Ýürekdeş sözler!
Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi
Şygyryýet dünýäsi
OWADAN ENÄNIÑ OWADAN GYZY!+6
[bg=#ffffff][b][color=#454545]
Sen tomusda bahar bolup sataşdyň,
Bir mylaýym howa doldy içime.
Bagtlylaryň hataryna gatyşdym,
Alkyş aýdyp seni dogran ejeňe.
Gyzyl-dörjük edip arzuwlaň için,
Ýedinji gatyna uçdum-da gögüň,
Ganat beren gyzy dograny üçin
Ejeňi ýene-de alkyşlap ýörün.
Seňem söýmegiňi bildim gazanyp
(Eý-ho!
Söýülmekde ýedi jennet bar!).
Maňa aşyk boljak gyzy doguran
Ejeňe müň...
Ýok, millionlap minnetdar!
Yk...dowamy...
Daniel (24.11.2025 / 15:19) okaldy (131) teswirler (0)
Eje...+3
Eje, ogluñ söýülmek isleýär
Diñe men söýýän, olar söýmeýär
Eje, ynan señ ogluñ erbet däl
Muny sen bilýäñ, olar bilmeýär.
Eje, ogluñ ýylanmak isleýär
Hemme ýerden ýylylyk gözleýär
Eje, ogluñ mähriñi isleýär
Gün ýylysy ogluña ýetmeýär.
Eje, senden başga perişde ýok
Melek diýenlerim şeýtan çykýar
Eje, ogluñ dogry ýol bilenok
Ýalñyş ýola girip kän azaşýar.
Eje, ogluñ ýenede aglaýar
Gözünde ýaşyn saklap bilmeýär
Eje, ogluñy...dowamy...
Eje, ogluñ söýülmek isleýär
Diñe men söýýän, olar söýmeýär
Eje, ynan señ ogluñ erbet däl
Muny sen bilýäñ, olar bilmeýär.
Eje, ogluñ ýylanmak isleýär
Hemme ýerden ýylylyk gözleýär
Eje, ogluñ mähriñi isleýär
Gün ýylysy ogluña ýetmeýär.
Eje, senden başga perişde ýok
Melek diýenlerim şeýtan çykýar
Eje, ogluñ dogry ýol bilenok
Ýalñyş ýola girip kän azaşýar.
Eje, ogluñ ýenede aglaýar
Gözünde ýaşyn saklap bilmeýär
Eje, ogluñy...dowamy...Megalodon (22.11.2025 / 20:56) okaldy (118) teswirler (1)
Saña aşyk boldum men.+2
Bildim, adyñ kök urupdyr akyl-oýuma, Ýerdäki melek ol, güller seriñ ýoluna, Gözleriñ kybapdaş asmandaky aýyma, Göýä aý perisi, saña aşyk boldum men. Saçlaryny sypap geçer sähelçe şemal Señ yşkyñda ýanan mertde galmady mejal Sen al janym, sen bolaýda maña täk ajal Meni menden alan, saňa aşyk boldum men Allahym nurun seçipdir seniñ ýüzüñden Gaşlary hem ýaý deý geçen akja ýüzünden Çyn bagt näme görüp bolýar se...dowamy...
Bildim, adyñ kök urupdyr akyl-oýuma, Ýerdäki melek ol, güller seriñ ýoluna, Gözleriñ kybapdaş asmandaky aýyma, Göýä aý perisi, saña aşyk boldum men. Saçlaryny sypap geçer sähelçe şemal Señ yşkyñda ýanan mertde galmady mejal Sen al janym, sen bolaýda maña täk ajal Meni menden alan, saňa aşyk boldum men Allahym nurun seçipdir seniñ ýüzüñden Gaşlary hem ýaý deý geçen akja ýüzünden Çyn bagt näme görüp bolýar se...dowamy...Megalodon (22.11.2025 / 20:50) okaldy (109) teswirler (0)
Dileg+6
Lukmanlara köpüräjik boş wagt,
Aşyklara köpüräjik hoş wagt.
Topragymyz ýarylmasyn, tozmasyn,
Sagat ne-hä ozsun, ne-de ozmasyn.
Goý, delfinler gürläp bilse,gürlesin,
Ýöne gürläp, dosta hile gurmasyn.
Jübiniň agramy manysyz bolsun,
Her kesiň päliniň wysaly gelsin.
Bagtyň paýlanşygy bolan wagtynda,
Artyk almaweri laýyk bagtyňdan.
Öýüňizden myhman bary çykmasyn,
Gelinlerňiz gaşlaryny çytmasyn.
Azyrajyk bolsun çörek noba...dowamy...
Mizan (22.11.2025 / 20:08) okaldy (103) teswirler (0)
ENE GUŞUŇ NALASY+11
Balam, aý-gün geçdi, bermediñ gara,
Gorkýan men, boldummy mañlaýygara?
Nirelere gitdiñ, uçurym bolduñ,
Eneñ gözlerinden ýitirim bolduñ.
Ýoluñda bolmasyn howp ýa hatarlar,
Senden uzak bolsun bela-beterler.
Men nägünlik bilen ekledim seni,
Ganatlarym gerip sakladym seni.
Ýelden ýelpäp, günden gorap ulaltdym,
Ýaman sözden, gözden gorap ulaltdym.
Aşyp belent dagyñ kemerlerinden,
Sowuk çeşmeleriñ çogýan ýerinden.
Agzymda...dowamy...
Gulmahrem (18.11.2025 / 14:42) okaldy (108) teswirler (0)
Gelniñ gowy bolanda+6
Erkek asla garramaz,
Gelniñ gowy bolanda.
Del ýerlerde ýerlemez,
Gelniñ gowy bolanda.
Gyşyñ geçer ýaz ýaly,
Günúñ geçer ýag ýaly,
Bir miweli bag ýaly,
Gelniñ gowy bolanda.
Öýüñ köşkdir galadyr,
Mydam iými saladyr,
Iýýän nanyñ halaldyr,
Gelniñ gowy bolanda.
Nepi deger nesliñe,
Dolanarsyñ aslyña,
Söz ýetmeýär waspyna,
Gelniñ gowy bolanda.
Tämizdir öý iç-daşy,
Taýyn mydam biş-düşi,
Razy bolar başdaşy,
Gelniñ gowy bolanda...dowamy...
Erkek asla garramaz,
Gelniñ gowy bolanda.
Del ýerlerde ýerlemez,
Gelniñ gowy bolanda.
Gyşyñ geçer ýaz ýaly,
Günúñ geçer ýag ýaly,
Bir miweli bag ýaly,
Gelniñ gowy bolanda.
Öýüñ köşkdir galadyr,
Mydam iými saladyr,
Iýýän nanyñ halaldyr,
Gelniñ gowy bolanda.
Nepi deger nesliñe,
Dolanarsyñ aslyña,
Söz ýetmeýär waspyna,
Gelniñ gowy bolanda.
Tämizdir öý iç-daşy,
Taýyn mydam biş-düşi,
Razy bolar başdaşy,
Gelniñ gowy bolanda...dowamy...MaksatH (18.11.2025 / 09:01) okaldy (191) teswirler (2)
Eý biwepa nämä dymýaň sen bu gün+4
Eý biwepa nämä dymýaň sen bu gün Ýalan wadaň bilen ýakdyňla meni, Ilden artyk söýmänmidim men seni Ýalan sözleň bilen ýakdyňla meni. Käşkä bir sen maňa hiç duşmasadyň, Seniň guran duzagňa men düşmesedim. Bilmedim näme boldy ýanyp hem bişdim, Biwepa wadaň bilen ýykdyňla meni. Hany nirede seň,beren wadalaň, Ýada unutdyňmy geçen ýodalaň?. Sadalygmy bilip,ýalan yşk bilen aldadyň, Ýalan söýgiň bilen sökdüňle men...dowamy...
Vector_Pro (12.11.2025 / 17:42) okaldy (151) teswirler (2)
ÝÜREK POEMASY+6
[color=#454545][b]
«Pylanynyň ýerinde bolan bolsam, köp zatlary düzederdim… Ýok, her haýsymyzyň öz ornumyzda näme iş edip biljekdigimiz hakynda oýlanmalydyrys. Men näme üçin doguldym? Adamyň bütin ömri şu soragyň jogabydyr».
(Okyja hatdan)
Bir başyň bar, müň işiň bar dünýäde,
Müň şükür! Ýykylyp galmaýşyň besdir.
Baryna ýetmeli paýy-pyýada,
Tigirçek hökman däl –
Şu köwşüň besdir.
Bir köwşüň tozdumy – ýene bir köwüş,
Iki...dowamy...
Daniel (11.11.2025 / 09:23) okaldy (150) teswirler (1)
EJEMJANY GÖRMEK ISLÄP... ( POEMA)+3
[bg=#454545][color=#ffffff][b]
Hepde soňy dem alyşlyk .
Men bolsa elewräp barýan.
Uzak - uzak ýollar söküp ,
Ejemi görmage barýan .
Işde hars- hars eden bolup ,
Pikrim ýolda eňip barýan .
Işçileriň soraglarny,
"- Ladno" diýip ýeňip barýan .
Iş gutarar-gutarmazdan,
Hasanaklap basyp barýan .
Demir ýola bakan ylgap ,
Köçeleri asyp barýan ..
Garyn kar- kar ses etsede ,
Dişim pugta gysyp barýan .
Aldan gelýan adamlary ,
Ök...dowamy...
Daniel (07.11.2025 / 21:21) okaldy (133) teswirler (0)
SOÑLANMADYK HEKAÝA +4
[bg=#454545] [color=#ffffff][b] Yşk ýoluna ýeke çykdym nädeýin?! Arzuwlardan asmanymy bezedim. Gussa basan günlerimi gädeýin, Söýgiň okun gursagymdan gezediň. Sap duýgymyň sarsylmajak gaýasy, Dünýäme giripdiň şol gün ýagyşda. Deňdi maňa asman zemin arasy, Bakyşlarym bakyşlarňa çakyşsa. Wah duýmadyň nalalarmyň sesini, Syrdan doly didelerim sem galdy. Dogulmadyk söýgiň tutdum ýasyny, Meň içimde gutarnyksyz...dowamy...
Daniel (07.11.2025 / 20:51) okaldy (150) teswirler (1)
OÝLANMA... +3
[bg=#ffffff][color=#454545] Oýlanma Elime telefony alyp sagada seretdim 2:15, ÿatjak diÿip düšegime geçenime 3 sagat töweregi bolupdyr. Eÿläk-beÿläk öwrülip,hiç ÿatyp bilemok... Bar endam-janym ot ÿaly ÿanyp barÿa, gyzgynymyñ galÿanyny bildim ( dümewläp ÿördüm). Telefonuñ yšygyna dermanymy tapyp içdim. Adatça bir-iki aÿdym diñläp ,uklap galÿadym,yene šeÿdeÿin diyip naušnigi gulagyma dykdym. Ilkinji açan aÿdymy...dowamy...
Daniel (06.11.2025 / 10:18) okaldy (147) teswirler (0)
ÝOKLUGYÑY GÖRKEZMESIN!+9
Yşgym-yşgyñ deñlemesi.
Seniñ çözmeli deñlemäñ.
Dogrulygyñ çözgüdin tap
Jogapsyz halym geñlemän.
Öwür-çöwür meseläni,
Duýgularmy ýaýa gapla.
Köpelt-azalt, aýyrda-goş,
Söýýänligim ýatda saklap.
Soñra bolsa deñlik goý sen,
Amal eden jemligiñe.
Ykbal hasabyñ edeñde
Sala salma çem gelene.
Garalama saýma göwnüm,
"Barlag" depder ýaly aýa.
Gadyrly bolarmyş bagtam,
Öz wagtyndan gelse haýal.
Ýañaklarmy ezen çagym,
Garaşmaklyk n...dowamy...
Daniel (06.11.2025 / 09:19) okaldy (177) teswirler (3)
KEMSINME, EZIZIM!+8
Kemsinme, ezizim,
Kemsinme asla,
Geýýän geýimleriň sadalygyna.
Seni söýgim bilen bagryma basýan,
Melul men gözleriň jadylygyna.
Kemsinme, ezizim, durmuşda häli
Meň kärim utulmak,
Utup bilemok.
Hem käbir işewür adamlar ýaly,
Arzan alyp, gymmat satyp bilemok.
Kemsinme, ezizim, berme gama ýan,
Ir-giç seniň sargydyňy bitirin.
Häzir men bergimi üzmäge barýan,
Soň saňa köýneklik mata getirin.
Maňlaýdan der saçyp,
Dilden dür...dowamy...
Gulmahrem (05.11.2025 / 11:05) okaldy (132) teswirler (1)
KÄBÄM!+6
Waspyña şygyrlar ýazasym geldi,
Dert başymdan agyp geçdi-le käbäm!
Dostlaryñ ahwaly gijiräk belli,
Köp kişi ynamdan gaçdy-la käbäm!
Mätäjem öwüt ber sypap saçlarym,
Sen bar ahyr özgä syrym açmaryn.
Baglarda saýran nije guşlaryñ,
Gadyry bilinmän, uçdu-la käbäm!
Çarhypelek bat berdi-de çarhyna,
Aýlady daşyma gamdan çarçuwa,
Yrýa saýdym yş görünse şam çyra,
Eregen şem bolup, öçdü-le käbäm!
Baglar güllese, galkynyp göwnüm...dowamy...
Gulmahrem (05.11.2025 / 10:50) okaldy (120) teswirler (0)
GÜÝZ GEÇMESIN!+3
Tylla tarlaryny çözläp çar ýana,
Duýguçyl ýüregi salar lerzana,
Neneñ gözel görnüş -ýapraklar täne,
Çeker köñle kämilligiñ keşdesin,
Goý, bu güýzler hiç geçmesin, geçmesin!
Gül güýzüm,gujagy lälezar güýzüm,
Jadyladyñ,sende näme bar güýzüm?
Ömür kitabynyñ sahabyn düýrüp,
Bagt serpaýly günler basym ötmesin,
Goý, bu güýzler hiç geçmesin, geçmesin!
Ýassanyp ýarym-ýaş döken baglara
Sergezdan ýellere keýpim çaglaýa,
Men ýañad...dowamy...
Daniel (05.11.2025 / 09:43) okaldy (141) teswirler (1)
"KAKAMYŇ GYZY"+4
Uzaklara dikip gamgyn nazarym,
Hasaplaýan gussalarmyñ çakyny.
Men hazir şeyle bir göresim gelýä,
Eli pilli ýer agdarýan kakamy.
Çagakam hemmeler sorardy menden,
Sen ejeñ gyzymy ýa kakañ gyzy.
Şol soragy häzir maña berseler,
Pikirlenmän diýjek: "Kakamyñ gyzy!"
Mahal-mahal gazma dutar heñ eder,
Gezekleşip dişlärdik oñ sapyndan.
Sen saz çalyp ýeñledipsiñ ýüregñi
Oýlanmadyk sen ýüregiñ hakynda.
Maý tapaýsañ çalyp altyn bir...dowamy...
Gulmahrem (01.11.2025 / 09:28) okaldy (146) teswirler (2)
TOÝ ETSEM, SAŇA AÝTMARYN+6
Toý etseň, maňa aýtma...
(Aýdymdan)
Meni jan-dilden söýüpdiň
Indem söýmersiň öýtmerin.
Toý etseň «Aýtma» diýipsiň,
Toý etsem, saňa aýtmaryn.
Çykyp yşkyň meýdanyna,
Ynanyp seň idäniňe,
Zar bolsam-da didaryňa
Toý etsem, saňa aýtmaryn.
Seret, söýgüde bir şert bar,
Yşga düşen kişi mert bor,
Aýtsam, dert üstüne dert bor,
Toý etsem, saňa aýtmaryn.
Ykbala bagty bagladyp,
Duşmanyň keýpin çagladyp,
Çyn dostlary gan agladyp,
To...dowamy...
Gulmahrem (01.11.2025 / 09:05) okaldy (148) teswirler (1)
ÝUMRUK ÝALY NABAT+9
Syrkawladyň, ýaş gelindiň bäbekli,
Durmuşmy ýa kesel aldy haýyňy,
Hyk-çok edip, keşde çeken bolýardyň,
Agyrylaň beren wagty maýyňy.
Çagaňa-da mätäç bolduň şo günler,
Bileňokdyň eýläňe-de öwrülip,
Kakamam şol eklenç güzeran üçin,
Säher bilen çykyp gidýär sogurlyp.
Öýüň uly gyzy sekiz ýaşynda,
Çaý demleýär köýnegine çolaşyp,
Seň çaý içýän gök güllüje käsäňi,
Äkelýänçäk otyrardyň garaşyp.
Soramana gelip-gidýän goňşulaň,
Ý...dowamy...
FENX (30.10.2025 / 11:19) okaldy (177) teswirler (4)
Tebigatyň dört pasly!(gosgy)+0
Gyş,ýaz,tomus,güýz-ýylyň pasyllary, Her biriniň bar öz gözelligi,şatlygy Tebigat her paslynda bir öwrüliş, Kalby oýarýar,göwnüňi öwüşgin edýär. Güýz gelende mylaýym şemal öwüsýär, Sary ýapraklar tozana bolup sowulýar, Güýzde ýagyş hem ýürege aýdym aýytýar, Owadan bu pasyl-duýgy bilen oýarýar. Gyş ýetende agaçlar ýalaňaç galar, Garly howa tutuş dünýäni ak reňk bilen s...dowamy...
Талант (24.10.2025 / 18:22) okaldy (187) teswirler (1)
"Ölüm gapysy"(goşgy)+2
Bu dünýä şeyle bir çylşyrymly, Geçýaris-gidyaris yuwaş elden. Bir gün gelýär-ajalyň ýoly, Ýalňyz galyars ahyrynda biz hem.. Yzyňda yaş döker gözüň yaşlary, Unudylmaz ýaly bolup göze. Ýöne bir ýyl geçse wagtyň bardy, Ýatlarda galarsyň diňe ýüze. Ölüm yoly-gorkunç,garaňkydyr, Ol adamyň soňky yoludyr. Ölmez ýaly gezer her bir adam, Ýöne bary bir barmaly yer bar- Ölüm gapysydyr,gaçyp bolmayar.... Awtor:@Тал...dowamy...
Талант (22.10.2025 / 21:00) okaldy (435) teswirler (1)
Jemi: 501
Soňky teswirler
Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!
Üýtgeşik bir zat aýdyp, ýazyp orta çykyp gepläp bilmejegiňi bilýän. Türkmen telewideniýesinde okalýan goşgylary diňlär ýaly däl. Sen hem şolaryň...dowamy...