsyz dilbere,
Bagtymam ömürlik bagladym, eje.
Ulalyp, oňalman geçdim, nädeýin,
Çelgiler — çepbekeý, nirä ädeýin?!
Jöwzada azaşan çigildem deýin
Öz başymy özüm dagladym, eje.
Bir ýazygym bar öňüňde, mähriban:
(Bagyşla, göwnümde galmasyn arman...)
Hal-ýagdaýym soranyňda
Utanman,
men seni hemişe aldadym, eje.
Kim ýylgyrsyn Taňry çytana ga...
dowamy...Baron (18.12.2024 / 16:11) okaldy (97) teswirler (0)
Gözelligiñ gözleginde (kitabyñ dowamy)+0
"GÜLÜŞMEK AÝYP DÄL" GOŞGULAR TOPLUMY.
8-NJI MARTYÑA SOWGAT
(Öz durmuşymdan degişme)
8-nji martyña,
Näme sowgat etsemkäm?
"Gawun-garpyz al" diýdi,
Nirden gözläp tapsamkam?
Ine barýan bazara,
Ýanymda-da pulum ýok.
Aýdyñ indi nädeýin,
"Ýok" diýmäge dilim ýok.
Aýlandym, kän aýlandym,
Tapmadym,hiç tapmadym.
Bazarda başagaýlap
iki ýana gatnadym.
"Almasañ gelme" diýdi,
Indi nädip gaýdaýyn?
Garpyz nirde satylýar,
Gaýrat ed...
dowamy...Gerceknazar (16.12.2024 / 15:16) okaldy (101) teswirler (0)
Tapylmaz+1
TAPYLMAZ
Ýakymly göwünler — ýakymly güller,
Ony ýaman diýip agzan tapylmaz.
Hasylyň gadyryn güýzde bilerler,
Gyşyň örküjinde harman tapylmaz.
Ata-ene göwnümiziň söýenji,
Tebigat beripdir bize bu genji.
Begençler içinde ene begenji,
Ene armany dek arman tapylmaz.
Synla ýatan daşy, synla daragty,
Bardyr egsik wagty, arzyly wagty,
Eger çyn göwheriň bolmasa bagty,
Ony gara şaýa alýan tapylmaz.
Bu dünýä şu syry bilinen dün...
dowamy...yurekdes (16.12.2024 / 13:52) okaldy (73) teswirler (0)
Dekabr. Gyş. Gar.+7
Dekabr. Gos-goýy asmandan ýere
Aýaza bäs gelmän inýär akja gar.
Ap-ak zemin ümsümligne hiňlenip,
Gursagymda duýgularym ykjaýar.
Ak gar armanyma duz sepeleýär,
Serime getirýär ýatlamalary.
Bilýän, belki, küýseýänem dälsiň sen,
Isleýänem dälsiň ýatlanaryňy.
Men bolsa, henizem senli oýlarda,
Henizem şo-ol seni ezizläp ýörşüm.
Bagyşla, bir pursat unudan bolsam,
Diýme düýşe girip: “Ejizläp ýörsüň...”
Ýok!
Men, bilseň, indi...
dowamy...Baron (16.12.2024 / 09:53) okaldy (118) teswirler (0)
Ýeter, bir salymlyk ýanymda galsaň!+0
Durmuşyň oýnundan ýadan mahalym,
Ruhuma täzeden güýç bolup gel, sen!
Käteler ukusyz geçiren gijäm,
Ýeter bir salymlyk ýanymda galsaň.
Bar zady unudyp, öňümden çykyp,
Bas bagryňa bir gün ýanyňa barsam.
Kemsinip, birdenkä aglan wagtymda,
Ýeter bir salymlyk ýanymda galsaň.
Begenjegňi bilýän, eger men saňa
Halaýan zatlarňy sowgatlyk alsam.
Ençe ezýetlere kaýyl bolaryn,
Ýeter, bir ömürlik ýanymda galsaň.
Söhbet Döwletow....
dowamy...Sohbet_Dowletow (15.12.2024 / 21:44) okaldy (147) teswirler (3)
GÖZLERIŇ ?+15
Seni tanap, bakyşlarňa saýyldym,
Pynhan syrlaryma müňzär gözleriň.
Şöhlesine maýyl boldum, aýyldym,
Hersi bir ýyldyza meňzär gözleriň.
Göwnüňe gurban men, dürüm, sadabym!
Ýugrumy ýetipdir ekram-edebiň,
Yşka goýduň (wah, bar bolsun edeniň!),
Kalbymyň çuňuna dyňzar gözleriň.
Seniň gujagyňda irkilse aşyk,
Bilerdi aşmasyz ýollaram aşyp...
Hyjuwly, umytly duýgulam daşyp,
Ömrümi ýalkady seň, ýar, gözleriň.
Öýkäňem owadan, nä...
dowamy...Baron (15.12.2024 / 12:06) okaldy (170) teswirler (6)
Wyždanyň sesi+2
Gijäň göbeginde, ýumulmaz gözlem, Wyždanymyň sessiz hüwdüsin diňläp. Gyzgynjagy bilen aýtmaly sözlem, Galypdyr heňläp. Agzymy dolduryp nahar iýýärin, Kimler, açlygyndan mejalsyz ýatyr. Men bolsa, gündelik işlerim hakda, Edýän howatyr. Ýaraglar jan alýar, jaýlar ýumrulýar, Bigünä çagalar gömülýär ýere. Ökünýän, elimden hiç zat gelmänsoň, ...Kömek edere. Uýalýaň, baryna göz ýumýanyňdan, Gelýän habarlara,...
dowamy...Hyyalbent (15.12.2024 / 10:02) okaldy (95) teswirler (1)
Dagy näme ynanman+4
DAGY NÄME YNANMAN
Dagy näme, ynanman—
Ynanýaryn, elbetde:
Bir çümmüjek gowulyk
Bardyr iň bir erbetde.
Şol çümmüjek gowulugy
Görjek boluň, adamlar!
Ýene-de bir hakykat
Bardyr dünýe döräli:
Ak guşdanam tapmak bor
Bir çümmüjek garany.
Şol çümmügi görmänräk
Geçjek boluň, adamlar
Berdinazar HUDAÝNAZAROW...
dowamy...yurekdes (14.12.2024 / 23:11) okaldy (118) teswirler (3)
BIZ DUŞUŞMARYS...+8
Gezip ýörüs bir-birimiz ýat saýyp,
Ýöne ökünmändim men seni söýüp,
Her ýyl bahar geler begresin geýnip,
Bägüller duşuşar, biz duşuşmarys.
Ýyllar geçer ýüwrük ýelkenler bilen,
Elim ýetmez saçyň tolkunlaryna,
Tolkunlarny goşup tolkunlaryna,
Derýalar duşuşar, biz duşuşmarys.
Geçen günlermizden saplanyp gaýym,
Bilýän, ýaşlyk uçar, ganatyn ýaýyp,
Alysda bir ýerde asmanda gaýyp,
Arzuwlar duşuşar, biz duşuşmarys.
Çyn aşyk dä...
dowamy...Baron (14.12.2024 / 19:44) okaldy (170) teswirler (3)
(Ir giç ak durnanyň döwi)+3
Ir-giç ak durnanyň döwi,
Asgyn gelermiş gargadan.
Çal saçly, hökür heňňamy,
Pirim-hilemiş garradan.
Boş sahajy ýelden däl-de,
Doldyrmyşlar mahabatdan.
Çynarlar ir gidýär dönük,
Palta diýilýän apatdan.
Läheňler çeňňege düşmüş,
Aldanyp gyzyl gurçuga.
Aýýar oýnap dur pelegi,
Dönderip gyzyl gurjaga.
Dellal dünýäni soýup dur,
Öwgiň ýabasyna germäp.
Hatda ant deý gyz buýsanjyn,
Syndyrýarlar sypap-sermäp...
Muhammetöwez A...
dowamy...Hyyalbent (14.12.2024 / 14:04) okaldy (121) teswirler (0)
Gurbannazar Ezizow+2
Bize manysy duýgudan güýçli, duýgusy manydan güýçli goşgular gerek».
(G. Ezizow, «Seminaryň bosagasynda oýlanma», «Edebiýat we Sungat», gazeti 23.12.67ý.).
**************************************
...Ýöne adam diýen ýalňyşýar käte,
Olar perişde däl ýalnyşmaz ýaly.
G.EZIZOW
***********************************************
Dogan-garyndaşy bize Hudaý berýär,ýöne Hudaýa şükür,dostlary özümiz gazanýarys.
Gurbannazar E...
dowamy...yurekdes (14.12.2024 / 11:19) okaldy (97) teswirler (1)
ŞO SAPAR...+6
Sen erkli gelindiň, ýöne şo sapar
Öz erkiňi gowşadasyň gelipdi.
Diliň «çekil», gözüň diýýärdi «apar»,
Içiňi bir gowzadasyň gelipdi.
Otuz bäş ýaş berk ýaş bolar mizärden,
Entek seniň araň daşdyr güýzärden.
Gowy görýän joraňdanam bizardyň,
Çünki şol gün «obadaşyň» gelipdi.
Gözüňe yssydy pesler-beýikler,
Gördüň şol gün her köýnegiň geýipler.
Bolýar-a birhili ötegçi keýpler,
Jynly ýaly oýnaşasyň gelipdi.
Ýürek böküp dursa,...
dowamy...Baron (14.12.2024 / 10:34) okaldy (127) teswirler (1)
Ýürekdeş+3
Ýürekdeş Durmuşym erteki, döndüň şagyza, Men bir aşyk, şahyryň-la ýürekdeş. Kalbymdan syzylyp geçdi kagyza, Sözlerim gelmedi dile ýürekdeş. Göwnüm açlyşypdyr, dälem güň ýaly, Ykbala bagt berdiň, çoýduň dünýämi, Nurundan saralan ýüzüň Gün ýaly, Bedeniň meňzeýär güle ýürekdeş. Gidäýseň çydar. Ýok! Mydar ýok janda, Kalba beg bolupsyň...
dowamy...Ahmet (13.12.2024 / 22:45) okaldy (115) teswirler (0)
Adydama bolmalymyşyn.+2
Jaýymyň tutulary açylmaz, Gaçyp gitdi öňkü basan garalar. Goşgularam indi sanly bellikde, Zaýalamok kagyzlary garalap. Äkidaýsam aý astyna Sadaby, Iliň "etikasy" uzakda galsa. Meniň aňym agsakdyr biraz, Islesemde men hem islesede ol, Düşünjäm ýaramaz, Oň bilen tansa. Estetika onda, Menä gelşiksiz, Bagyşla näzik gyz sen, Seni men, Bagyşladym goşgularyma, Ýazmasamda bagyşlap, Goşgy saňa men. Bilmändi...
dowamy...Kesxa (13.12.2024 / 21:25) okaldy (138) teswirler (1)
On sekiz manat hakynda elegiýa+4
Enemiň hatyrasyna
Her aýda bir gezek—on sekiz manat,
Her aýda bir gezek gelýärdi yrman.
Her aýda on sekiz manat gelende,
Begenerdim. Enem aglardy, arman.
On sekiz manady kim berýär bize?
Kim unutman, otuz günden iberýär?
Ol niçiksi ýiti gözli perişde
Biziň şol pula-da zardygmyz görýär!?
Enem pahyr käte açýar ýüregni,
Diýýär ol: “Pullary iberýär kakaň”.
Men diýýärin: “Näme özi gelenok,
Bu ýerde ejesi hem ogly barka?”
“...
dowamy...Hyyalbent (13.12.2024 / 19:46) okaldy (101) teswirler (1)
Taze ýyl⛄+3
İki aýlygy seniň üçin sowulýar
Bir gün üçin uly saçak ýazylýar
Ertesi naçaniň içi bozulyar
Seniň oziň uly Rashod taze yyl
Daňdan turup saçak yazyp başlarlar
Dürli salât, tordy orta taşlarlar
Gelin-gyzlar gün ýaşýança haşlarlar,
Durşuň bilen problema taze ýyl
Erkeklerden ýakyp durli cyrany
Daň bilen urarlar 50 Grammy
Bu zatlaryn ýokdyr hiçbir sogaby
Naçe zady israp eden taze ýyl
Şol gün adamlaryň gowni hoş bolar
Ýanw...
dowamy...BAYOGUL (12.12.2024 / 17:26) okaldy (130) teswirler (2)
Jemi: 1533
Soňky teswirler
Ýokaryk