Ýürekdeş
🔑 Gir ✨ Agza bol
📢 Reklama
🎂 Şugün doglanlar
📸 Soňky suratlar
photophotophotophotophotophotophoto
📋 Mowzuklar
HÖWÜRSİZ GÖWÜN+11
avatar
Bir men ýol tapmadym köňül şähriňe, Duýgylarym gapyňdan kän kowuldy. Teşneligmi gandyrjakdym mähriňe, Arman guýy gazýan iňňäm döwüldi. Bilýän giç düşüner nadan ýüregiň, Didelerim kän zat aýtdy, aslynda. Bugdaý dänäň öwrülşi deý çörege, Ýollar aşdym ýalňyzlygyň paslynda. Garyp dünýäm ýatdan çykan haraba, Ýüregim - ýel tursa ýykyljak köpri. Bagtsyz başym geçmişimde awara, Arzuwlarym ýeriň düýbüne çökdi. Gijeler soragma... dowamy →
👤 Hyyalbent📅 31.05.2026 / 21:16👁️ 132💬 5
Ýüregimiň Sözleri❤️+3
avatar
Ýüregimiň Sözleri Ýönekeý bir duýgy däl bu söýgimiz, Sözler bilen aýdyp bitirip bolmaz. Uzyn ýollarda bir bolsa ykbalymyz, Bu mukaddes bagty hiç zat soldurmaz. Gözleriňde gördüm dünýäň nury deý, Seniň barlygyňdyr ömrüme many. Söýgi diýmek — diňe şatlyk däl ahyryn, Paýlaşmakdyr bar bolan bu dünýäni. Garaşmak hem sabyr etmek söýgidir, Gursagyňda saklamakdyr wepany. Ynam bilen gurulan bu bagtymyza, Nesip etsin diňe süýj... dowamy →
👤 Aixcam_nx📅 02.06.2026 / 23:37👁️ 125💬 6
Edebi söhbetdeşlik Taýmaz Seýidow bilen sorag-jogap+7
avatar
Essalamu aleýküm Taýmaz aga söhbetdeşligmizde sizi hoş gördük. SOWAL-JOGAP 1. Söhbetdeşligiň başynda özüňiz barada gysgaça beýan edäýseňiz? TAÝMAZ SEÝİDOW 1. Özüm barada gürrüň bermegi kän oňlamok. Soranyňyz üçin gysgaça belläp geçeýin. Taýmaz Seýit – kitabyň dosty, çaýyň şepesi, aýdym-sazyň aşygy, türkmen diliniň sadyk hyzmatkäri. 2. Ilkinji goşgyňyz nähili döredi we onuň döremegine nämeler itergi berdi? 2. Her bir... dowamy →
👤 Hyyalbent📅 03.06.2026 / 14:04👁️ 109💬 2
Ýagşylyk etseň ynsana, aylanyp deper ÿeňsäňe 3+2
avatar
4. Ýagşylyk edeňde minnetdarlyk bildirýärmi? Käbir adamlara ÿagşylyk etseň saňa "sag bolsun" hem aýtmaýarlar. Ynsan, bir gowy zat edende iň bolmanda "sag bolsun" eşitmek isleýär. Emma käbir adam șeÿlebir düşünjesiz welin şony hem diÿmek islemeÿärler. 5. Saňa bolan garaýyşy nähili? Käbir adamlara ÿagşylyk edeňde diňe seni şol pursat sylarlar. Hatda seni öwüp arşa çenli çykararlar. Emma başga wagt, hatda göni ertesi gün s... dowamy →
👤 Aixcam_nx📅 13.06.2026 / 16:14👁️ 57💬 2
Ýönekeý hakykat+4
avatar
[i]Ýönekeý hakykat Bu eýýamda saňa beýik diýmezler Dagyň depesine çykanyň bilen. Ynanyň, şahyram bolup bolanok, Diňe bir edebi lakamyň bilen. Görgä goýup ýörmäň ýakyn-ýadyňy, Özüňjik tap öz ýitiren zadyňy. Il-gün saňa bermez pälwan adyny, Özüňden ejizi ýykanyň bilen. Dag däl-dä — bolmasa, dag göwresem bar, Bagşy däl-dä — ýogsam ýetik sesem bar, Bolasy ýok senden Mahmyt Esembaý, Guwdurap bihada bökeniň bilen. U... dowamy →
👤 Alyhroz📅 13.06.2026 / 22:47👁️ 65💬 3
God of War: Ghost of Sparta oýuny barada+2
avatar
PSP platformasynda çykan God of War: Ghost of Sparta oýny diňe bir söweş we action bilen däl, eýsem Kratosyň içki dünýäsi we geçmişi bilen hem tapawutlanýar. Bu oýun “God of War” seriýasyny halaýanlar üçin iň täsirli bölümleriň biri hasaplanýar. Oýnuň wakasy Kratosyň täze “God of War” bolanyndan soň başlanýar. Ol güýçli we ýeňilmesiz ýaly görünse-de, geçmişindäki garaňky ýatlamalar ony rahat goýmaýar. Her gije görýän düý... dowamy →
👤 erkin1997📅 29.05.2026 / 16:25👁️ 86💬 2
Ýagşylyk etseň ynsana, aylanyp deper ÿeňsäňe...+3
avatar
2. Edÿän ÿagşylyklaryň wezipäň bolmasyn. Köp ÿagşylyk edilende käbir adamlar senden ýene șol ýagşylyga garaşýar. Sen hem ençe gezek edip, bir gezek etmeseň seni ÿigrenip başlarlar. Sebäbi käbir adamlar eden ýagşylygyňy seniň wezipäň hasaplaÿar. Bu ÿagdaÿda sen hem erbet bolup, "hökman etmelimi?" ÿa-da öz-özüňe "men borçlymaÿ" diýip pikir edersiň. Şonuň üçin ÿagşylyk et, emma wezipäň bolmasyn. Gereginden artyk etme. 3. Ol... dowamy →
👤 Aixcam_nx📅 12.06.2026 / 14:54👁️ 76💬 1
Ýagşylyk etseň ynsana, aylanyp deper ÿeňsäňe+2
avatar
Ýagşylyk etseň ynsana, aylanyp deper ÿeňsäňe... Adamlara ýagşylyk etmek, olara peÿdaly zat etmek gowy zat. Ýöne pikirsiz edilen ÿagşylyklar, köplenç adamyň özüne zyÿan berÿär. Sebäbi hemme adam ýagşylygyň gadyryny bilip saňa minnetdarlyk bildirmez. Gaÿta, ýagşylyk etdigiňçe seni ejizräk adam hasaplarlar. "Ýagşylyk etseň ynsana, aýlanyp deper ýeňsäňe" sözi hem, degişme äheňinde bize șol hakykaty öwredýär. Eden ÿagşylygyň ý... dowamy →
👤 Aixcam_nx📅 11.06.2026 / 16:56👁️ 71💬 3
Sözler+4
avatar
Oturan ÿeriňde hiç-haçan el gysyşyp salamlaşma. Arkaňda duran adamy gora, ÿanyňda duran adama hormat goÿ. Myhman bolan ÿeriňde nahary halamazlyk etme. Durmuş şeýle geñ... Iñ ýakynym diýip yörenleriňden alan ÿaralaryña ÿat adamlar derman bolÿar. Hemme kişi edÿän bolsa-da, Ÿalňyş asla dogry däldir... Söýgüňi aÿalyň bilen, Syrlaryňy bolsa ејеň bilen paýlaş! Käbir ynsanlary irden... Budilnigiň sesi... dowamy →
👤 Aixcam_nx📅 11.06.2026 / 17:12👁️ 69💬 3
Ahwal+5
avatar
Saňa bolan söýgim, duýýansyň, belki, Belki, görmezlige salýansyň senem. Bu söýgim içimde gülledi, çünki, Aýtmaga gurbatym, çatmady meňem. Ahyrsoňy, sessiz söýgim seslendi. Beýan etdim saňa, ýyllaň ahmyryn. Bir pursatlyk dünýäm, duýga beslendi, Pikriň duýmak, ajaýypdy a:hyryn. Jogap berdiň maňa, sada - sypaýy, Pikir etdim, duýgularmyz kybapdaş. Men-ä düşünmedim, nämäň ahwaly — Ne "bor" diýdiň, ne "ýok" diýdiň, klasdaş.... dowamy →
👤 MaD_B📅 03.06.2026 / 17:39👁️ 94💬 2
Durmuş romany+2
avatar
Durmuş romany. Bu hupbatly durmuş romanyny beýan edip näçe ýazsañ ýazybermeli. Durmuş – durşuna baýlyk, ol baýlygy gazanmaga synanyşmaly. Durmuş — durşuna roman. Onuň sahypalary syrly sowallar, agyryly hakykatlar, gyzykly başdan geçirmeler, ýakymly ýatlamalar bilen ýazylýar. Söz sungatyna bolan söýgi ynsanyň kalbyna köplenç iň dury pursatlarda — tebigat bilen ýeke galyp, ýyldyzlaryň astynda sözleşen wagtlaryňda döräýä... dowamy →
👤 Gerceknazar📅 10.06.2026 / 18:07👁️ 48💬 1
Ýyldyza öwrülen gyzjagaz /hekaýa+1
avatar
ÝYLDYZA ÖWRÜLEN GYZJAGAZ Saçlary buýra-buýra, kirpijikleri uzynja, garaja gözli, çekgesi pökgüje, akja posalajyk bu gyzjagaz bir ýaşyny dolduranynda edil gurjaga çalym edýärdi. Çaga dogulanynda maşgalada nähili şadyýanlyk döreýän bolsa, bir ýaşanynda ondan hem köpräk guwanýarlar. Çaga hiç zady aňlamasa hem oňa sowgat berýärler, mähirli hoşamaý sözler aýdýarlar, ogşap-ogşap gutlaýarlar. Allatagaladan onuň üçin bag... dowamy →
👤 Saparow📅 10.06.2026 / 20:48👁️ 56💬 1
Nobatguly Rejebowdan+5
avatar
Nobatguly, kim sen? Kim sen aslynda? Asmany ataşmy gursakdaky ot? Pýedestal bar dabanyñyñ astynda, A üstüñde haýkyryp dur eşafot! Nebir ýaşadyñ sen, nebir ýazdyñ sen, Nebir söndüñ, Ne-de alawlap ýandyñ. Ýapyşak deý gelniñ kalbynda galan — Ne dogulýar, Ne-de ölýär talantyñ! Sen gijeler dünýäñ agysyn aglap, Gündizlerne kyldyñ şagal mesligin. Mansur Hallajy deý ölmäge gorkup Gursakda jaýladyñ betbagt masly... dowamy →
👤 MaD_B📅 31.05.2026 / 08:52👁️ 89💬 3
JESET OGRUSY. 3-nji bölüm+2
avatar
[b]Oba barýançam müner ýaly Meret aga atlarynyň birini berdi. — Aty arçynyň öýünde goýaý,ertir oba barsam alyp gaýdaryn-diýip,Meret aga mele uýanyny elime tutdyrdy — Meret aga,näme bolsada gije tutlyga girmäň! Her zat bolmagy mümkin.Ynha meň telefon nomerimi belläp al.Birden bir üýtgeşme bolsa maňa jaň eder ýaly-diýip,Meret aga telefon nomerimi berdim.Onuň nomerini hem özüm belläp aldymda,hoşlaşyp,tutlygyň içindäki ýol... dowamy →
👤 афганка📅 10.06.2026 / 12:40👁️ 52💬 0
Ilkinji edebiýat birleşmämiz ☺+11
avatar
Salam gadyrdanlar! Ine, ahyrsoňy biz ahallylaryň hem özbaşyna edebiýat birleşmesi bar. Menem bu gün ilkinji edebiýat birleşmämizde bolup geçenleri gyzyklanýanlara gysgaça beýan etmekçi. Duşuşyga bellenen wagtdan ýarym sagat giç baranlygym az ýaly, erkin döredijilik mekanynyň dogry girişini tapmanam ep-esli eglendim. Umuman men islendik ýere baranymda dogry girişi tapsam boýnumdan medal asmaly. Dogry girişini tapýan iki sa... dowamy →
👤 Belki📅 31.05.2026 / 03:00👁️ 189💬 5
Ýatla meni...+9
avatar
Bagyşla, men seni unudup bilemok, Unutmagmy isleseň-de her gezek. Gün-günden sa:lgyma öwrülip barýan, Iň bolmanda, ýatla meni bir gezek. Ýagyş ýagsa ýatla, gar ýagsa ýatla, Ýapraklar saralyp, güýz gelse ýatla. Ýatlaber, ýüregiň darygan çagy, Iň bolmanda ýylda bir gezek ýatla. Bilýän, indi ykbal duşurmaz bizi, Ýollarmyzy gabat getirmez pelek. Men-ä hiç-haçanam unutman seni, Senem meni ýatla, ýylda bir gezek. 27.12.2025.... dowamy →
👤 MaD_B📅 10.02.2026 / 14:13👁️ 139💬 4
Siz+4
avatar
Näme üçin adama sylag bilen ýüzleneňde «Siz» diýip ýüzlenilýär? Göräýmäne seň öňüňde ýeke täk adam duran bolsada. Siz diýip diňe köpçülige aýdylýar ahyryn, ýöne adam hem daşyndan göräýmäne ýeke ýaly bolsada, hiç bir adam ýeke däl. Kerimi Kurana görä her bir adamyň ýanynda oň şahsy jyny bilen şahsy perişdesi bolýar. Olaryň ikisi hem biziň pikirleniş proseslaryňyza goşulýarlar. Kellämizde döreýän pikirleriň aglabasy biziňki... dowamy →
👤 Minigim📅 20.05.2026 / 22:10👁️ 114💬 2
Türkmen boksçysy WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy+1
avatar
Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk 29-njy maýda Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde geçirildi. Çärä meşhur sport işgärleri, şol sanda Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň wise-prezidenti Otabek Umarow hem gatnaşdy. Imankuliýew garşydaşyny nokout edip, tutluşygy eýýäm birinji raundda möhletinden... dowamy →
👤 MaD_B📅 30.05.2026 / 10:19👁️ 70💬 1
Garry gyzyň ykbaly /hekaýa+4
avatar
GARRY GYZYŇ YKBALY Budilnigiň sesine oýandym. Sagat altyň ýary. Telefonymy açdym, gije hiç kim jaň etmändir. Wah, kim maňa gije jaň etsin? Tanyş-bilişler, işdeşler gije jaň etmeýär. El-ýüzümi ýuwup geldim, tikine oturdym. Agşamky sargydy taýýar etmeli, näme-de bolsa bir som, bir som… Maşinkany takyrdatmazlyga synanyp tikip başladym. Gelin giç uklapdy. Bir däl, iki sany kiçi çagasy bar. Ýarym sagat dagy tikdim, how... dowamy →
👤 Saparow📅 23.05.2026 / 21:23👁️ 143💬 4
Ene we ogul.+5
avatar
Men gürrüň bereýin, Gulak goý senem. Hiç haçan adymy. Tutmazdy enem. Köçelerde oýnap, oýnap günuzyn. Gelemde diýerdi: Açsyn sen guzym. “Köşegim” diýerdi, diýerdi “iner”, Diliňize gurban Bolsaň eneler! -Eje! – diýenimde, Diýerdi “jana!” Nan salyp, okuwçy, Mata bukjama, Meni ýatymlyga ugradýan dek ol Diýerdi “sag git-de, sag-amanja gel!” Fronta ugraljak Şol agyr günem, Meniň öz adymy tutmady enem . Goşhaltama salyp Tap... dowamy →
👤 афганка📅 16.05.2026 / 14:03👁️ 78💬 1
<< 1 2 3 4 5 6 ... 82 >>
Jemi: 1633 mowzuk
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->