Ýürekdeş sözler!
Soňky paýlaşylan suratlar
Mowzuklar
+4
Söýgi adamy döredijilige iterýär, täze-täze arzuwlara ýetmäge ganatlandyrýar.
Ýüregiň söýgä näçe baý bolsa, şonça-da ýaşaýşa höwesiň artýar.
Söýüp bagtly bolýana öýkünme, söýlüp bagtly bolmaga çalyş!
Zenanda mähir bolmasa, onda söýgi uzaga gitmez.
Söýmek — bu birek-birege däl-de, bilelikde bir ugra seretmekdir.
Men seni biziň kimdigimiz üçin däl-de, men seniň ýanyňda kimdigim üçin söýýärin.
Söýmek — diýmek adamy Allanyň ý...
dowamy...xuliganka (07.02.2024 / 04:51) okaldy (52) teswirler (0)
+4
Eje … seniň durmuşdaky ornuňy, perzentleriň kalbyndaky saňa söýgini dünýäde hiç zat bilen deňär ýaly däl. Sen biziň öýümizi gyşda bahar edip bilýän, gussalansak göwnümize şatlyk getirýän gudrat. Biz saňa söýgimizi kän dile almasak-da seni biçak söýýäris. Durmuşyň çarkandak ýollarynda başagaýsyrap ýörşümize daşymyzdan bakyp belki käteler bizden närazy bolýan bolmagyňam ahmal. Garşyňda oturyp bu sözleri aýdyp bilmedigim üçi...
dowamy...xuliganka (07.02.2024 / 04:46) okaldy (53) teswirler (2)
+3
Alymlaryň çaklamalary esasynda gelnen netijelere görä altyn ýer ýüzüne kosmosdan gelip düşen madda hasaplanýar. Kosmosdan ýa-da älem giňişliginden Ýer planetasyna gelip düşen asteroidleriň düzümi öwrenilende onuň düzüminde altynyň barlygy anyklanyldy. Arassa görnüşdäki altyn örän ýumşak material bolup ony el bilen hem deformirläp bolýar. Altynyň ýene-de bir aýratynlygy ony iýmit hökmünde peýdalanmak mümkindir. Altynyň teb...
dowamy...xuliganka (07.02.2024 / 04:41) okaldy (50) teswirler (0)
+3
Şarikli ruçkalar ilkinji gezek 1945-nji ýylda satuwa çykdy. Şonda onuň
12 dollar bahasy bardy.
Puşkinde 70 epigraf bar. Gogol we Turgenýew 20 epigraf ulanypdyr.
Taýlandyň paýtagty Bangkokda her aýda piller bilen baglanyşykly ýol-transport hadysalarynyň ýigrimä golaýy bolýar. Bu äpet haýwanlaryň 1600-si her gün Bangkokuň köçelerine çykýar.
Soňky 500 ýylyň dowamynda Ýeriň agramy kosmiki serişdeleriň hasabyna bir milliard to...
dowamy...xuliganka (07.02.2024 / 04:36) okaldy (47) teswirler (0)
+1
Haramy,halaly saýgarmaýarkam,
Entek bilmeýärkäm,näme ol ynsap?
Tapypdym köçeden bir gökje ýüzlük,
Barýarkam dükana çalaja ylgap.
Hiç zat bolmadykdek ýola rowana,
Tapylan ýüzlügi alyp elime.
O puluñ meniñki däldigne welin,
Öýmüze gelemsoñ düşündim diñe
Dolanyp geldim-de giden ýerimden,
Kakama görkezdim gökje ýüzlügi.
Ol hem gaharlandy,gyzardy çenden,
Şo ýerden başlady "Edep sözlügi"
Gygyrdyňmy "bu pul kimiñki" diýip?
-ý...
dowamy...Aypipijik (06.02.2024 / 20:17) okaldy (68) teswirler (4)
+4
Meni salma, sen öz düşen günüñe,
Baý bolsañam,duşduñ kynlañ müñüne.
Mugt geleniñ kän basdylar ýüzüñe,
Baý durmuşly pikiriñden dän eje,
Söýenime beriñ meni jan eje?!
Kemsitme sen,goý bolsunlar obaly,
Obalylar ýalñyşsa-da tobaly.
Pula satmak "dessuryndan" galaly,
Garyp bilen iýjek gaty nan eje,
Söýenime beriñ meni jan eje?!
Mañlaý derden çykan çörek süýji bor,
Ana şolam çyn söýginiñ güýji bor.
Şu wagt oýlan,Arman etmek aj...
dowamy...Aypipijik (06.02.2024 / 20:09) okaldy (66) teswirler (4)
+3
Gulundan däl, Hakdan edip dilegi,
Özümizi kyna dözsek näderkä.
Agyr dälmi barlylaryñ küregi,
Garyp gämimizde ýüzsek näderkä.
Maşa bolsañ düşnükliräk ýalydyr,
Adyñ Maýa,saçyñ neçün sarydyr?
Türkmenligñi gizlemändir barybir,
Maýajan,şol reñki pozsak näderkä
"Namys"diýlen täsin ýazgy barmyşyn,
Ýazdyraýsañ gepden goraýarmyşyn.
Döwrüñ erkeklerne uly haýyşym,
Şondan tapyp kalba ýazsak näderkä
Öwen bolup syryñ ýaýar Äleme,
I...
dowamy...Aypipijik (06.02.2024 / 19:45) okaldy (69) teswirler (3)
+0
Salam arkandaslar onatmyn men ulakan adamlar bn dostlasasym gelya diyadim yone indi gerekdalow gerekdal ona gerekli zatlar sulardan duzulyar ekeni
1 pulyn kop bolsa
2 masyn mersi yada bwe
3 ejen kakan bolmaly
4 ulakanam gapjygyn bolmaly
5 sol gapjykda hem pul bolmaly
Gapjygyn gowrumam kamersant sunka yaly bolmaly egnina dal arka asylyan sumkamysyn!?
Mena doslajagam dalow sagbolunow diyip gaytdymay ay name kone dostlamdan...
dowamy...Akademik2 (06.02.2024 / 19:31) okaldy (46) teswirler (1)
+8
Dumanlap dur mydam öýümiñ içi,
Tüsse ýok edipdir,külbäniñ nurun.
Keç pelegi satyn alyp başyña,
Satypsyñ arassa ýollaryñ ugrun
Käseler çaý küýsäp,çatlap başlady,
Jaýryldy ýürekler küýsäp mähriñi.
Eneñ hiç,ylaýym eneñ gurasyn...,
Gorasañ bes gelne beren ähdiñi
Haýsy günäm üçin beýle dogduñ sen,
Il ýaly geýdirdik, iýdirdik il deý.
Guwanyp göz ýaşlar dökjekdik welin,
Nalalardan ýaña ajy ýaş sil deý.
Çagalañ islänok senden...
dowamy...Aypipijik (06.02.2024 / 11:39) okaldy (80) teswirler (6)
+8
Käbir aýallara melek diýýäňiz
Perişde diýýäňiz göçme manyda.
Düşünýän, wah ýöne meňzetmelerňiz,
Baranok olaryň golaý ýanyna.
Göçme manydaky meňzetmäňizden,
Kellejigi göçen käbir melekler.
Özlerini şeýle elýetmez öýder,
Soň özüne, boluşyna seretmez.
Onsaň şulaň bary ýadyma düşse,
Iki baka çarp urýaryn telbe dek.
Siz aýdyň, aýal niçik bir melek.
Mysal üçin Ezraýylam bir melek.
Siziň melek diýýän zenanlaryňyz,
Sözüň do...
dowamy...zveezda (06.02.2024 / 11:33) okaldy (98) teswirler (6)
+2
Zöwwetdin diýsänim,gurasyn boýuñ,
Ýoklaý bu adam däl,duranja goýun
Goýunda bolsagam barardyk başa,
Ýazdan,güýze geçip galmazdyk gyşa.
Bitirip bilenok, bu hiç bir işin,
Synlap ýadadyga ýaltanyñ düýşün.
Ýatyp barymyzy uka siñdirýär,
Beýnini öçürýä, bizi diñdirýär
Onsañ nädip beýle amala aşjak,
Halkyñ bähbidine goşandyñ goşjak?
Iki setir ýazyp, dünýä syganok,
Ýazanlarnyñ ýary şaýa degenok
Biz ýasajak bolýas,bu boşdan beýik,...
dowamy...Aypipijik (06.02.2024 / 11:30) okaldy (55) teswirler (2)
+3
Erkekdeý geleni,erkekdeý ýaşap,
Erkekdeý ölmekden jyda etmegeý!
Musulmançylykda jesedi ýaslap,
Hormatlap gömmekden jyda etmegeý?!
Ýogsa ýitip barýar ýasyñ agysy,
Mertsirän bolup dur süýtdeş agasy,
Galjak miras,ýitiripdir namysy,...
Ynsaba dönmekden jyda etmegeý?!
Bir-birekden görüp perzentsizligi,
Unutdylar"Ýazgyt"diýen düzgüni,
Sabyr berip Allam,dünýäñ düz güni,
Ynsany önmekden jyda etmegeý?!
Diñe mert ynsanlar derdi...
dowamy...Aypipijik (06.02.2024 / 11:24) okaldy (68) teswirler (1)
+5
Şeýtan öz oglunyñ golundan tutup,
Alyp çykdy zemin tanyşlygyna.
Elini uzadyp asmana,ýere,
Göz aýlatdy dünýän giñişligine.
-Oglum ol görýäniñçerkezdir, sazak,
Ýanmaklyk ukyby bardyr olaryñ.
Bu görýäniñ bolsa gulandyr, atdyr,
Ýüwrüklik ukyby bardyr bularyñ
Hanha ol kiçijek akja derili,
Zyýansyz haýwandyr ady hem Towşan.
Kän zat hem iýenok öz garny üçin,
Gözläp ýör mydama käşirdir,ýowşan
Garaz tanyşdyrdy sygyr, it bilen,...
dowamy...Aypipijik (06.02.2024 / 11:19) okaldy (58) teswirler (1)
+2
Ol hezreti Muhammede uýarlar,
Yslam atly dini bardyr türkmeniñ.
Aşdan öñürt,zähmetinden doýarlar,
Asly halal,nany bardyr türkmeniñ.
Myhman bolup barsañ oba çetinden,
Gägirderler tokly,çebiş etinden.
Haly,düşek tapdyrmasa-da ýüñden,
Keçä derek dony bardyr türkmeniñ
Sözi atylan ok, namysy galkan,
Golun baglap bilmez galkynsa, arkan.
"Watan jandan eziz" şygary halkyñ,
Namys-arly gany bardyr türkmeniñ.
Naz-nygmatdan doly,a...
dowamy...Aypipijik (06.02.2024 / 10:04) okaldy (60) teswirler (1)
+2
Men juda howlugýan,sabyrsyz ýaly,
Nädip gyssanmaýyn,garraýar kakam?!
Naçe ýaşym gidip,ulaldygymça,
Ony görenimde, isleýãn galkan
Ýok ol maña sorag bilen bakanok,
Umydygärem däl,baýlykdan, maldan.
Ýöne şükür,Allam meni ýasanda,
Dolduran, ýüregmi, ynsapdan nurdan
Kakam garrap barýar howlugýan juda,
Ýok,ol etmez meniñ üssümden arzyn.
Ol algydar emma duýanok,duýmaz,
Meni bolsa gynar perzentlik karzym....
dowamy...Aypipijik (06.02.2024 / 09:58) okaldy (49) teswirler (3)
+2
Söýgi höküm etse,ondan öñürtjek,
Ýa-da ony basjak perman görmedim.
Ýalñyş perwaz ursañ ganatyñ ütjek,
Ütülen ganata derman görmedim
Leýli-Mejnun hemmeleriñ dilinde,
Öwrenilýär medeniýetde, bilimde.
Bu höwesden netije ýok bu günde,
Çyn söýgini haklan,gurban görmedim.
Haram bagtly etmez,baýadyp biler,
Garypja külbäñi jaý edip biler.
Aýnadar,soñ halyñ"waý" edip biler,
Şol köşkde gaýşaryp ýerlän görmedim
Bagt gelende ýol s...
dowamy...Aypipijik (06.02.2024 / 09:53) okaldy (57) teswirler (3)
+2
Gaban meni senden şuny isleýän,
Gabanmasañ söýmeýändek duýulýa.
Gaban meni senden söýgi isleýän,
Gabanmasañ ýüregme buz öýülýär
Gaban meni şemaldan,hem ýagyşdan,
Gaban meni gözel-gözel güllerden.
Çünkibilýäñ,Şahyrsumak kelläme,
Täsirini ýetirip dur güller hem
Gaban meni asmandan, hem bulutdan,
Gaban meni agaçlardan,töññeden.
Çünki bilýäñ,
Meniñ ussa göwnüme,
Täsirini edip biler töññe hem....
dowamy...Aypipijik (06.02.2024 / 09:48) okaldy (57) teswirler (3)
+1
Ümsümlik,
Aslynda üstünlik bize.
Galmagaldan, adamlardan çekilip.
Özüň bilen , diňe özüň gepleşseň,
Ýetdirmejek bagt ekeni ýekelik.
Käteler ýalňyzlyk iň gowy ýoldaş,
Kähalat ümsümlik iň ajap syrdaş.
Etsem-petsemlerňi aňyňda aýla,
Soňra jemle,
Soňra, amal et,
Synanş.
Wagt-puldyr.
Hatda puldanam gymmat.
Wagt Biribaryň peşgeşi bize.
Iň gowy peşgeşler puly berilmez,
Iň gowy peşgeşler görünmez göze.
Bolsa bolup geçsin töwer...
dowamy...yurekdes (06.02.2024 / 08:06) okaldy (64) teswirler (2)
+5
Ädimlermi ýagta tarap ädeýin,
Ýogsam, tümlük halys ýüregme siñdi.
Setirlerme agram berip nädeýin?!
Barybir sen ony okañok indi.
Göwnüme bolmasa...
Ýok, göwnüme däl,
Bulañ bary turuwbaşdan gurnalan.
Gyşy çagyrmaga gidäýdimikä,
Ýazda gelip, ylham beren durnalar?
Bagtyñ gulagyny şyñladardyk biz,
Emri bilen kalba siñen hoş päliñ.
Emma bildim seni ýitiremde men,
Melamatyñ takdyrymdan daş dälin.
Ýöne ýagta tarap...
dowamy...Perman (06.02.2024 / 08:04) okaldy (57) teswirler (1)
+0
Ah cagajyk sen nahili mahirlije oz yylgyryan owadanja gulkin bilen aglap gelyan adamy guldirmage ukyply jadyly adamjyk... Yany gyzlar bilen seyilgahin icinden yorap baryadyk her yerinden bogulan edil kirpijikda diydiryan enayyja kicijek gyzjagaz ejesi bilen seyilgahde gezelenc edip yordi ojagaz nasyja guljagaz yorap barsyna "eje seret suw akya... anyrdada akya, seret eje hoool yerde suw akya" dp ejesine suw cuwdirimlerini...
dowamy...yurekdes (06.02.2024 / 08:04) okaldy (55) teswirler (1)
Mowzuklar: 1229