“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.ru - 👉 Tanyşlyk Chat 👈
💥New chat..🗨 - üstünden basyp çata girip bilersiňiz:)
Ýürekdeş sözler!
Relax : Saýlawy bar adam-bu hiç haçan dolandyrylmajak adamdyr.

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Şygyryýet dünýäsi
Mowzuk açmak
KÄBÄM!+6
Waspyña şygyrlar ýazasym geldi, Dert başymdan agyp geçdi-le käbäm! Dostlaryñ ahwaly gijiräk belli, Köp kişi ynamdan gaçdy-la käbäm! Mätäjem öwüt ber sypap saçlarym, Sen bar ahyr özgä syrym açmaryn. Baglarda saýran nije guşlaryñ, Gadyry bilinmän, uçdu-la käbäm! Çarhypelek bat berdi-de çarhyna, Aýlady daşyma gamdan çarçuwa, Yrýa saýdym yş görünse şam çyra, Eregen şem bolup, öçdü-le käbäm! Baglar güllese, galkynyp göwnüm...dowamy...
GÜÝZ GEÇMESIN!+3
Tylla tarlaryny çözläp çar ýana, Duýguçyl ýüregi salar lerzana, Neneñ gözel görnüş -ýapraklar täne, Çeker köñle kämilligiñ keşdesin, Goý, bu güýzler hiç geçmesin, geçmesin! Gül güýzüm,gujagy lälezar güýzüm, Jadyladyñ,sende näme bar güýzüm? Ömür kitabynyñ sahabyn düýrüp, Bagt serpaýly günler basym ötmesin, Goý, bu güýzler hiç geçmesin, geçmesin! Ýassanyp ýarym-ýaş döken baglara Sergezdan ýellere keýpim çaglaýa, Men ýañad...dowamy...
"KAKAMYŇ GYZY"+4
Uzaklara dikip gamgyn nazarym, Hasaplaýan gussalarmyñ çakyny. Men hazir şeyle bir göresim gelýä, Eli pilli ýer agdarýan kakamy. Çagakam hemmeler sorardy menden, Sen ejeñ gyzymy ýa kakañ gyzy. Şol soragy häzir maña berseler, Pikirlenmän diýjek: "Kakamyñ gyzy!" Mahal-mahal gazma dutar heñ eder, Gezekleşip dişlärdik oñ sapyndan. Sen saz çalyp ýeñledipsiñ ýüregñi Oýlanmadyk sen ýüregiñ hakynda. Maý tapaýsañ çalyp altyn bir...dowamy...
TOÝ ETSEM, SAŇA AÝTMARYN+6
Toý etseň, maňa aýtma... (Aýdymdan) Meni jan-dilden söýüpdiň Indem söýmersiň öýtmerin. Toý etseň «Aýtma» diýipsiň, Toý etsem, saňa aýtmaryn. Çykyp yşkyň meýdanyna, Ynanyp seň idäniňe, Zar bolsam-da didaryňa Toý etsem, saňa aýtmaryn. Seret, söýgüde bir şert bar, Yşga düşen kişi mert bor, Aýtsam, dert üstüne dert bor, Toý etsem, saňa aýtmaryn. Ykbala bagty bagladyp, Duşmanyň keýpin çagladyp, Çyn dostlary gan agladyp, To...dowamy...
ÝUMRUK ÝALY NABAT+9
Syrkawladyň, ýaş gelindiň bäbekli, Durmuşmy ýa kesel aldy haýyňy, Hyk-çok edip, keşde çeken bolýardyň, Agyrylaň beren wagty maýyňy. Çagaňa-da mätäç bolduň şo günler, Bileňokdyň eýläňe-de öwrülip, Kakamam şol eklenç güzeran üçin, Säher bilen çykyp gidýär sogurlyp. Öýüň uly gyzy sekiz ýaşynda, Çaý demleýär köýnegine çolaşyp, Seň çaý içýän gök güllüje käsäňi, Äkelýänçäk otyrardyň garaşyp. Soramana gelip-gidýän goňşulaň, Ý...dowamy...
Tebigatyň dört pasly!(gosgy)+0
Gyş,ýaz,tomus,güýz-ýylyň pasyllary, Her biriniň bar öz gözelligi,şatlygy Tebigat her paslynda bir öwrüliş, Kalby oýarýar,göwnüňi öwüşgin edýär. Güýz gelende mylaýym şemal öwüsýär, Sary ýapraklar tozana bolup sowulýar, Güýzde ýagyş hem ýürege aýdym aýytýar, Owadan bu pasyl-duýgy bilen oýarýar. Gyş ýetende agaçlar ýalaňaç galar, Garly howa tutuş dünýäni ak reňk bilen s...dowamy...
"Ölüm gapysy"(goşgy)+2
Bu dünýä şeyle bir çylşyrymly, Geçýaris-gidyaris yuwaş elden. Bir gün gelýär-ajalyň ýoly, Ýalňyz galyars ahyrynda biz hem.. Yzyňda yaş döker gözüň yaşlary, Unudylmaz ýaly bolup göze. Ýöne bir ýyl geçse wagtyň bardy, Ýatlarda galarsyň diňe ýüze. Ölüm yoly-gorkunç,garaňkydyr, Ol adamyň soňky yoludyr. Ölmez ýaly gezer her bir adam, Ýöne bary bir barmaly yer bar- Ölüm gapysydyr,gaçyp bolmayar.... Awtor:@Тал...dowamy...
Soygi...+0
Soygi guldur,Yesiri bolmaz... Soygi olumdir,Tabydy bolmaz... Soygi garypdyr,Coregi bolmaz... Soygi erbetdir,Menzesi bolmaz... Soygi komurdir,Kuli bolmaz... Soygi gosgudyr,Galamy dymmaz... Soygi oynakdyr,Yerinde durmaz... Soygi myhmandyr,Gapyda durmaz... Soygi coldir,Suwy tapdyrmaz... Soygi ummandyr,Denizi bolmaz... Soygi hakykatdyr,Yalany bolmaz......dowamy...
Ynam+2
Men ony goradym ýaman gözlerden, Jalaý ýigitleriň her garaýşyndan, Sowuk gybatlardan, sowuk sözlerden, Tükenmez ýyllaryň gara gyşyndan. Goradym göripleň gargaýyşyndan, Ýakynlarymdanam goradym ony. Goradym dostlarmyň ýylgyryşyndan, Hiç bir zada rowa görmedim ony. Bişişini synlap ullakan almaň, Şol uly alma-da gorkuly garap, Ony ähli zatdan goradym, arman, Özümi şol gyzdan bilmedim gorap. Han-ha, iňrik ýere ýazylyp barýa...dowamy...
"Dünyede her kimiñ öz gylygy bar..."+6
[i]Dünýede her kimiň öz gylygy bar, Oňatlary saýlap-seçgin — diýdiler. Edep-sypaýçylyk adamy bezär, Mydam gödeklerden gaçgyn — diýdiler. Diýişleri ýaly, gaçdym-da ýördüm, Gödekligem meni kowlap ýörmedi. Ol öňümden çyksa, ýüzüm öwürdim, Oň nä derdi — asyl gaty görmedi. Sypaýy diýlenler bolýar her hili Juda sypaýylar daşym aldylar. Duýman durka, kastlary bar ýaly, Sypaýlygmyň dulugyna çaldylar....dowamy...
Gutarylmadyk goşgy+7
Bu dünýede didaryňy görme ýok, Sataşmak ýok ikimize hiç haçan. "Oglum!" diýip, gujagyňy germe ýok, Senden gök asmany gabandy ajal. Ah, seni şeýle bir göresim gelýär, Bir alaç gözleýän bagrymy tüýdüp. Iň bolman düýşüme girsene, käbäm, Öňki ynjyklygmy birmahal goýdum. Delminip-delminip gitme yzyňa, Ýaýdanyp ukymyň goýalmagyndan. Maňa birje gezek dözümlilik et, Çekinme tisginip oýanmagymdan....dowamy...
Dünýe-ha owadan+8
Dünýe-hä owadan, Durmuş jadyly. Bir ömürde bu zatlardan ganmak ýok. Ýöne bolýan oýunlara syn edip, Özüň öňki özüň bolup galmak ýok. Namart merde sapak berer sakyrdap, Pes-beýiklik hakda gürlär oturar. Paýhas päki dek ýiti danalar Akmakdan utanyp derlär oturar. Düýnem ýaradana jort atyp ýören Bu gün selle oranandyr başyna. Sen diliňi dişläp, başyňy ýaýkap, Geň galarsyň onuň bolup ýörşüne. Bir gün geň gal...dowamy...
Edil düýn ýalydy+5
Edil düýn ýalydy. Ýaňy ýalydy, Sagadyň dillerin rehimsiz towlap Seň ýanyňa duşuşyga barýanym Ädimlerim bilen elhenç sakawlap. Paýtagtyň asuda köçelerinden Kä öňe ýörärdik, kä yza bakan. Şemal össe, tolkun atar durardy Sypaýy köýnegiň, sypaýy ýakaň. Bu ýerde hiç hili düşünmezlik ýok, Belki, şeýle bolmalydyr bu zatlar. Sen saga sowuldyň, Men bolsa çepe. Seni ençe ýyllap çykardym ýatdan. Ýöne agşam bir dü...dowamy...
Şöhrat+5
Şöhrat näme, bilemok, Ýaşap ýörün dünýäde. Gözüm açyp görenim Şu zemindir, şu asman. Gelin geldi uz ýaşynyp, Elinde tylla bada, Maňa oňat sözler diýdi, Saçym sypap bir zaman. Men oňa bar git diýdim, Işiň bilen bol diýdim. Işim başymdan agdyk Galamym iş küýseýär. Ol gözüni güldürdi. Gel, goýnuma dol, diýdi, Beýle gelin saňa aşyk Bolup gezer niçezar. Seniň saçyň sypaýyn Öpeýin gül ýüz...dowamy...
Ýaşlyk+6
Gazaply kazy deý, mydam başymda Sagat çot kakyp dur şyk-şyk-şyk. Düýnüň özem garaşýardym ýaşlyga, Bu gün bolsa, geçip barýar şo ýaşlyk. Bir zada düşünýän: şowhunly günler Al atymy çapyp ýören haladym, Öňümden çykana gül ýaşlygymy Hormat edip, sowgat kimin paýladym. Jomartlygym üçin «sagbolsunlara» Ýüzüm göge tutup göçer ýörerdim. Ýaşlygymy gerekmejek dostlara Hem boş söhbetlere seçer ýörerdim. Öwgülerde...dowamy...
Söýgi poemasy+6
I Oglanlyk döwrümdi. Söýdüm bir gyzy. Ýok, ýok, beý diýerden irräkdi heniz. Öz ýanymdan söýýän ýaly bolsam-da, Söýgim basdaşlykdan bärräkdi heniz. Okuwdan soň baha sanaşygynda Artyk, kem bolaýsa bir bäşligimiz. Söýginiň deregin basdaşlyk tutup, Bolmazdy yşk diýen mätäçligimiz. Şeýdip geçip gitdi oglanlyk döwrüm. II Jahyllyk döwrümdi. Söýdüm bir gyzy. Ol hem maňa söýýän ýaly bakardy. Emma za...dowamy...
Ykbal we ýazgyt.+2
Belki ykbal,belki durmuş yoludyr, Belki ýokdur nesibede görüşmek. Ýazgydymyz ýazylmasa bir daşa, Elde däldir ýazgyt bilen göreşmek. Senä isläp gitdiň,menem alaçsyz, Alaçsyz terk etdim içki dünýämi. Günäli men ýa-da senmi bilemok, Terk etdik biz başarmadyk söýmäni. Aradan aýyryp wagtyň serhedin, Unut,ýöne geçmişiňi otlama. Ömrüme pent bolsun ýeke haýyştym, Meni ýaman ýazyk bilen ýatlama. Awtor:Salyh Halmyradow...dowamy...
Men seni söýäýdim,söýaýdim öýtdýän+4
Men seni söýäýdim — Söýäýdim öýdýän, Soňky günler maňa bir zad-a bolýa. Begenmesiz zada begenip ýörün Hemem sähel zada keýpim bozulýa. Men seni söýäýdim — Söýäýdim öýdýän, Seni seredenden gabanyp ýörün. Käte seň ýanyňda egnimi gysyp, Kä donuma sygman gabaryp ýörün. Men seni söýäýdim — Söýäýdim öýdýän, Sen maňa birhili ýowuz görünýäň. Men seniň ýanyňa baryp bilemok Hem oňup bilemok saňa görünmän. Men s...dowamy...
Magtymguly Pyragy+6
Adam bolup adam gadryn bilmeýen, Ondan ýene otlap ýören mal ýagşy. Sözlegende, söz manysyn bilmeýen, Ondan ýene sözlemeýen lal ýagşy. Hudaýym saklasyn şerden, gahardan, Minnetli aş ajy bolar zäherden, Eý, ýaranlar, bir bazarsyz şäherden, Ondan ki bir guwlap ýatan çöl ýagşy. Her kimiň özüne Müsürdir jaýy, Ýadyndan çykmaýyr baýramy-toýy, Jan saglygyň bolmaz hiç deňi-taýy, Agşam ýatyp, ertir şükrün kyl ýagşy....dowamy...
Günleriñ bir güni menem ölerin+7
Günleriñ bir güni menem ölerin! Günleriñ bir güni menem ölerin, Umydym üzerin ýagty jahandan. Şol tabydym göterlende asmana, "Gowy adam": diýen boluñ ýalandan. Günleriñ bir güni menem ölerin, Zar çekip aglarlar kyrkyma çenli. Dost, dogan, garyndaş hemmesi üýşdi, Geliñ geçiñ töre çaýlaram demli. Ýöne mende dem ýok, jan çykdy tenden, Ana şol gün geldi, aglamañ goýuñ. Men siz üçin kimdim ýönekeý ynsan, Men...dowamy...
Jemi: 470
<< 1 ... 5 6 7 8 9 ... 24 >>

Soňky teswirler

Halal zähmet (tymsal)


Gowy tymsal :dovolen:...dowamy...
Erkin mowzuklar | Halal zähmet (tymsal)
Orazjan (Şugün, 18:16)

Gara tam — Birinji bölüm


"Adam aýrylsa huşundan, Gorkar ýatanda düýşünden..."...dowamy...

Ogul...


"Uly görün ýaşyňdan, Hormat gazan işiňden, Galman deň-duşundan, Uzak ýaşa ös ogul..."...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ogul...
Orazjan (Şugün, 18:01)

Gara tam — Birinji bölüm


Edil Rahman Zülfikarowyň stilinde ýazylan žanra gep ýok, dowamyny hem ýazan bolsaňyz goýsaňyz awtor...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gara tam — Birinji bölüm
Perhatsabirovv (Şugün, 17:34)

Aldamana oglana ýagşy... [pes goşga, Hak jogap]


Şu ýerde käbir adamlaryň bir häsiýetine haýran galýan.Mysal üçin, bir adam jaý gurluşygy bilmeýän bolsa, ussa ýüz tutýar. Özüniň şu ugurda hiç bi...dowamy...

Oraza baýramy


Metjidimizin ymamy Remezan,hachanda Remezan gutaranson bashlayar,namazda hachan iki egnine salam bereninden son bashlayar diyip wagyz edipdi shu...dowamy...

Oraza baýramy


Sagbolun sizinem tutan orazalarynyz eden dileg dogalarynyz kabul bolsun...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Oraza baýramy
Minigim (Şugün, 00:44)

Aldamana oglana ýagşy... [pes goşga, Hak jogap]


Göwnejaý gürrüň. Başarsaň, öwren we öwret. Başarmadyňmy, gep etme, şyltak atma....dowamy...

Halal zähmet (tymsal)


Örän gowy temany saýlap alypsyň. Halal zähmet çekip ýaşamalydygyny aýdypsyň. Emma özüňi mysal getirip aýytmansyň. Özüň halal zähmet çekip nämeler...dowamy...
Erkin mowzuklar | Halal zähmet (tymsal)
Mishel (Düýn, 22:48)

Heserdeş (oýlanma)


Tuweleme. Ay bul-a Nesilde cap bolandyr...Yaslygymyn baharyna gatnasmansynyz-la, agam. Yeke gitmeli boldum )...dowamy...
Erkin mowzuklar | Heserdeş (oýlanma)
Belki (15.03.2026 / 13:52)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->